8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

1 million tonnadan gowrak türkmen pagtasy taýýar.

Türkmenistanyň pagtaçylarynyň yhlasly zähmeti netijesinde ýurdumyzyň harmanhanalaryna 1 million tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy. 

Türkmen pagtaçylarynyň nobatdaky üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ajaýyp netijesidir. Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak, oba hojalyk toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň usullaryny yzygiderli ornaşdyrmak we beýleki möhüm çäreler türkmen döwletiniň oba hojalygy babatda durmuşa geçirýän syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapdy. 

Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýakyndan goldaw berilýär, obasenagat toplumynyň tutuş önümçilik düzümi täze tehnikalar bilen üpjün edilýär we döwrebaplaşdyrylýar, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ösdürilýär, suw bilen üpjünçilik netijeli çözülýär. Oba hojalyk toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar satyn alynýar. Olar deslapdan her bir welaýatyň anyk toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilýär. Mundan başga-da, öz möhletini geçiren we hasapdan öçürmäge degişli oba hojalyk maşynlary olary gaýtadan dikeltmäge isleg bildirýän daýhanlara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär. 

Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň maliýe-ykdysady gurallary barada aýdylanda bolsa, oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça çykdajylary maliýeleşdirmek üçin daýhan birleşiklerine ýeňillikli karzlaryň berilýändigini bellemek möhümdir. Dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda dänäniň döwlet satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, olary öndürijiler bilen özara hasaplaşyklarynyň has kämil ulgamynyň ornaşdyrylmagy döwletiň daýhanlar üçin höweslendiriş çäresi bolup durýar. 

Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, tohumçylygy ösdürmekde ylma möhüm orun degişlidir. Türkmen alymlarynyň ygtyýarynda degişli ugurda ylmy barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy bar. Olar iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy barlaglary geçirmek we esasan-da geljegi uly işläp düzmeleri durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag meýdançalaryna öwrüldi. 

Pagta ýygymy dowam edýär, harmanlara “ak altynyň” tonnalary gelip gowuşýar. Ýörite enjamlaşdyrylan ýük awtoulaglarynyň müňlerçesi hasyly harmanlara tiz we ýitgisiz ýetirýärler. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň, beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ulag serişdeleri, şeýle hem şertnamalaýyn esasda ulanylýan hususy ýük awtoulaglary bar. 

Pagtaçylar bilen “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda hasaplaşyklary geçirilýär. 

Gazanylan üstünligi has-da berkitmek üçin gowaça meýdanlarynda iş depginlerini birjik-de peseltmezlik zerurdyr. Tebigatyň özi hem belent maksada ýetmekde türkmen ekerançylaryna garaşyk edýär. Indi ýurdumyzyň berekedini artdyrmagyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýyl pagtaçylaryň öňünde goýan wezipeleriniň hötdesinden abraý bilen gelmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet arkaly pagta ýygymynyň depginlerini has-da artdyrmak zerurdyr.

Degişli makalalar

Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy

ÜNS BERIŇ!

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi