15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

2017-nji Ýylyň Giriş Möwsümi: Täze Mümkinçilikler, Ýakyn Perspektiwalar

2017-nji Ýylyň Giriş Möwsümi Täze Mümkinçilikler, Ýakyn Perspektiwalar

Ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Däp bolşy ýaly, 2017-2018-nji okuw ýylynda hem täze ýokary okuw mekdebi açyldy. Paýtagtymyzyň Abadan etrabynda Jemagat hojalygy instituty ilkinj talyplaryna gapysyny giňden açar, ol bu pudaga gerekli hünärmenleri taýýarlar. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdebini abadanlaşdyrmak, okuw we kömekçi otaglary enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Jemagat hojalygy instituty açylyşa taýýarlyk görýärkä, oňa okuwa girmäge dalaşgärlerden resminamalar Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda kabul edilýär. Olar giriş synaglaryny-da şu ýerde tabşyrarlar. Jemagat hojalygy institutynda 7 ugurdan 12 hünär boýunça hünärmenler taýaýrlanylar. Mysal üçin, „gurluşyk we binagärlik“ ugrundan dört hünär: gozgalmaýan emläge ekspertiza we ony dolandyrmak; gara ýollaryň, köprüleriň we tonneleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlaýylyşy; ýylylyk-gaz üpjünçiligi we wentilýasiýa; suw akdyryjy we suw serişdelerini goramak ýaly ugurlar bar.

„Pudagyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy“ ugry boýunça iki hünär: (ykdysadyýet we dolandyryş; buhgalterçilik hasabaty we audit, özem ugurlaryň ikisem jemagat hojalygy ulgamynyň özboluşlylygyna görä) we „kompýuter tehnologiýalary“ iki hünär boýunça (maglumatlar ulgamlary we tehnologiýalry; inženerçilik ulgamlary we setleri) ýaly hünärleri teklip edilýär.

Tehnologiýa maşynlary we enjamlary (göteriji-ulag, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary); energetika (elektrik üpjünçiligi); dizaýn (binagärlik gurşawynyň dizaýny); ýaşaýy jaý-durmuş howpsuzlygy, tebigat-abadanlaşdyryş we daşky gurşawy goramak (tehnosfera howpsuzlygy) ýaly ugurlardan hem bir hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylar.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty-da täze ugurlaryň dördüsini teklip edýär. Bu ýerde ilkinji gezek howa ulagynda ýükleri daşamak we olary dolandyrmak; portlaryň ýük ýükleýji enjamlaryny we ulag terminallaryny ulanmak; maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary; telekommunikasiýa ulgamalrynyň maglumat howpsuzlygy ugurlaryna okuwa kabul edilýär.

Ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerine resminamalar iýulyň ahyryna çenli kabul ediler. Türkmen döwlet medeniýet instituty, Türkmen milli konserwatoriýasy, Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasy ýaly döredijilik ýokary okuw mekdeplerinde synaglar beýlekilerden ir tamamlanar.

Ýurdumyzda diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem sebitlerde-de hünär berýän okuw mekdepleri bar. Türkmenabat şäherinde S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Maryda Türkmen döwlet energetika instituty, Daşoguzda Türkmenistanyň oba hojalyk instituty bar.

Sebitleriň ählisinde orta hünärment okuw jaýlary bar. Olaryň hersiniň dalaşgärlerden resminamalaryň kabul etmegiň we synag geçirmegiň özbaşdak möhletleri bellenilen.

Degişli makalalar

Seýdiniň Nebti Gaýtadan Işleýän Zawody Ýyllyk Tabşyrygy Artygy Bilen Ýerine Ýetirdi

turkmenhabargullugy

İkamet Süreçlerini İl Müdürlüğüne Gitmeden Takip Edebilirsiniz

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary