Soňky döwürde Türkmenistanyň milli futzal ýygyndy topary täsin galdyryjy üstünlikleri gazandy. Eger-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin meýilleşdirilen işler ýerine ýetirilse, türkmen türgenleri öz topragynda uly ýeňişlere eýe bolarlar.
Üç aý mundan ozal türkmen topary 6-5 hasap bilen dartgynly oýunda dünýäde 27-nji orundaky Özbegistanyň toparyndan üstün çykdy. Bu Türkmenistanyň 25 ýylyň içinde öz esasy garşydaşyndan üstün çykmak bilen gazanan ilkinji ýeňşidir we iň uly üstünlikleriniň biridir.
Soňra türkmen futzal topary dünýäde onbirinji orny eýeleýän Horwatiýanyň topary bilen oýunda 1-0 hasap bilen ýeňiji boldular. On altynjy orundaky Ýaponiýanyň topary bilen oýny bolsa 3-3 hasap bilen deňme-deň tamamladylar. Segseninji orundaky toparyň bu oýunlarda görkezen netijeleri esasy üstünlikleriň öňümizdediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Toparyň şeýle ýokary üstünlikleriniň sebäpkärleriniň biri ýaponiýaly Kýoheý Nakamuranyň şu ýylyň başyndan topara tälimçilik edýändigi bolup durýar. Ol, elbetde, toparyň Aşgabat 2017-de gowy çykyş etjekdigine uly ynam bildirýär: “Bedeni berk we çeýe oýunçylardan ybarat bolan ajaýyp toparym bar. Çydamlylygy barada aýdanymda, olara bäs gelip biljek ýok. Şeýle hem, toparyň hüjümçileri örän çalasyn we güýçli. Toparyň ýaňy-ýakynda görkezen netijeleri olaryň gujur-gaýratynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda men toparyň hüjüm etmek strategiýasynyň hem-de oýun meýdançasynda hereketleri ýerine ýetirmeginiň üstünde işleýärin”.
Toparyň kapitany Watan Ataýew hem öz toparynyň üstünlikleri barada şeýle belläp geçdi: “Soňky aýlarda toparymyz gowy netijeleri görkezmegi başardy. Biz Ispaniýada, Ýaponiýada, Azerbaýjanda we Özbegistanda geçirilen okuw-türgenleşiklere gatnaşdyk we örän gowy netijeleri gazandyk. Soňky ýeňişlerimiz bolsa biziň özümize bolan ynamymyzy artdyrdy. Biz Aşgabat 2017-ä taýýar”.
Öň “Köpetdag”, “Aşgabat” we “Ahal” futbol klublarynyň hüjümçisi bolan Geldimuhammet Aşyrlyýew sportuň ýapyk binada geçirilýän görnüşine 2013-nji ýylda geçdi. Täze görnüşe uýgunlaşmakda duş gelen birnäçe kynçylyklara garamazdan, ol häzirki wagtda toparyň iň ussat oýunçylarynyň biri. Ol bu barada şeýle diýdi: “Uzak wagtlap Türkmenistanyň dürli futbol toparlarynda oýnanymdan soňra, durmuşymda biraz üýtgeşme bolup geçdi. Futzal toparynyň düzülýändigini eşitdim we onuň bilen gyzyklandym. Men ählisini täzeden öwrenmeli boldum. Sportuň beýleki görnüşine geçmek aňsat däldi, emma netijede bu oýundan lezzet alyp başladym”.
Sport bilen on ýyldan bäri meşgullanýan toparyň derwezebany Meretgeldi Baýramow öz topragynda geçirilýän ýaryş üçin aýratyn türgenleşik geçdi: “Meýdançanyň çäginiň kiçiligi we oýunçylaryň tiz hereket etmegi sebäpli, futzal ýaryşynda futbol bilen deňeşdireniňde derwezeban bolmak hasam kyn. Şonuň üçin birnäçe aýyň dowamynda aýratyn türgenleşik geçdim. Indi men oýunlara taýýardygymy duýýaryn”.
Meretgeldi Baýramowyň aýtmagyna görä, ýaryşyň ata Watanymyzda geçirilmeginiň berýän ruhy goldawy indiki aý onuň toparyna üstünlik gazanmaga kömek eder. “Futboldan tapawutlylykda, futzal oýny ýapyk binalarda geçirilýär, şonuň üçin tomaşaçylaryň ähmiýeti uly. Olaryň goldawy bizi güýçlendirer we ýaryşyň dowamynda gowy netije görkezmäge ýardam berer diýip umyt edyärin” diýip, Meretgeldi sözüni tamamlady.
Türkmenistanyň milli futzal ýygyndy toparynyň beýleki agzalary: Eziz Amangeldiýew, Mülkaman Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Şöhrat Baýramow, Daýanc Garajaýew, Abdylla Gurbannepesow, Marat Konirow, Röwşen Orazmuhammedow, Gurbangeldi Sahedow hem Maksat Soltanow.
Futzal boýunça ýaryş Köp ugurly sport toplumynda Açylyş dabarasyndan bir gün öň, 16-26-njy sentýabr aralygynda 10 günüň dowamynda geçiriler.