9.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YKDYSADYÝET

Bank ulgamyny ösdürmegiň wezipeleri.

Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pulumyzyň – manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe pul-karz özgertmeleri we bank ulgamynyň ösüşi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň, maliýe – ykdysady ulgamynyň guramalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriň hem-de Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahata şeýle hem esasy maliýe düzümleriniň, şol sanda Halkara pul gaznasynyň we biziň ýurdumyzda işleýän iri daşary ýurt banklarynyň wekilleri çagyryldy. 

Forumyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleler girizildi. 

Şanly sene mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna Gutlag iberdi. Onda milli puluň ýeke-täk hümmetiniň saklanmagy, kadaly pul dolanyşygynyň we netijeli pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy, banklaryň ykdysadyýetimiziň pudaklaryna gönükdirýän karzlarynyň möçberleriniň artdyrylmagy döwlet syýasatymyzda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň nyşanydyr diýlip bellenilýär. 

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda öz pulumyzyň dolanyşyga girizilmegi türkmen döwletiniň pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm tapgyry alamatlandyrdy. Türkmen manady milli buýsanjymyza öwrülip, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe gitmeginde, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň döwletliliginiň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär. 

Soňky ýyllarda gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatynyň aýdyň netijesidir. Şol syýasat bolsa ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň ýaramaz daşky ýagdaýlaryň täsirine durnukly bolmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Strategiki meýilnamalaşdyryşyň bitewi we çeýe ulgamyny döretmek, döwletiň maliýe ulgamyny, pul-karz, salgyt-býujet we nyrh syýasatyny kämilleşdirmek milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň esasy ugurlary bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan strategiýanyň örän dogrudygy we netijelidigi häzirki wagtda ýurdumyzyň ösüşiniň makroykdysady görkezijilerinde, onuň durnukly ösüşinde öz aýdyň beýanyny tapýar. 

Türkmenistanyň ykdysadyýetini we maliýe – bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak gazananlary Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň, hususan-da, HPG-niň ýerine ýetiriji direktory jenap Rene Weberiň we HPG-niň biziň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Weronika Bakalunyň çykyşlarynda bellenildi. 

Nygtalyşy ýaly, Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň Hökümetiniň uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we hususyýetçiligiň işini giňeltmek maksadynda edýän tagallalaryny goldaýar. Myhmanlar häzirki zamanyň derwaýys meselelerini çözmekde türkmen döwletiniň işjeň orny eýeleýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde sebitde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär diýip bellediler. Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip we ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugruny durmuşa geçirip, iş ýüzünde bu oňyn strategiýa ygrarlydygyny tassyklaýar. Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek boýunça ýörite düzümiň döredilmegi bu ugurda möhüm çäreleriň hatarynda görkezildi. 

Ýokary wezipeli myhmanlar birnäçe ugurlar boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdylar. Halkara pul gaznasynyň wekilleri işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatynyň, şeýle hem döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň bu ugurda esasy ýagdaýlar bolup durýandygyny bellediler. 

Umuman, oýlanyşykly durmuş-ykdysady özgertmeler türkmen döwletine diňe bir ählumumy maliýe-ykdysady çökgünliginiň ýaramaz täsirinden sowlup geçmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin oňyn şertleri döretdi. Mälim bolşy ýaly, bu üstünlikler dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň bilermenleri tarapyndan ençeme gezek bellenildi. Şu ýylyň oktýabr aýynda Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasynda Türkmenistana ortadan ýokary girdejili ýurduň derejesiniň berilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasydyr. Bu örän ähmiýetli çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetimiziň on ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda üstünlikli saklanylýan ýokary derejedäki durnukly ösüşini tassyklaýan statistiki maglumatlara esaslandy. 

Milli manadyň bitewi we durnukly hümmetini üpjün etmek we daşary ýurt puluny konwentirlemegiň täze kadalarynyň girizilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça görlen täsirli çäreleriň hatarynda görkezildi. Şunda milli pul birligimiziň bellenen hümmetiniň häzirki güne çenli durnukly bolmagynda galýandygy bellenildi. 

Denominasiýanyň geçirilmegi milli ykdysadyýeti pugtalandyrmak we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, maliýe-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda täze tapgyry alamatlandyran möhüm waka boldy. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken ýörite Permanyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan milli pulumyzyň – manadyň täze, denominirlenen nusgasy dolanyşyga girizildi. 

Häzirki wagtda Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça orta möhletleýin we uzakmöhletleýin geljege niýetlenen toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pudaklaýyn maksatnamalar, şol sanda maliýe ulgamyndaky maksatnamalar amala aşyrylýar. Bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar. Gozgalmaýan emläk üçin karz bermek ulgamyny ösdürmäge, banklaryň maliýe hasabatlylygyny halkara ülňülerine laýyk getirmäge, ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. 

Çykyş edenler şeýle hem ykdysadyýetiň hususy ulgamyny ösdürmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde hem oňyn netijeler gazanyldy diýip bellediler. Şol taslamalar bank edaralary tarapyndan maliýeleşdirilýär we hususy kärhanalary we telekeçileriň önümçilik işini ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. 

Nygtalyşy ýaly, milli kanunçylyk hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksatnamasyna laýyklykda “Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda”, “Karz birleşmeleri hakynda”, “Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bank ulgamyny ösdürmekde täze sepgitlere ýetmek üçin kuwwatly gural boldy. 

Maslahatyň çäklerinde “Türkmenistan we HPG: ykdysady syýasatyň meseleleri boýunça gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy” atly tanyşdyrylyş dabarasy boldy. 

Ylmy-amaly maslahat tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen halal we tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. 

Şanly sene mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Milli manadymyz – berkarar döwletimiziň bagtýarlyk binýady” atly baýramçylyk dabarasy we sergisi guraldy. Sergide Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet sylaglary, gadymy we häzirki zaman pullaryň nusgalaryny görkezýän numizmatik diwarlyklar hödürlenildi. Gadymy pullar bilen birlikde täze nusgadaky pullar, şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi banky tarapyndan garaşsyzlyk ýyllarynda çykarylan, gymmat bahaly metallardan ýasalan ýadygärlik şaýy pullary, milli şaý-sepler hem-de pullaryň taryhy baradaky ajaýyp neşirler görkezildi

Degişli makalalar

ABŞ Nebitiň Bahalaryny Durnuklaşdyrmak Maksady Bilen G20-de Saud Arabystanyna Ýüzlenmek Isleýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Gruziýa Iberýän Nebit Önümleriniň Möçberini Artdyrýar

Ykdysadçylaryň Halkara Ýeňişleri

syrach