10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Welaýatlarda täze binalaryň açylyş dabaralary.

Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 21 ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlarynda täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň gerimi giňelýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlanan gurluşyk işleriniň deňsiz-taýsyz gerimi tutuşlygyna alnanda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan uly möçberli maksatnamalary bilen şertlenendir. Bu dabaralara gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, milli senenamamyzyň şöhratly seneleriniň şanyna köp sanly täze desgalary ulanmaga bermegiň hoşniýetli däbi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine, durmuşyň ähli ugurlarynda döwletimizde durmuşa geçirilýän, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeliligine şaýatlyk edýär. 

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň “Şagadam” geňeşliginiň “Türkmenistan” obasynda 365 orunlyk täze häzirki zaman sport mekdebiniň ulanylmaga berilmegine bagyşlanylan dabara boldy. Ol bu ýerde welaýatlaryň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. 

Täze desganyň açylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Milli bezegiň aýdyň nyşanlary, türgenleriň görkezme çykyşlary, şeýle hem höwesjeň artistleriň ýerine ýetirmeginde aýdym-saz – tans çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin berdi. 

Täze ýöriteleşdirilen mekdebiň häzirki zaman sport enjamlary bilen üpjün edilen zallarynda woleýbol, basketbol, tennis, gandbol, boks, gündogaryň başa-baş söweşleri, dzýudo we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir wagtyň özünde meşgullanmak, dürli türgenleşik enjamlarynda öz saglygyňy berkitmek, sagaldyş gimnastikasy bilen meşgullanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Mekdebiň abadanlaşdyrylan çäklerinde futbol, basketbol, woleýbol, tennis oýnamak üçin açyk meýdançalar hem bar. Esasy zallarda dürli derejedäki ýaryşlary geçirmek tomaşaçylar üçin münberler, eminler we tälimçiler otaglar, lukmançylyk nokady guruldy. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welaýatda ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine we onuň sport hem-de bedenterbiýe – sagaldyş hereketine köpçülikleýin işjeň gatnaşmagyna ýardam edýän şular ýaly desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Mysal üçin, şu etrapda häzirki wagtda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan iri sport toplumy hem gurulýar, şol ýerde öň şular ýaly häzirki zaman sport mekdebi ulanylmaga berildi. Demirgazyk welaýatyň beýleki etraplarynda hem dürli maksatly täze sport desgalary gurulýar. Munuň özi oba ýaşlaryny bedenterbiýe-sport hereketine işjeň gatnaşmaga çekmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugruna gönükdirilen syýasaty netijesinde biziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyny hem-de milli Liderimiz tarapyndan türkmen sportunyň dünýäde gazanan üstünliklerini baýlaşdyrmaga ukyply sazlaşykly ösen ýaşlary kemala getirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegini beýan edýän giň ýaýran täze sport desgalarynyň ulgamy döredilýär. Täze desgany ulanmaga bermegiň dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň, işgärler toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

*** Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şöhratly baýramçylygyna ajaýyp sowgat aldylar. Bu ýerde “Medet Emir” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman binagärlik keşbinde gurlan täze sport mekdebi şäherçäniň ýaşlarynyň öňünde gapylaryny dabaraly ýagdaýda giňden açdy, aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy. 

Şu gün sport toplumy baýramçylyk lybasynda bezeldi, onda her gün saýatly ýaşlaryň 365-si sport bilen meşgullanyp bilerler. Aýdym-saz ýaňlanýar, türgenler topary öz ussatlyklaryny görkezýär. Desganyň açylyş dabarasyna ýerli ýaşaýjylar, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň belleýşi ýaly, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän milli bilim syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen topragynyň ähli künjeklerinde häzirki zaman sport desgalaryny gurmagyň berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe giň gerim almagy tötänleýin däldir. 

Sport zallarynda we ýörite mekdebiň otaglarynda ýaşlara sport ussatlygyny öwretmek we sportuň dürli görnüşleri boýunça köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Toplumda sportuň hereketli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin uly zal, boks, göreş, küşt bilen meşgullanmak üçin kiçi zal bar. Türgenleşik zaly ýörite esbaplar we enjamlar bilen oňat enjamlaşdyrylypdyr. Ýaş türgenleriň ygtyýarynda egin-eşik çalşyrylýan, suwa düşülýän, lukmançylyk bölümi bar. Merkezde tälimçiler üçin otag, dolandyryş jaýlary ýerleşýär. 

Mekdebiň çäginde açyk sport şäherçesi göz öňünde tutulyndyr. Ol oňat abadanlaşdyrylandyr we enjamlaşdyrylandyr. Bu ýerde futbol, woleýbol, basketbol, tennis meýdançalary, ylgalýan ýodajyklar bar. 

* * *

Şu gün Sakar etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde süýt önümlerini öndürýän “Läle” atly häzirki zaman hususy kärhanasynyň açylyş dabarasy boldy. 

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz alada etmegi netijesinde biziň ýurdumyzda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe telekeçiligiň we kiçi işewürligiň çalt ösüşe eýe bolandygyny aýratyn bellediler. Häzirki wagtda bu syýasat netijesinde ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda bolçulygy kemala getirmekde, ilata giň möçberli durmuş hyzmatlaryny etmekde, täze iş orunlaryny döretmekde milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň paýy yzygiderli artýar. 

Süýdi gaýtadan işlemek boýunça täze häzirki zaman önümçiligi daşary ýurtly önüm öndürijileriň ýokary tehnologiki enjamlary we kompýuter tehnikasy bilen üpjün edildi. Munuň özi öndürilýän önümiň ýokary hilini üpjün eder. Birinji tapgyrda bu ýerde gatyk, gaýmak, aýran we doňdurmanyň 4 görnüşi çykarylar. Geljekde önümleriň görnüşleri ep-esli artar. 

Zawodyň taslama kuwwaty bir gije-gündizde süýdüň 1,4 tonnasyny, bir ýylda bolsa 550 tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kärhananyň açylmagy bilen obada täze iş orunlarynyň 43-si peýda boldy. 

*** Şu gün welaýatyň dolandyryş merkezinde – Türkmenabat şäherinde baýramçylygyň öň ýanynda sport desgalarynyň açylyşy dowam etdi, şol ýerde toplumlaýyn durkuny täzelemek tamamlanandan soň “Demirýolçy” etrapçasynda sport toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Aslyýetinde şäheriň baýry sport desgasynyň binýadynda häzirki wagtda sport we bedenterbiýe-sagaldyş maksatly desgalara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýän doly täzelenen sport merkezi döredildi. 

Sport toplumynyň çäklerinde dabaraly ýaýgdaý höküm sürýär. Üç gatly ägirt uly toplumyň täzelenen binasy baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Türkmenabat şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, türgenler, gurluşykçylar we açylyşa gelen köp sanly myhmanlar – welaýatyň, şäheriň, etrabyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, sazandalaryň, aýdymçylaryň, tansçylaryň, ýaş türgenleriň aýdyň özüne çekiji çykyşlarynyň şaýatlary boldular. Dabara gatnaşyjylar gurlan desganyň şäherlileriň boş wagtlaryny gyzykly geçirmekleri we dynç almaklary, ýaşlaryň arasynda sport hereketini ösdürmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler, türkmen halkynyň saglygy hakynda ýadawsyz alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, şol alada netijesinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň derejesine çykaryldy. 

Sport merkeziniň binalarynyň durkuny täzelemek boýunça işleriň ähli toplumy graniti we beýleki häzirki zaman timarlaýyş materiallaryny peýdalanmak bilen oňat hilli ýerine ýetirildi. Bu sport desgasynyň köp ugurlylygy onuň esasy aýratynlygy bolup durýar. Bu ýerdäki zallarda we bölümlerde sagaldyş bedenterbiýesi, sport bilen meşgullanmak, ýylyň islendik wagty ýaryşlary geçirmek mümkindir. Munuň üçin zallar häzirki zaman türgenleşik enjamlary, sport tehnikasy we inwentar bilen üpjün edilipdir. Toplumda eminler we tälimçiler üçin otaglar, egin-eşik asylýan otaglar, lukmançylyk nokady, köp sanly suwa düşülýän otaglar ýerleşýär. 

Bu ýerde bir wagtyň özünde woleýbol, basketbol, boks, küşt, gündogar göreşi we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak bolar. Sport merkeziniň uly stadionynyň bezegi hem tanalmaz derejede özgerdi. Futbol oýnalýan meýdança täze ýörite örtük örtüldi, tomaşaçylar üçin münberleriň durky täzelendi. Ellips görnüşli ýörite enjamlaşdyrylan telär tomaşaçylary gün şöhlesinden we ygallardan gorar. Stadionda ýeňil atletika ýaryşlaryny geçirmek üçin ýodajyklar gurnaldy. Suw, energiýa, ýylylyk we gaz bilen üpjün etmegiň özbaşdak ulgamy sport toplumynyň böklençsiz işlemegini üpjün edýär. 

Sport mekdebiniň beýleki uly binasynda oňat enjamlaşdyrylan üsti ýapyk suwa düşülýän howuz ýerleşýär, şol ýerde sportuň suw görnüşleri boýunça ýaryşlary ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik bolar. 

Türkmenabadyň baýry sport desgasynyň toplumlaýyn durkuny täzelemegi “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary amala aşyrdylar, olaryň has tapawutlananlaryna dabarada gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Taner Ýyldyzy Kabul Etdi

syrach

Bakuda geçirilýän Yslam Raýdaşlyk Oýunlarynda Türkmen Agyr Atletikaçyary Altyn we Kümüş Medala Eýe Boldular

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach