8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Mämmetniýazowa Bilen Tanyş Boluň!

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Mämmetniýazowa Bilen Tanyş Boluň!

2017-nji ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýurdumyza Aziýadan we Okeaniýadan geljek iň oňat türgenleri garşy almak baradaky soňky taýýarlyklar iki sany ýaş türkmen gyz doganlary tarapyndan alnyp barylýar.

Doganlar Leýli we Aýlar Mämmetniýazowalaryň ikisi hem 8 000 sany meýletinçiden ybarat ygtybarly işçi güýjüni emele getirýän, 17-27-nji sentýabr aralygynda Oýunlarda öňdebaryjy güýç hökmünde çykyş etjek Ilkinji ýyldyzlaryň hataryna goşuldylar.

Türkmen Döwlet ykdysadyyet we dolandyryş institutynyň II ýyl talyby Leýli göreş sportunyň ähli görnüşleriniň geçiriljek ýeri bolan Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda, Desgany dolandyryş bölüminde topar ýolbaşçysy hökmünde işlär.

Onuň uýasy Aýlar bolsa, Oýunlary sazlaşykly alyp barmak üçin giňişleýin geçirilýän tälimçilik okuwlaryna gatnaşýan Ilkinji ýyldyzlaryň biri hökmünde öňe çykýar.

“Aýlar Protokol bölüminde VIP myhmanlar bilen işleşer ” diýip Leýli belledi . “Biziň üýtgeşik jogapkärçiliklerimiz bar ýöne biz beýleki meýletinçiler bilen gatnaşyklarymyz hem-de gabat gelýän dürli ýagdaýlar barada özara gürleşýäris.”

“Uýam menden has alçak, şonuň üçin men ondan öwrenýärin. Biz birek-birekden köp zat öwrenýäris.”

Leýli meýletinçilik döwründe öwrenen zatlarynyň durmuşynyň ähli ugurlarynda hem peýda berýändigini aýtdy.

Ol “Meniň üç sany gyz doganym bar we men olaryň ikinjisi. “Indi men olaryň özlerini alyp barşyna has gowy düşünýän diýip pikir edýärin.”- gürrüň berdi.

Menejment hünärini öwrenýän 18 ýaşly talyp öz meýletinçilik borjuny Desgany dolandyryş bölüminde ýerine ýetirmegi saýlady. Ol özüniň aňsat bolmadyk işinden lezzet alýar.

“Biz desganyň içinde bolup geçýän ähli zatlardan, şol sanda adamlaryň saglyk ýagdaýy ýa-da olaryň ulag meseleleri boýunça jogapkär.”

“Biziň işimiz örän jogapkärçilikli bolandygy üçin, käwagt dynç almaga hem mümkinçilik bolmaýar. Sebäbi biz hemişe hereketde bolmaly bolýarys. Biziň öňümizde uly wezipeler dur. Men meseleleri çözmegi halaýaryn. Özümi bu babatda ökde hasaplaýaryn.”

Çäreleriň başlanmaly wagty ýakynlaşdygyça, öz işdeşleriniň köpüsi ýaly, Leýliniň hem bir arzuwy bar.

Ol “Açylyş dabarasyny görmek üçin örän sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Sebäbi ondan soň hemme işler başlar we has gyzykly bolar” diýip aýtdy.

Degişli makalalar

Türkmenistan 1:1 Eýran

syrach

Türkmen Gelin-Gyzlaryň Saýty Hereket Edip Başlady: turkmengazet.com

Türkmen Sanatçısı Çınara : Ülkem Ile Gurur Duyuyorum

turkmenhabargullugy