Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.
Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen “Türkmenhowaýollary” gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady.
Ildeşlerimiz Medinede Muhammet Pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgähine zyýarat etdiler, Mina jülgesine baryp, Arafat dagyna çykdylar, Mekgäniň ýanyndaky keramatly Zem-Zem çeşmesine, Al-Haram metjidine baryp, dessur bolşy ýaly, togap etdiler, mukaddes Käbäniň keramatly Gara daşynyň daşyndan aýlandylar.
Şeýle hem ildeşlerimiz dünýäniň ähli musulmanlaryň ruhy paýtagtynda bolmagyň çäklerinde şäheriň metjitlerinde Alla sežde etmek çäresine gatnaşdylar.
Diýarymyza sag-aman dolanyp gelensoňlar, zyýaratçylar Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidine baryp, bu ýerde degişli dessurlary ýerine ýetirdiler. Her bir musulman üçin wajyp hasaplanylýan haç parzyny berjaý etmek ugrunda döwlet tarapyndan berlen goldaw we mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.