14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

3-nji Iýulda Aşgabatda Ýokary Derejedäki Türkmen-Owgan Gepleşikleri Bolar

3-nji Iýulda Aşgabatda Ýokary Derejedäki Türkmen-Owgan Gepleşikleri Bolar

Oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli hökümet topary paýtagtymyza geldi.

Bu resmi sapar häzirki döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilen däp bolan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüler.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara bileleşigiň tagallalaryna mynasyp goşant goşýar. Goňşy döwletler, şol sanda Owganystan Yslam Respublikasy bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýar we bu ýurduň durmuş-ykdysady, medeni taýdan galkynmagyna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de beýleki iri halkara maslahatlarynda, şol sanda Owganystanyň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, durmuş we ynsanperwer meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly çärelerde öňe sürýän başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bar. Türkmen tebigy gazyny Günorta-Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda iberilmegine ýardam etjek täze ugur tutuş sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer we täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün eder. Turbageçirijiniň ugrunda elektroenergetika, ulag-aragatnaşyk we durmuş ulgamyna degişli dürli düzümleýin desgalar gurlar. Mundan başga-da, Owganystan tebigy gazy öz çäginiň üstünden geçirmek bilen ägirt uly peýda gazanar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurtlarymyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ähmiýetini bellemeli. Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň gurulmagyny mysal hökmünde getirmek bolar. 2016-njy ýylyň noýabrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda möhüm desganyň açylyş dabarasy boldy. Geljekde bu ýol sebit we halkara möçberde ulag-üstaşyr ugurlaryň möhüm bölegine öwrüler.

Ýurdumyz owgan halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşa bolan meýillerini goldap, Owganystana ýeňillikli nyrhlarda elektrik energiýasyny we suwuklandyrylan gazy ugradýar hem-de goňşy döwletde durmuş ulgamyna degişli desgalary, hususan-da, saglygy goraýyş we bilim ähmiýetli binalary gurýar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlar boýunça owgan talyplary bilim alýar.

Garaşylyşy ýaly, ýokary derejede geçiriljek türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine ikitaraplaýyn hem-de abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň, ozaly bilen bolsa BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy giriziler. Iki goňşy ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary we uzakmöhletleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Mahlasy, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary netijeli syýasy gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, dost-doganlyk gatnaşyklary arkaly bagly iki döwletiň we halklaryň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Sirkindäki Haýwanlaryň Arasynda Aşnajyk Atly Burma Şahly Umga Aýratyn Meşhurlyk Gazandy

Talyplaryň Futzal Ýaryşy Tamamlandy

Türkmenistan Fotosuratlary 6

turkmenhabargullugy