Türkmenistanyň milli syýahat zonasy “Awazada” duşenbe güni iki günlük Ekologiýa maslahaty açyldy.
Bu maslahata hazarýaka döwletleri bolan Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Orsýetiň we Türkmenistanyň tebigaty goramak, meteorologiýa gulluklaryndan, balykçylyk pudaklaryndan wekiller, BMG-niň tebigaty goramak boýunça programmasyndan, Ösüş programmasyndan, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasyndan we beýleki abraýly halkara guramalaryndan spesialistler gatnaşýar diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
Hazarýaka döwletleri indi esli wagt bäri 1995-nji ýylda kabul edilen Kaspi ekologiýa programmasyny durmuşa geçirýärler.
Hazar döwletleri 2003-nji ýylyň noýabrynda Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak boýunça çarçuwalaýyn konwensiýa, Tähran şertnamasyna gol çekdiler.
Türkmenistan Tähran konwensiýasyny 2004-nji ýylyň awgustynda tassyklady we şondan soň ol Hazar döwletleriniň ählisi tarapyndan tassyk edildi.
Bu konwensiýa 2006-njy ýylyň awgustynda güýje girdi.