V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti “Atos” kompaniýasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde goşulýandygyny buýsanç bilen yglan etdi.
“Atos” kompaniýasy dünýä ýüzünde 72 ýurtda öz işlerini amala aşyryp, elektron ulgamyndaky özgerişler boýunça öňdebaryjy kompaniýadyr. Yzly-yzyna geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň maglumat tehnologiýalary boýunça hyzmatdaş hökmünde çykyş eden “Atos” kompaniýasy köp ugurly sport çärelerini geçirmekde baý terjibe gazanýar. Bu kompaniýa täze işewürlik ýörelgelerini öňe sürýär we uly göwrümli Oýunlaryň üstünlikli geçmeginde esasy orny eýeleýän örän çylşyrymly maglumat tehnologiýalar ulgamlaryny we dürli meselelere çözgütleri işläp düzýär.
V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew: “Biz “Atos” kompaniýasyny Aşgabat 2017 oýunlar maşgalasynda hoş gördük! Olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlary Oýunlaryň üstünlikli geçmegi üçin örän möhümdir. Biziň üçin dünýä belli kompaniýalarynyň ýene biriniň iň gowy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylygyna gatnaşýandygy begendirýär” diýip nygtady.
“Atos” kompaniýasy taslamany dolandyrmak we akkreditasiýa, sport, myhmanlary ýerleşdirmek, ulag hyzmatlary, ýaryşlaryň netijeler we habarlar gullugy ýaly Aşgabat 2017-niň esasy ugurlary boýunça Oýunlary dolandyrmagyň ulgamy bilen bagly işleri ýerine ýetirýär.
“Atos” kompaniýasynyň Olimpiýa oýunlary we uly gerimli çäreler boýunça baş dolandyryjy müdüri Marta Sanfeliu şeýle belledi: “Türkmenistan sporty we tehnologiýalary öňe sürýän ýurt. Biz üçin Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maglumat tehnologiýalary boýunça resmi hyzmatdaşy bolmak uly hormatdyr. Häzirki wagtda Oýunlaryň başlanmagyna 30 günden az wagt galdy we biz bu taslamanyň geçirilişiniň ýokary derejesini nygtap geçesimiz gelýär. Bu ýokary görkeziji Ýerine ýetiriji komitet bilen “Atos” kompaniýasynyň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir. Biz ähli hyzmatlarymyzyň taýýardygyny we ýaryş geçirilýän döwründe degişli tehniki goldaw üpjün edip biljekdigimizi doly ynam bilen aýdyp bilýäris”.