17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Türkmenistanda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çeken we dürli ugurlarda oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ýolunda möhüm ädime öwrülen wekilçilikli halkara forumlary yzygiderli geçirilýär. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralan iri çäreleriň ençemesi üstünlikli geçirildi. Şu ýylyň dekabr aýynyň başynda bolsa nobatdaky halkara forumy—GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň baş şäherini noýabr we dekabr aýlarynda geçiriljek halkara çärelerine hem-de baýramçylyk dabaralaryna taýýarlamak boýunça beren anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, Aşgabat şäheriniň häkimligi Türkmenistanyň paýtagtynyň şol günlerde baýramçylyk lybasyna beslenmegi üçin giň möçberli işleri alyp barýar.

Hususan-da, ulag-aragatnaşyk we ýaşaýyş-durmuş düzüminiň işini gowulandyrmaga, hereket edýän desgalary talabalaýyk saklamaga, köçeleriň ählisinde arassaçylygy hem-de tertip-düzgüni üpjün etmäge, olaryň yşyklandyrylyşyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge hem-de güllerden we otlardan dürli şekilleri ýasamaga aýratyn üns berilýär.

Mysal üçin, paýtagtymyza baýramçylyk lybasyna beslemek maksady bilen, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň degişli hünärmenleri ak mermerli paýtagtymyzyň merkezi şaýollarynyň we köçeleriniň ählisini bezejek maglumat beriji elektron-yşyk pannolarynyň gyzykly taslamalaryny işläp taýýarladylar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli ýerinde myhmanlarymyzy GDA agza ýurtlaryň baýdaklary, Arkalaşyga girýän döwletleriň halklarynyň dillerinde gutlag sözleri ýazylan bannerler garşylarlar.

Bir söz bilen aýdylanda, paýtagtymyzyň häkimligi we onuň düzümleýin edaralary milli Liderimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirip, halkara çäreleriniň hem-de baýramçylyk dabaralarynyň guralyşynyň derejesiniň we Aşgabatda höküm sürýän baýramçylyk ýagdaýynyň türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmahsöýerlik däplerine doly laýyk gelmegi üçin ähli tagallalary edýärler. 

Iri ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar

Aşgabat şäherinde, Köşi köçesiniň günbatar böleginde täze iri ýaşaýyş jaý toplumy döredilýär. Bu ýerde binagärlik—şähergurluşyk maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek we ilaty has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek maksadynda paýtagtymyzyň buýurmasy boýunça otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan örän amatly, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 25-si gurulýar.

Täze toplumda degişli inženerçilik we durmuş düzümi, şol sanda özbaşdak kotelniýalar, hyzmat ediş we söwda kärhanalary göz öňünde tutulandyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň ýedisinde dürli dükanlar ýerleşer, olardan gündelik sarp edilýän harytlary satyn almak bolar.

Bu ýerde gurluşyk işlerine 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda girişildi we häzirki wagtda desgalardaky işleriň esasy bölegi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şu günler jaýlaryň köpüsinde timarlaýyş işlerine hem-de kommunikasion ulgamlary çekmäge, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmaga girişilýär. Bu ýerde sport meýdançalary, awtoulag duralgasy, köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen bassyrma hem bolar. Binalaryň öň tarapyny bezemek, jaýlaryň daşyny mermer we granit bilen örtmek işleri alnyp barylýar. Ýaşaýyş jaýlaryň üçegine düşelen metal çerepisalar bolsa binalaryň ygtybarlylygyny üpjün eder. Täze ýaşaýyş jaý toplumyny geljek ýyl ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýaşaýyş jaý gurluşygy ýokary hil taraplaryna hem-de häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelmelidir. Binalarda ösen durmuş düzümi göz öňünde tutulyp, olara ýanaşyk ýerler talabalaýyk abadanlaşdyrylmalydyr. Aşgabadyň günbatar bölegindäki täze toplum hem ýaşaýyş-durmuş derejesiniň häzirki zaman ülňüleriniň nobatdaky aýdyň beýany bolar. Ýakyn wagtda täze öýleriň geljekki eýeleri hem muňa göz ýetirerler.

Köne seýilgähiň täze keşbi

Türkmen paýtagtynda dynç almak babatda meşhur bolan “Aşgabat” medeni-dynç alyş seýilgähi ýakyn geljekde düýbünden täze keşbe eýe bolar. Aşgabat şäheriniň häkimligi il arasynda “Birinji park” ady bilen mälim bolan bu seýilgähiň durkuny täzelemek we abadanlaşdyrmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etdi.

Taslaýjylaryň pikirine görä, durky täzelenjek seýilgäh şäheriň şu taryhy böleginiň binagärlik toplumyna laýyk gelýän häzirki zaman keşbine girer. Buýrujynyň talaplaryna laýyklykda, seýilgähiň çäginde aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň oňat dynç almagy we boş wagtlaryny täsirli geçirmegi üçin niýetlenen degişli düzümleriň ählisiniň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Şol düzümiň desgalarynyň hatarynda çagalara niýetlenen sport we oýun meýdançalary, dynç alyş merkezleri, oňaýly kofeler we restoranlar, beýleki desgalar bar.

Bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça potratçylar seçilip alnanda binagärlik hem-de bezeg babatda has gyzykly we täsin teklipleri hödürlejek kompaniýalara artykmaçlyk berler. Şol teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň gözelligini has-da artdyrar.

Ulag düzümi dünýä ülňülerine laýyk getirilýär

Paýtagtymyzyň G.Kulyýew we Andalyp köçeleriniň çatrygyndaky ulag aýrydynyň, şeýle hem Andalyp köçesiniň ugrundaky Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu taslamalary Russiýanyň “Wozroždeniýe”, “ýapyk paýdarlar jemgyýeti amala aşyrýar.

Şol iki sany desga çylşyrymly inženerçilik desgalary bolup, olaryň gurluşygynda iň häzirki zaman we öňdebaryjy tehnologik çözgütler öz beýanyny tapdy hem-de ylmyň we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň iň soňky gazananlary ulanyldy. Bu giň möçberli işe “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň hünärmenlerinden başga-da, Türkmenistanyň we Russiýanyň esasy taslama hem-de gurluşyk guramalarynyň birnäçesi işjeň çekildi.

Ulag aýrydy 8 sany iniş ýolundan ybaratdyr, olaryň 4-si estakada görnüşinde ýerine ýetirildi. Desganyň uzynlygy 500 metre golaýdyr, her ugur boýunça 3 sany hereket zolakly gatnaw böleginiň ini 25 metre barabardyr. Andalyp köçesiniň ugry boýunça Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriniň uzynlygy 150 metre, köpriniň derýa bilen aralygyndaky beýikligi 5,5 metre deňdir.

Ýol aýrydynyň we köpriniň gurluşygynda ulanylan konstruksiýalar örän kämildir. Bu babatdaky tehniki çözgütler ýurdumyzyň howa hem-de geologiki şertleri göz öňünde tutulyp, berjaý edildi. Köprüleriň hem-de estakadalaryň sütünleriniň gurnamalary üçin yranýan sütün bölekleri, çeýe gurnamalar ulanyldy. Olar dünýäniň meşhur önüm öndürijilerinden getirildi.

Ulag ýolunyň gurluşygynda özümizde öndürilen asfalt betony ulanyldy. Onuň hiline döwlet we kompaniýanyň özi tarapyndan gözegçilik amala aşyrylýar. Munuň özi agyr ýükli ulaglaryň tigirlerinden emele gelýän gapyrgalaryň we ýoluň tiz hatardan çykmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem onuň ulanylmagy ýol hereketiniň howpsuzlygynyň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýär.

“Wozroždeniýe” kompaniýasynyň guran beýleki desgalarynyň hem eýýäm üstünlikli hereket edýändigini ýatlatmalydyrys. Şol desgalaryň arasynda Gämi şäherçesinde aýlaw awtomobil ýolunyň we Aşgabat-Mary ýolunyň kesişýän ýerindäki ýol-ulag aýrydy, Gämi şäherçesiniň golaýyndan geçýän “Gündogar-Günbatar awtomobil ulag geçelgesiniň bölegi, Gämi şäherçesiniň golaýynda Garagum derýasynyň üstünden geçýän köprüniň etegindäki ulag aýrydy we şu şäherçäniň demirgazygyndaky köpri, Babarap şäherçesiniň golaýyndan geçýän Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň aýlaw ýoly bilen kesişýän ýerindäki hem-de Türkmenbaşy şaýolunyň aýlaw ýoly bilen kesişýän ýerindäki ýol-ulag aýrytlary we beýleki desgalar bar.

Häzirki wagtda Andalyp köçesiniň ugrundaky ulag aýrydynyň hem-de Garagumyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda asfalt beton düşemek, daşky yşyklary we ýol belgilerini gurnamak, ýanýodalary gurmak, desgalara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri tamamlanyp barýar.

Degişli makalalar

Serž Sarkisýan ýeňiji boldy.

syrach

Dalaşgär Maksat Annanepesow Daşoguzda Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Geçirlidi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

syrach