17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ata Watanymyzyň welaýatlaryndaky täze desgalar.

Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze döwrebap awtoulag köprüsini ulanmaga bermek bilen bagly dabara boldy. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp, baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilen açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Şu waka mynasybetli köpri we onuň daş-töweregi baýramçylyga mahsus görnüşde bezeldi, konsert meýdançasynda dabara gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň, şäher ýakasyndaky ýaşaýjylaryň öňünde döredijilik toparlary çykyş etdiler, şonda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň gazanan belent üstünliklerini wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlandy.

Laýyk bir ýyl mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda gurlan we bu gün ulanmaga berlen awtoulag köprüsi çylşyrymly inženerçilik desgasy bolup durýar, onuň gurluşynda döwrebap we öňdebaryjy tehnologik çözgütler öz beýanyny tapdy, bu köpri has berk materiallary ulanmak arkaly guruldy, bu materiallar has agyr ýükleri götermäge ukyplydyr hem-de seýsmiki taýdan berkdir.

Bu köprüniň umumy uzynlygy 150 metre barabardyr, onda awtoulaglaryň her tarapa üç zolak boýunça gatnamagy göz öňünde tutuldy, köprüniň umumy ini 34,5 metre ýetýär. Derýanyň üstünden geçýän köprüniň ganatynyň boýy 7,5 metre barabardyr, munuň özi köprüniň aşagynda derýada gatnaýan kiçi göwrümli gämileriň bökdençsiz gatnamagyna mümkiçnilik berýär.

Hereketiň howpsuz bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, ortada bölüji jähekden daşgary, köprüniň iki tarapynda köprüden aşaklygyna düşýän ýa-da gapdaldan köprä çykýan ýollar arkaly awtoulaglara garşyklaýyn zolaga çykmazdan hereketiň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berýän eňňitli ýollar bar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda şunuň ýaly desgalaryň hili we ulanyş boýunça ölçegleri babatda ýokary talaplar bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda ulaglaryň gatnawynyň ähli görnüşlerini, şol sanda awtoulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar, ýol desgalaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler geçirilýär. Tutuş ýurdumyz boýunça ýokary tizlikli we ähli zerur ulgamlary bolan täze awtoulag ýollary gurulýar, bar bolan awtoulag ýollarynyň ählisiniň durky täzelenilýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz taryhyň dowamynda yklymda möhüm ähmiýetli söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär hem-de häzirki wagtda onuň halkara derejeli gatnaw boýunça eýeleýän orny has-da wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şoňa görä-de, dünýä ülňüleri gurulýan aňrybaş derejeli awtoulag ýollarynyň esasy häsiýetnamasy diýlip hasaplanýar, şol ýollarda inženerçilik desgalarynyň onlarçasy – döwrebap ulag aýrytlaryny, köprüleri we estakadalary gurmak göz öňünde tutulýar, bular awtoulag ýollaryna düşýän agramy azaltmaga we seýsmiki taýdan hem-de silden goralmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berip, hereketiň howpsuz bolmagyny kepillendirýär.

Ýeri gelende aýtsak ýakynda Türkmenistanyň möhüm ähmiýetli ulag geçelgelerinde, şol sanda Türkmenblaşy-Aşgabat-Farap awtoulag ýolunda bir bada awtoulag köprüleriniň 90-sy ulanmaga berildi we beýleki desgalar açyldy, şolaryň arasynda halkalaýyn ulag ýolunyň we Gämi şäherçesinde Aşgabat-Mary ýolunyň kesişýän ýerinde goşmaça ýol, “Gündogar-Günbatar” ulag geçelgesiniň Gämi şäherçesindäki bölegi, Garagum derýasynyň üsti bilen geçýän köprniň ýanynda goşmaça ýolwe Gämi şäherçesiniň Demirgazygyndaky köpri, Babarap şäherçesiniň ýanynda halkalaýyn ulag ýolunyň Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyndaky ýol bilen kesişýän ýerinde, halkalaýyn awtoulag ýolunyň Türkmenbaşy şaýoly bilen kesişýän ýerinde ulag üçin goşmaça ýollar we beýlekiler bar. Köprüleri, estakadalary we goşmaça ýollary gurmakda ulanylan gurluşlar häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Şunda amala aşyrylýan tehniki çözgütlerde ýurdumyzdaky howa we geologik şertler göz öňünde tutulýar.

Türkmenistan ulag ýollaryny diwersifikasiýa etmek boýunça syýasaty amala aşyrmak arkaly, şu ugurdaky işleriň giň gerimlidigini äşgär edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren wajyp ähmiýetli halkara başlangyçlary muňa aýdyň mysal bolup biler. Hususan-da, şunda BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamasyny döretmek baradakky gürrüň gidýär, şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda üstaşyr geçirmek we ulaglar bilen baglymümkinçilikleri öwrenmek göz öňünde tutulýar, munuň özi ahyrky netijede sebitiň örän uly ykdysady mümkinçiliklerinden peýdalanylmagyna hem-de parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy derejede durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösüşe ýardam bermegidir.

Ýewraziýa yklymynda ulag gatnawlaryny oňaýlaşdyrmak, täze söwda-ulag geçelgelerini döretmek boýunça anyk tekliplere garamak meselesi beýleki halkara forumlarynda, şeýle hem ýokary derejedäki duşuşyklarda orta atyldy.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda we welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan gurluşygyň ozal görlüp-eşidilmedik gerim bilen alnyp barylmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uly möçberli maksatnamalaryň amala aşyrylmagy we tutuş ýurdumyzyň çalt depginde ösdürilmegi bilen şertleendirilendigini belläp, döwlet Baştutanymyza halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak baradaky aladanyň döwletiň ileri tutýan wezipeleriniň derejesinde goýlandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

* * *

Türkmen halkynyň baş milli baýramynyň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde döwrebap sport binalarynyň ulgamynyň üsti ýetirildi. Şu gün bu ýerde 365 orunlyk täze sport mekdebi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu gezek şol ajaýyp sowgada “Suwçylar” atly iri ýaşaýyş etrapçasynyň ýaş türgenleri we ýaşaýjylary mynasyp boldular. Bu mekdep soňky ýyllarda Amyderýanyň boýundaky şäherde ulanmaga berlen sport mekdepleriniň altynjysydyr. Ozal şol mekdepler gür ilatly “Üçpunkt”, “Himiýaçy”, “Hywaly”, “Bahar”, “Amul” ýaşaýyş jaý toplumlarynda açyldy. Häzirki wagtda bu ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynda ýerli ilatyň müňlerçesi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Şolarda köp sanly sport ýaryşlary, şol sanda Türkmenistanyň çempionatlary geçirilýär.

Şanly sene mynasybetli birkemsiz bezelen döwrebap sport mekdebiniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylanlary wasp edýän aýdym-sazlar joşgunly ýaňlandy, ýaş türgenler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň saglygy we abadançylygy, ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň giň gerim bilen ösdürilmegi barada ýadawsyz alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Şu gün açylan sport mekdebi ozal welaýatda açylan şunuň ýaly mekdepler bilen birlikde, zehinlileri we has ukyplylary – türkmen sportunyň geljekki ýyldyzlaryny irki döwürden başlap ösdürip ýetişdirmek bilen bagly möhüm wezipäniň netijeli berjaý edilmegine ýardam berer.

Täze sport toplumy häzirki döwre mahsus bolan owadan binagärlik usuly boýunça guruldy, şunda tehnologik çözgütleriň netijeliligi göz öňünde tutulyp, döwrebap materiallar we gurluşlar ulanyldy. Ony “Guwanç” atly hususy kärhananyň gurluşykçylary gurdular. Şol gurluşykçylar Amyderýanyň boýundaky şäherde eýýäm ulanmaga berlen 365 orunlyk sport mekdepleriniň ikisini hem gurdular, şol mekdepleriň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen açyldy.

Döwrebap sport mekdebinde-de çagalaryň we ýaşlaryň beden taýdan ösmegi we olaryň sport boýunça ussat bolup ýetişmegi, sporta degişli ugurlar boýunça tälim berilmegi üçin ähli zerur şertler döredildi. Sport zallarynyň ikisi türgenleşik geçirmek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar we esbaplar bilen üpjün edildi. Ýylyň islendik döwründe bu ýerde woleýbol, basketbol, göreş, gimnastika, boks, agyr atletika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bolar. Türgenler üçin suwa düşülýän, geýip çalşyrylýan, dynç alynýan otaglar, lukmançylyk nokady bar. Bu ýerde türgenleşdirijiler üçin niýetlenen otaglar hem bar.

Ýyladyş we howany tämizlemek boýunça merkezleşdirilen ulgam arkaly binada howanyň degişli derejede saklanmagy üpjün ediler. Mekdebiň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga büreldi we yşyklandyryldy. Şu ýerde futbol, basketbol we woleýbol oýnamak üçin üsti açyk meýdançalar, ýeňil atletika bilen meşgullanýanlar üçin ýodalar bar.

Şu dabaranyň barşynda has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Türkmen Halylary-Halkara Serginiň Täsin Gymmatlyklary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanda Awstraliýanyň Ilçisi Işläp Başlady

syrach