Awaza milli syýahatçylyk zolagynla hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek maksatnamasynyň çäklerinde köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäresi geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrynda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bag ekmek çäresi barada durup geçmek bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklaryny yzygiderli giňeltmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigata aýawly garamak, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara Hazaryň kenarynda emele gelýän deňiz şypahanasyny abadanlaşdyrmak, bu ýerde bag ekmek we oturdylan agaç nahallaryna ideg etmek boýunça işleri yzygiderli alyp barmak barada tabşyryk berildi.
Şu gün bag ekmek çäresine gatnaşan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, deňizýaka şäherinde şu gün açylan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XV maslahatyna, şeýle hem ertir açylýan Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ilçileri, ýaşlar Awaza milli syýahatçylyk zolagynda bölünip berlen ýerlerde uly joşgun bilen agaç nahallaryny oturtdylar. Bu ýerde ýaňlanýan aýdym-sazlar, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň ägirt uly üstünliklerini wasp edýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary olaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Şu günki çäräniň barşynda bag ekmekden başga-da, bu ýerde ozal ekilen, kök urup, ösýän agaç nahallaryna ideg etmek boýunça hem işler geçirildi.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň möhümdigi barada aýtmak bilen, olaryň biziň gözel tebigatymyzy goramak, onuň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini aýawly saklamak, howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmek, çölleşmäge garşy çäreleri görmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek ekologiýa boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmek bilen baglydygyny bellemek gerek.
Jemgyýetiň ösüşi bilen daşky tebigy gurşawyň sazlaşygyny kemala getirmek, tebigaty goramak, onuň biologiýa köpdürlüligini saklap galmak, serişdeleri rejeli peýdalanmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, Türkmenistanyň uzakmöhletleýin ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu syýasat binýatlaýyn milli maksatnamalarda, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin strategiýasynda we Türkmenistany 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda öz beýanyny tapdy. Bu resminamalarda, şol sanda döwletimiziň ýakyn geljek üçin ekologiýa syýasaty kesgitlenildi. Ol biziň ýurdumyzyň tebigy howa aýratynlyklaryny göz öňünde tutýar. Şeýle hem onda Türkmenistan tarapyndan tassyklanylan halkara ekologiýa maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülmeli çäreler bellenilendir.
Biziň ýurdumyzda tokaý zolaklaryny dikeltmek we ýer serişdelerinden peýdalanylyşyny gowulandyrmakda howanyň edýän täsirini azaltmak boýunça uýgunlaşdyryş çäreleri giňden ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça iri möçberli umumymilli Gök guşak maksatnamasynyň çäklerinde agaç nahallarynyň 50 milliondan gowrak düýbi oturdyldy, şäherleriň daş-töwereginde suwarmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak arkaly tokaý zolaklary döredildi.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça iri möçberli maksatnamanyň amala aşyrylmagy netijesinde türkmen topragy gülläp ösýän mekana öwrülýär. Köpetdagyň eteginde gök zolaklar emele gelýär. Ähli welaýatlaryň ilatly ýerlerinde, şol sanda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda täze tokaý zolaklary döredilýär. Ynsan eli bilen döredilýän tokaý zolaklary biziň ýurdumyzda haýwanat dünýäsiniň hem baýlaşmagy üçin oňaýly şert döredýär.
Adamtebigatyň bir bölegidir, onuň durmuşy tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy emele getirýändigi, tebigy serişdeleri akylly-başly peýdalanmagy başarýandygy bilen baglanyşyklydyr. Tebigatda özara deňeçerligi saklamaga gönükdirilen gatnaşyklaryň sazlaşygyny ýola goýmak biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pähiminde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirilende ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmek ýörelgesi jemlenendir.
Şeýlelikde, şu gün Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen köpçülikleýin agaç nahallaryny oturtmak çäresi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny has-da artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly goşant bolar. Türkmenistanyň öz milli Lideriniň töwereginde jebisleşen agzybir halky ýurdumyzyň baş baýramyny döwlet Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyny durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan uly üstünlikler bilen garşylaýar.