14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna Resmi Sapary Başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasyna Resmi Sapary Başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Ermenistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Iki sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň howa ulagy Ýerewanyň Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna ajaýyp waka mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen ermeni paýtagtynyň howa menzilinde haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawuly nyzama düzüldi. Milli Liderimize gül desseleri gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly döwletiň ýokary wezipeli wekilleri hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşylaýarlar.

Howa menzilinden milli Liderimiziň awtomobil kerweni sapar wagtynda Türkmenistanyň Baştutanyna bölünip berlen kabulhanasy ýerleşen “Radisson Blu” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň çagyrmagy boýunça türkmen Lideriniň Ýerewana amala aşyrýan sapary netijeli döwletara gatnaşyklaryna, hereket etmegiň oňyn tejribesini nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine umumy çemeleşmeleri anyklaşdyrmaga täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir. 24-nji awgustda meýilleşdirilen ýokary derejede geçiriljek duşuşygyň çäklerinde özara gyzyklanma döredýän dürli sebit we halkara meseleleri boýunça pikir alyşmalar bolar.

Ýerewana saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalarynyň öz ermeni kärdeşleri bilen duşuşyklary geçirendigini bellemek gerek. Olaryň barşynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ozal kabul edilen pudaklaýyn meýilnamalary hem-de maksatnamalary, öňde boljak ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekmäge taýýarlanylýan täze resminamalar bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu babatda iki ýurduň uzakmöhletleýin bähbitlere laýyk gelýän söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtamak zerurdyr. Döwlet we telekeçilik düzümleriniň yzygiderli işewür duşuşyklaryna, işewürler maslahatlaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Olar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga gönükdirilendir.

Medeniýet ulgamyndaky däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikler bar. Munuň özi özara hormat goýulmagyny pugtalandyrýan hem-de birek-birege gowy düşünmäge kömek edýän ynsanperwer gatnaşyklar üçin oňat şertleri döredýär.

Döwlet ösüşiniň umumy ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, göni gatnaşyklaryň hem-de ruhy we maddy medeniýetiň ajaýyp mirasyna eýe bolan iki halkyň ysnyşykly gatnaşyk etmegine mümkinçilik döredýän bilim, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary geljegi uly ugurlar hökmünde kabul edilýär.

Iki ýurduň arasynda ýola goýlan ynanyşmak syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň diňe bir giňeldilmegine däl, eýsem, dünýä derejesinde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň—Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we beýlekileriň çäklerinde ylalaşykly özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Ermenistanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar däp bolan özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmen Paýtagtyna Döwlet Sapary Fotosuratlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi

S.Seýdi Adyndaky Mugallymçylyk Institutynda Meýletinçiler Merkezi Işläp Başlady

syrach