Şu ýyl ikinjisi geçirilýän Orta Aziýada Yslam medeniýeti atly maslahata Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek ýer eýeçiligini edýär. Maslahat Yslam taryhy we medeniýeti merkezi bilen Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersiteti tarapyndan geçirilýär. Maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden Gyrgyzystan-Türkiýe Manas uniwersitetiniň rektory Sabahaddin Baljy, Yslam medeniýetiniň arkalaşyga esaslanýandygyny nygtap, Hudaýa şükür hiç kime minnet borjumyz ýok, atalarymyz bilen näçe öwünsek azdyr diýdi. Üç gün dowam etjek maslahatda Orta Aziýanyň Yslam medeniýetine goşan goşandy hakynda pikir alyşylar. Orta Aziýada Yslam medeniýeti atly maslahat ilkinji gezek 2007-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirlipdi.