17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow döwlet sirkine geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hiç kime duýdurmazdan, özüniň agtygy bilen paýtagtymyzdaky Döwlet sirkine geldi. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary sirke tomaşa etmäge gelen çagalar üçin garaşylmadyk we tolgundyryjy waka boldy. Däp bolşy ýaly, dynç günlerinde sirkde dürli çykyşlar görkezilýär. Döwlet sirki soňky döwürde maşgala bolup dynç almagy halaýanlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, milli sirk sungaty ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda täzeden dikeldildi. 2010-njy ýylyň aprelinde durky düýpli täzelenen döwlet sirkiniň açylmagy mynasybetli guralan dabara köpleriň ýadyndadyr. 1985-nji ýylda gurlan Aşgabat sirki 25 ýyla golaý wagtdan soň täze binagärlik keşbine eýe boldy. Döwlet sirkiniň täze binasy ak mermere we granit daşlaryna beslendi. Onuň eýwany, tomaşaçy orunlary, sahnasy doly döwrebaplaşdyryldy. Bu ýerde artistler we eldekileşdirilen haýwanlar üçin zerur bolan şertler döredildi. Bina iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi.

Döwlet sirkiniň düýpli durkunyň täzelenmegi we onuň täzeden galkynmagy ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky şanly waka öwrüldi we ol bu ulgama täze taryhy eýýamda aýratyn ähmiýet berilýändigini alamatlandyrydy. Sungatyň her bir görnüşi döredijilik üçin täze gözýetimleri açyp, halkyň gadymy gymmatlyklaryny artdyrmak, ösüp barýan ýaş nesillere medeni we ahlak taýdan terbiýe bermek arkaly milli we dünýä derejesindäki ruhy hazyna bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, milli sirk sungatynyň häzirik zaman ýörelgesiniň kemala gelmegi üçin kuwwatly itergi berildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri barada söz açyp, asylly däpleri bolan milli sirk sungatymyzy ösdürmegiň ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz şonda ýurdumyzyň döwlet sirkiniň işi bilen gyzyklandy we bu ýerde ýylyň bütin dowamynda çagalar üçin gyzykly tomaşalaryň, täsirli sirk çykyşlarynyň guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekip, döwlet sirkinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin göwün göteriji we ýatda galyjy täsirli çykyşlaryň yzygiderli guralmalydygyny belledi. Munuň özi türkmen sirkiniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, onuň jemgyýetimiziň durmuşyndaky ähmiýetiniň artmagyny we sungatyň bu görnüşiniň ajaýyp däplerinň ösdürilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz awtoulagda paýtagtymyzdaky Döwlet sirkine gelip, öňi bilen ýurdumyzyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçysynyň iş otagyna bardy we onuň bilen söhbetdeş boldy. Onda milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösdürilmegini ugur edinýän özgertmeleriň çäklerinde täzeden dikeldilen sirk sungatynda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandy.

Döwlet sirkiniň ýolbaşçysy öz gezeginde türkmen sirkiniň täzeden dikeldendigi we sungatyň bu görnüşiniň işiniň kämilleşdirilmegi ugrunda tagalla edýändigi, şeýle hem binada gyzykly tomaşalary sahnalaşdyrmak we işgärleriň netijeli işlmegi üçin döredilen amatly şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Durky täzelenen binada dördeilen şertler bu ýerde halkara derejesindäki maksatnamalary guramaga mümkinçilik berýär. Onda daşary ýurtlaryň belli sirk artistleriniň çykyş etmegi türkmen sirk artistleriniň tejribe toplamagyna öz täsirini ýetirýär. Beýleki bir tarapdan bolsa daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna haýran galýarlar. Türkmen jigitleriniň çykyşlary häzirki döwürde uly meşhurlykdan peýdalanýar we olar milli sirk sungatymyza özboluşly öwüşgin çaýýarlar.

Şu ýylyň ýazynda hormatly Prezidentimiziň Ukraina bolan döwlet sapary mahalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary ol ýerde üstünlikli çykyş etdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda türkmen jigitleri Minsk şäherinde saparda bolar. Munuň özi ahalteke bedewleriniň gözelligini we türkmen jigitleriniň ussatlygyny daşary ýurtlarda giňden wagyz etmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak ugrundaky möhüm ädime öwrüler.

Şu jähetden milli Liderimiz dünýäniň öňdebaryjy sirkleri bilen gatnaşyklary işjeň ýola goýmagyň, şol sanda at üstünde oýnaýan toparlaryň arasynda tejribe alyşmagyň zerurdygyny belledi we munuň özi biziň ýurdumyzda guralýan baýramçylyk dabarlarynyň, şeýle hem halkara derejesindäki çäreleriň şowhunyny artdyrjakdygyny aýtdy.

Mundan başga-da, milli Liderimiz sirkiň ýolbaşçysyna sungatyň bu görnüşinde işlemäge höwesli ýaşlary seçip almak, ýurdumyzda zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän bäsleşige gatnaşýan çagalaryň bu ugra höweslilerini we ukyplylaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmek, şeýle hem Döwlet sirkiniň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde göçme çykyşlaryny guramak boýunça zerur çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerden agtygy bilen Döwlet sirkinde hepdäniň şenbe güni üçin düzülen maksatnamasyna laýyklykda görkezmegi meýilleşdirilen çykyşlara syn etmek üçin zala geçdi. Sirk ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etmäge gelenler milli Liderimizi agtygy bilen zalda görenlerinde döwlet Baştutanymyzy uly joşgun bilen garşyladylar. Hormatly Prezidentimiz özüne bildirilen hormat üçin minnetdarlyk sözlerini aýdyp, öz ornuna geçip oturdy.

Döwlet Baştutanymyzyň sirke gelendigi baradaky habar sahna çykmaga taýýarlyk görýän artistlerde uly ruhubelentlik döretdi. Olar öz çykyşlaryny ýokary derejede görkezmäge çalyşdylar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösendigini bellemeli. Bu ulgama öňdebaryjy tehniki meýiller ornaşdyryldy. Onuň binasy döwrebaplaşdyryldy we iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa sahnada batyrgaý we özboluşly çykyşlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Sirkiň tomaşa zalynda ýaýbaňlandyrylan çykyşlar gimnastlaryň çylşyrymly hereketleri bilen tansçylaryň görkezýän tomaşalarynyň sazlaşygy, masgarabazlaryň gülküli sahnalary, akrobatlaryň çylşyrymly hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. “Ýedigen” tans toparynyň ussatlarynyň ýerine ýetirýän çykyşlary bu günki tomaşa özboluşly öwüşgin çaýdy.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň gimnastlary Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda kemala gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň keşbini janlandyrdylar. Akrobatlaryň bu çykyşlary hem örän täsirli boldy.

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde çykyş edýänler dürli ýaşdaky artistler bolmak bilen, olaryň her biri özboluşly çykyşlar bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýarlar. Bu gün hem sirkiň ýaşajyk türgeni “Taýçanak” atly tomaşany görkezdi. Bu çykyşda pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçýändigi aýdyň görünýär.

Soňra bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde görkezilýän esasy çykyşlaryň birine nobat berildi. Onda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary uçganaklap duran bedew atlara atlanyp, sirk sungatynyň iň bir çylşyrymly hem-de özüne çekiji görnuşini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Mälim bolşy ýaly, türkmen atşynaslarynyň gadymy däpleriniň üstünlikli ösdürilmeginde bu toparyň alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.

Jigitler sirkiň arenasynda çapyp barýan atlaryň üstünde dürli tomaşalary ýerine ýetirdiler. Toparyň agzalarynyň birnäçesiniň çapyp barýan atlaryň üstünde edýän hereketleri, olaryň biri-biriniň üstünde durup, şowhunly elçarpyşmalaryň asytnda milli Tugumyzy belentde parlatdylar. Bu çykyş hiç kimi biperwaý goýmaýar we ony görenlere uly täsir edýär. Mähriban Watanymyzyň buýsançly parlaýan baýdagyna daşary ýurtlarda we biziň ýurdumyzyň myhmanlary birnäçe gezek el çarpdylar. Olar ganatly bedewlere atlanan jigitleriň çykyşlaryna birnäçe gezek haýran galyp tomaşa etdiler.

Çykyşlar tamamlanan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agtygy bilen sahna geldi. Döwlet Baştutanymyz agtygyndan ata münmek höwesiniň bardygy hakynda soranynda, ol erjellik we çaga höwesi hem-de çalasynlygy bilen uçganaklap duran bedewe atlanyp, sirkiň sahnasynda öwrüm etdi. Zalda oturanlar ýaşajyk jigidiň at üstünde erjel oturşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Bedewlere aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz özüniň at çapmaga boloan ukybyny birnäçe gezek görkezdi.

Hut şonuň üçin hem ahalteke bedewaleriniň janköýeri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agtygynyň bedewe ussatlyk bilen erk etmegi kanunalaýyklykdyr. Çünki türkmen halkynda hemişe bolşy ýaly, ulularyň ýaş nesillere goldaw bermegi, irki çagalyk döwründen olaryň gadymy gymmatlyklara bolan söýgüsini oýarmagy halkymyzyň asylly ýöreglesi bolup durýar. Şeýlelikde, ähi gowulyklary we hoşniýetli gymmatlyklary şöhratly pederlerimiziň asylly däplerini dowam etdirijiler bolan ýaş nesilleriň terbiýelenmegi döwrüň baş wezipesi bolup durýar.

… Döwlet Baştutanymyz sirke tomaşa etmäge gelen çagalara ýüzlenip, olardan gören tomaşalary we gyzyklanýan hünärleri barada sorady. Körpeler milli Liderimiziň sowallaryna agzybirlikde jogap berdiler. Olaryň joşgunly sesleri bagtyýar çagalygyň belent ruha beslenýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz göwünleri ganat beklän oglanjyklara we gyzjagazlara seredip, buýsanç bilen:

“Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň çagalaryna şöhrat!” diýdi.

Döwlet Baştutanymyzň bu sözlerini şadyýan çagalar “Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!” diýip alyp göterdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz söhbetdeşligi ýurdumyzyň Döwlet sirkiniň artistleri bilen dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz olaryň milli sirk sungatymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri bitirýändiklerini kanagatlanma bilen belläp, bu ulgamyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde ähli zerur çäreleriň görüljekdigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz sungatyň bu görnüşine ykbalyny baglan artistlere, hünärmenlere işlerinde üstünlik arzuw edip, Türkmenistanyň Döwlet sirkine ABŞ-nyň 50 müň dollary möçberinde pul serişdesini berýändigini mälim etdi.

Munuň üçin sirkiň artistleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar we türkmen sirk sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, onuň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Häzirki döwürde sirk sungaty biziň ýurdumyzda sazlaşykly ösdürilýär. Ony esasan-da çagalar söýýärler. Çünki, sirkiň sahnasynda jadyly dünýä açylýar, ol ýerde batyrgaýlyk, çeýelik, gözellik we zehin dabaralanýar. Şeýle hem sirk sungatynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň bardygyny bellemeli. Milli Liderimiz sirk sungatynyň üsti bilen biziň milli mirasymyzy wagyz etmek barada aýdanynda çaga terbiýesini göz öňünde tutýar.

… Şol pursatda sirkiň artistleri we tans toparlarynyň agzalary döwlet Baştutanymyzyň daşyny gurşap, milli Liderimiz bilen bilelikde horegrafik çykyşy ýerine ýetirdiler. Munuň özi sirkde guralan dabaranyň jemlemesi boldy.

Bu günki waka türkmen ilinde asylly ýörelgeleriň nesilden-nesle geçýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz agtygy bilen sirke gelip, maşgala gymmatlyklarynyň mukaddes ýörelgedigini wajypdygyny şahsy göreldesi bilen ýene bir ýola subut etdi. Döwlet Baştutanymyz köp sanly çagalar bilen söhbetdeş bolanynda açyklyk esaslaryna daýanýandygyny bellemeli. Çagalar ýurduň Prezidentine ägirt uly hormat goýmak bilen, milli Liderimize özleri hakda uly alada edýän dost hökmünde, şeýle hem çagalara ähli babatda kömek berýän ynsan hökmünde garaýarlar.

Döwlet Baştutanymyzyň çagalara ýüzlenip aýdýan sözleriniň nurana umytlara, buýsanja we biziň Watanymyzyň ýagty geljegine bolan berk ynamyna beslenýändigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş nesillere ak ýol arzuw etmek bilen, olaryň öňi bilen mährian Watany söýmelidigini, ululara hormat goýmalydygyny, pederlerimiziň ruhy ýörelgelerini we köp asyrlyk däplerini, halkymyzyň mirasyny we ýeten derejesini aýawly saklamalydygyny, iň esasy bolsa hakyky watansöýüjiler bolmalydygyny ündeýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz sirkiň artistleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we sungat ussatlaryna işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip, sirkiň binasynyň daşyna çykdy.

Mundan başga-da, bu gün döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ministri we Aşgabat şäher häkimi bilen söhbetdeş bolup, diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmaklary, olaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklar berdi.

Beýik we asylly başlangyçlary mynasyp dowam ediji nesilleri ösdürip ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm wezipesidir diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bagtyýar çagalygyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Bu asylly we örän jogapkärli işde ähli zat möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mugallymçylyk işi we durmuş ulgamy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň ruhy ösüşiniň, onuň milli taryhymyzyň köp asyrlarynyň dowamynda toplanan baý tejribele daýanýan jemgyýetimiziň durnukly ösüşinde özboluşlylygyň we tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.

Ýurdumywzyň Döwlet sirkinde bolan şu günki waka ýaşajyk tomaşaçylara egsilmez şatlyk eçildi we mähriban Watanymyzyň aýdyň geljegini ýene bir ýola äşgär etdi.

Geçmiş bilen geljegiň arabaglanyşygy bolan häzirki döwür – bu biziň çagalarymyzdyr. Bagtyýar çagalar biziň ertirki günümize ynamymyzdyr, biziň geljege batyrgaý garaýyşlarymyz we şöhratymyzdyr!

Hormatly Prezidentimiz çagalara ýüzlenip, buýsanç bilen, “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň çagalaryna şöhrat!” diýen sözleri aýdanynda körpeleriň mähriban Watanymyza, hormatly Arkadagyna bolan söýgüsi artdy. Çünki, bu jümlede milletiň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan nesilleriň arabaglanyşygynyň bakylygy we bölünmezligi aýdyň beýanyny tapýar.

… Sirkiň maksatnamasy boýunça görkezilen çykyşlar tamam boldy. Ýöne, ol çykyşlar oňa tomaşa edenleriň aňynda köp wagtlap saklansa gerek. Sirke tomaşa eden oglançyklaryň we gyzjagazlaryň kalblarynda milli Liderimiziň özlerine ýüzlenip aýdan:

– Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň çagalaryna şöhrat! – diýen sözleri uzak wagtlap ýaňlansa gerek.

Degişli makalalar

Ulag ýollary hakynda.

syrach

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Saud Arabystana Resmi Sapary Başlanar

syrach