6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

„Daşoguzsyýahat“ Tanymal Bagşylaryň Ady Bilen Baglanşykly Ýerlere Syýahat Guraýar

„Daşoguzsyýahat“ Tanymal Bagşylaryň Ady Bilen Baglanşykly Ýerlere Syýahat Guraýar

„Daşoguzsyýahat“ döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň hünärmenleri bagşyçylyk sungaty bilen baglanşykly gezelenç ugurlaryny işläp taýýarladylar. Sebitiň myhmanlaryna Daşoguz şäherinde ýerleşýän ýurdumyzda ýeke-täk bagşylar muzeýine baryp görmegi, dana alym Aşyk Aýdyň piriň Ruhubelent etrabynda ýerleşýän aramgähine zyýarat etmek ýa-da Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýän Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň öý-muzeýine gezelenç teklip edýärler.

Bu medeni ugurlaryň her biri tanymal bagşy-sazandalaryň terjimehaly we olaryň ömür-döredijiliginiň özbouşly maglumatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ady Gündogaryň rowaýatlarydyr hekaýatlarynyň ençemesinde ýatlanylýan Aşyk Aýdyň piriň aramgähi sebitde iň köp zyýarat edilýän ýerleriň biridir. Bu ýere gadymyýeti halaýanlardyr syýahatçylar bilen birlikde döredijilik adamlary, şol sanda şahyrlar, bagşylar, sazandalar zyýarat edýärler. Köpsanly syhatçylar aramgähiň golaýyndaky Aşyk Aýdyň pire we türkmen dutaryna bagyşlanan heýkellere-de sapar edýärler.

Daşoguzyň Bagşylar muzeýinde „Zenan bagşylar“, „Sazandalar“, folklor, „Bagşylar“, „Gyjakçylar“ we başga-da ençeme bölümler hereket edýär. Olar sebitde aýdym-saz sungatynyň ösüşiniň bir asyrdan gowrak döwrüni öz içine alyp, Magtymguly Garlyýew, Nazar baga, Öre Şyh ýaly bagşylaryň hem-de Ilaman Annaýew, Tüýli Otuzow, Bally Mätgeldiýew ýaly olaryň ýoluny dowam edenler, şeýle-de häzirki wagtda at alan bagşylar barada gürrüň berýärler.

Daşoguz welaýatynda ozal meşhurlyk gazanan Akjagül Myradowa we Sülgün Meretgeldiýewadan başlap, häziki döwürdeşlerimiz ýaly tanymal bagşy zenanlara aýratyn bölüm berlipdir. Muzeýiň beýleki bölümlerinde welaýatyň çäginden daşarlarda-da tanalýan gyjakçylardyr tüýdükçiler barada gyzykly maglumatlar toplanylypdyr. Muzeýde aýdym-saz sungatyna bagyşlanan 2000 sany dürli edebiýatlar we 800 eksponat bolup, olaryň arasynda dutardyr gyjak, gopuzdyr tüýdük we beýleki milli saz gurallary bar.

Magtynguly Garlyýew adyndaky öý-muzeýde-de taryhy-medeni ähmiýetli zatlar kän. Ol bagşynyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli onuň adyny göterýän geňeşlikde gurulypdy. Muzeýiň köpsanly eksponatlarynyň arasynda onuň terjimehalyna degişli we arhiw resminamalary, gazet makalalarydyr kitaplar, gymmatly fotosuratlar, patefon, gramplastinkalardyr bagşynyň egin-eşikleri bar. Muzeýdaki gymmatly zatlaryň biri-de Magtymguly Garlyýewiň dutary we onuň hemişelik sazandasy Sapar Bekiýewiň gyjagydyr.

Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamaga we ösdürmäge, onuň maddy-tehniki binýadyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sebitleriň myhmanhana ulgamynyň kämilleşdirilmegi-de syýahatçylary çekmäge ýardam edýär. Mysal üçin, birnäçe ýyl mundan ozal bina edilen 350 orunlyk döwrebap „Daşoguz“ myhmanhanasynda myhmanlaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen.

Onuň ýedi gatlyk binasynda köp sanly bir, iki we maşgala otaglaryndan başga-da, has amatly we kaşaň otaglar bilen birlikde 150 orunlyk maslahatlar zaly, ýapyk howdan, kafe we restoran, dükanlar lukmançylyk we fitnes bloklary we beýlekiler bar. Onuň töweregi abadanlaşdyrylan, ösümliklerdir çüwdürimler onuň görküne görk goşýarlar. Bu ýerde gezelenç zolaklary, sport meýdançalary we ulag duralgalary bar. Myhmanhanada „Daşoguzsyýahat“ döwlet syýahatçylyk kärhanasynyň edarasy ýerleşýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasaryny Kabul Etdi

Boks Boýunça Açyk Birinjilik

Ruhubelentligiň we magaryfyň döwri

syrach