8.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Gawunynyň Güni Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

Türkmen Gawunynyň Güni Mynasybetli Dabaralar Geçirildi

Umumymilli baýram – Türkmen gawunynyň güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Şu ýyl dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagyna gabatlanyldy.

Foruma gatnaşyjylaryň arasynda öňdebaryjy bakjaçylar, alym-agronomlar, seçgiçiler, obasenagat toplumynyň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynyň hem-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň işgärleri bar.

Umumy mejlisiň barşynda çykyş edenler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş ugurly ykdysady syýasatynda oba hojalygyny ösdürmäge möhüm orun berilýändigini nygtadylar. Ýurdumyzda dürli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda möhüm azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň hasabyna azyk bolçulygyny üpjün etmek milli Liderimiziň pudagyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň ajaýyp ekerançylyk däpleri täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Pudaklaýyn ylmyň gazananlary hem-de innowasion tehnologiýalar bilen bilelikde, olar milli obasenagat toplumyny ösdürmegiň maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Döwletimiz daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin zerur şertleri döredýär, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar, pudak düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksadalaýyk çäreleri görýär, oba zähmetkeşlerine uly ýeňillikleri berýär. Tabşyran önümi üçin haryt öndürijiler bilen hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Oba ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Maslahatyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” bäsleşiginiň ýeňijilerini sarpalamak dabarasy boldy. Welaýat bäsleşikleriniň çäklerinde “Altyn gawun”, “Iň uly garpyz”, “Iň uly kädi”, “Täsin bakja önümi” we “Ussat seçgiçi” ugurlary boýunça baýrakly orunlara eýe bolan iň gowy bakjaçylaryň ýüze çykarylandygyny bellemelidiris. Welaýatlarda bu bäş ugur boýunça iň gowy netijeleri gazananlar Aşgabatdaky baýramçylyk dabarasynda öz sebitine wekilçilik etmek hukugyna eýe boldy. Olar şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan berlen gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Şeýle hem olara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Soňra pudaklaýyn maslahat bölümlerde dowam etdirildi. Bölümlerdäki mejlisleriň gün tertibine ýurdumyzyň bakjaçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, öňdebaryjy agrotehnikalary, tohumçylyk ulgamynda ylmy-barlag işleriniň netijelerini ornaşdyrmagyň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemekde iň täze tehnologiýalary ulanmagyň möhüm meseleleri, şeýle hem türkmen tagamlarynyň köpasyrlyk taryhy bilen bagly meseleler girizildi. Alymlar gawunlaryň meşhur görnüşlerini has-da gowulandyrmak, tagamy babatda hilini hem-de zyýan beriji mör-möjeklere we ösümlikleriň kesellerine durnuklylygyny ýokarlandyrmak hem-de saklanyş möhletini artdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Özleriniň zähmeti bilen türkmen gawunynyň şan-şöhratyny has-da artdyrýan meşhur bakjaçylar, seçgiçi alymlar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize oba hojalyk pudagynyň işgärleri barada hemişe alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we bakjaçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

“Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahatynyň açylyşynyň çäklerinde dürli oba hojalyk pudaklarynyň önümleriniň sergisi guraldy. Şol önümler milli amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisiniň üstüni ýetirdi. Sergide bakjaçylaryň däp bolan bäsleşiginde ýeňijiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gawunlaryň, garpyzlaryň we kädileriň naýbaşy görnüşleri, şeýle hem gawundan hem-de garpyzdan taýýarlanylan milli nygmatlar mynasyp orun eýeledi.

Bu ýerde bakjaçylaryň hormatyna meşhur estrada artistleriniň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda konsert boldy. Olar özleriniň döredijiligini baldan süýji türkmen gawunyna, mähriban topragymyzyň berekedine, häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere bagyşladylar. Bularyň ählisi özboluşly milli baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.

Maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli Olimpiýa şäherjiginiň çäginde guralan sergä hem baryp gördüler.

Türkmen gawunynyň güni mynasybetli guralan dabaralaryň barşynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ussat bakjaçysy” bäsleşiginiň ýeňijiler tarapyndan ýetişdirilen gawunlaryň, garpyzlaryň, kädileriň we beýleki önümleriň naýbaşy görnüşleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde oba hojalygynyň hem-de gaýtadan işleýän senagatyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzda öndürilýän et-süýt, süýji-köke, gök we miwe önümleri, gawundan hem-de garpyzdan taýýarlanan sök, toşap, ijan, gawun kaky ýaly önümleri ýerleşdirilen diwarlyklar aýratyn orun eýeledi.

Ýurdumyzyň bakja meýdanlarynda gawunlaryň meşhur görnüşleriniň ýüzlerçesi ýetişdirilýär, seçgi işlerini geçirmek arkaly olaryň täze görnüşleri döredilýär. Bu köpdürlülik halk seçgiçiliginiň asyrlar aşyp gelen däplerine we mirasyna, şeýle hem häzirki zaman ylmynyň tejribesine daýanýan bakjaçylaryň her bir nesli tarapyndan saklanylýar we ösdürilýär. Biziň ata-babalarymyz gawunlaryň tiz ýetişýän, ýagny 40-45 günde bişýän “kyrkgünlük”, “garypgaldyran”, “zamça”, “çal-mesek”, örän süýji “waharman”, “ak hytaýy”, “gök torly”, şeýle hem giçki, 120-130 günde bişýän “garrygyz”, “gyzylhum”, “garaganat”, “sarygaş”, “sarypöwhe” ýaly täsin görnüşlerini ýetişdirdiler.

Şu baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde welaýatlarda we etraplarda, şäherlerde hem-de obalarda dabaraly duşuşyklar we bakjaçylary sarpalamak çäreleri, bäsleşikler, konsertler, sport ýaryşlary, muzeýlerde çeperçilik sergileri hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guraldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar

Ornitologlaryň Gözegçiliglindäki Maýsa Atly Gara Depeli Tekejyllyk Türkmenistanda Düşläp Geçdi

V Aziýa Oýunlarynyň Senasynyň Iň Gowy Görnüşini Seçip Almak Boýunça Bäsleşik Yglan Ediler

turkmenhabargullugy