Makaonyň adyndan bowling ýaryşyna gatnaşjak türgenleriň edil Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary ýaly, häzirki wagtda iň uly aladalary bu ýaryşa taýýarlyk görmek we medal almakdyr.
Makaoly Erik Leý we Patrisiýa Hui edil Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan gelýän beýleki sport höwesjeňleri ýaly uzak ýol geçip, 17-27-njy sentýabr aralygynda Merkezi Aziýada geçirilýän Aşgabat 2017 oýunlaryna gatnaşarlar.
Medallary dürli ýurtlardan gelen türgenleriň ýeňip alyp biljekdigine garamazdan, türgenleşiklerini iş ýa-da okuw bilen utgaşdyrmagy başarýan köpsanly sport ussatlarynyň sporta bolan yhlasy olaryň Aşgabat 2017-ä taýýarlanyşynda we ýadawsyz tagallalarynda aýdyň görünýär.
Awstraliýada okuwyny tamamlap, bir ýyldan bäri Makaoda inžener-gurluşykçy wezipesinde işleýän Erik bu barada şeýle diýdi: “Bu aňsat däl. Men ýaryşa gatnaşmak üçin zähmet rugsadyna çykmaly bolýaryn. Emma ýaryşa gatnaşjagyma begenýärin. Syýahatçylyk we beýleki güýmenjeler bilen deňeşdireniňde, meniň bowlinge bolan höwesim has uly. Meniň kärdeşlerim bowling bilen gyzyklanmaýar. Olaryň bar aladasy meniň köp wagtlap işden çetleşdirilmezligim”.
8 türgenden ybarat bolan topar, şol sanda Erik hem işden boş wagtyny bowlinge bagyşlaýarlar. Erik hepdäniň dowamynda milli ýygyndy toparda 4-5 gezek 3 sagatlap türgenleşik geçýär.
Türgenleşikleriň dowamynda Erik we topardaşlary öz başarnyklaryny kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler.
Liwerpul uniwersitetinde magistraturada işewürlik dolandyryş hünärini gaýybana öwrenýän Patrisiýa gaýybana okuwyň türgenleşik geçmek üçin has gowy mümkinçilik döredýändigini belleýär. Ol okuwyň we synag tabşyrmak döwrüniň kynçylyklary hakynda şeýle diýdi: “Talyplar üçin, aýratyn hem meniň ýaly uzak ýerlerde okaýanlar üçin daşary ýurtda geçirilýän ýaryşlara gatnaşmak kynçylyk bolup duranok. Emma biz wagtymyzy netijeli meýilleşdirmeli, sebäbi okuwyň özi alada bolup durýar. Hem sportda, hem okuwda üstünlik gazanmak üçin ýadawsyz zähmet çekmeli bolýar”.
Bu türgenleriň ikisi hem toparyň beýleki türgenleri ýaly Makaonyň Gündogar Aziýa oýunlar merkezinde taýýarlyklaryny dowam ederler we 17-nji sentýabrda geçjek Oýunlaryň açylyş dabarasyna sähelçe wagt galanda Türkmenistana ugrarlar.
Ýaňy-ýakynda ýaryş üçin taýýarlanan ýodajyklaryň tehniki hasiýetnamasynyň alynmagy Makaonyň milli bowling ýygyndy toparyna has güýçli depginde taýýarlyk işlerini alyp barmaga mümkinçilikleri döretdi.
Erik bu ýaryşda öz öňünde goýan maksatlary barada aýtmazlygy makul bildi we bu barada şeýle diýdi: “Meniň esasy maksadym Oýunlara gatnaşmak we elimde baryny etmek”. Emma onuň ildeşi Patrisiýa Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde dört ýyl mundan öň görkezen netijesini kämilleşdirmegi maksat edinýär.
Ol “Men öň hem Koreýada geçirilen ýaryşlara gatnaşdym. Şu ýyl meniň maksadym, öňkimden gowy netije görkezmek” diýip, sözüni jemledi.
Aşgabat 2017-niň bowling boýunça ýaryşlary 21-27-nji sentýabr aralygynda döwrebap Bowling arenasynda geçiriler.