17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň

Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2012” atly halkara sergisine we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary we halkara hyzmatdaşlygy” atly 17-nji halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen daşary ýurtlaryň toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. 

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň energetika degişli meseleler boýunça geňeşçisi jenap Angus Miller bilen duşuşygyň barşynda türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem ozal baglaşylan iki taraplaýyn ylalaşyklary amala aşyrmagyň dürli jähetleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Myhman Türkmenistanyň örän uly mümkiçniliklere eýe bolmagynyň, ýurdumyzyň ykdysady taýdan batly depgin bilen ösüşiniň britan işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen has ysnyşykly we doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirmegini şertlendirendigini belläp, söwda-ykdysady ulgamyň, şeýle hem ýangyç-energetika pudagynyň ikitaraplaýyn hyzmataşlygyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny aýtdy. 

Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliniň pikirine görä, häzirki wagtda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ykdysady özgertmeleriň strategiýasywnyň hem-de ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek boýunça syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde maýa goumlary babatda örän oňaýly ýagdaý döredildi hem-de netijeli, özara peýdaly türkmen-britan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertler bar. Beýik Britaniýanyň köp sanly kompaniýalary Türkmenistan bilen öňden bäri ygtybarly ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýärler. Şu gezekki wekilçilikli foruma iri britan işewür toparlary hem gatnaşýarlar, munuň özi Beýik Britaniýanyň we Türkmenistanyň kompaniýalarynyň we pudak edaralarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine degerli badalga berer. 

Abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özara arkalaşykly hereket etmegiň jähetlerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Beýik Britaniýada ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleriniň kanagatlanma bilen kabul edilýändigi, türkmen döwletiniň örän uly we wajyp ähmietli başlangyçlarynyň hemme taraplaýyn goldalynýandygy bellenildi, şol başlangyçlar halkara forumlarynyň belent münberinden türkmen Lideri tarapyndan öňe sürüldi. Myhmanyň aýtmagyna görä, ýakynda ýurdumyzyň 2013-2015-nji ýyllar üçin Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (YDG) agzalygyna saýlanmagy Türkmenistanyň BMG-niň agzalary bolup durýan ýurtlar, şol sanda Beýik Britaniýa bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin has uly mümkiniçilikleri döreder. 

* * *


Katar Döwletiniň Daşary işler döwlet ministri jenap Haled ben Muhammed Al-Atyýýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekilýet bilen duşuşygyň barşynda, myhmanlar Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça türkmen jemgyýetiniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna we ösüşine gönükdirilip, ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler, taslamalar we maksatnamalar bilen tanyşdyryldy. 

Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň wekilleri özara peýdaly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigini belläp, iki ýurduň hem özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar bounça doly möçberli, netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek üçin oňaýly mümkiçniliklere eýe bolup durýandygyny aýtdylar. 

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň, söwda-ykdysady, nebitgaz pudagy, ulag we aragatnaşyk ulgamlary ýaly wajyp ähmietli ugurlary barada gyzykly pikir alşyldy hem-de ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly wajyp ähmietli ugurda hyzmtadaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. 

Yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegini ýola gýmak arkaly, dostlukly iki ýurduň pudaklaýyn döwlet edaralarynyň arasynda, şol sanda daşary işler minisrlikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyk edilmegine degişli meseleler barada aýratyn pikir alşyldy. 

Şu duşuşyga gatnaşyjylar onuň örän netijeli bolandygyny belläp, dostlukly iki ýurduň we halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän oňyn hyzmtadaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. 

* * *


Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Patrisiýa Flor tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet bilen duşuşykda ýewropa ugrunuň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolandygy we şeýle bolmagynda galýandygy, Ýewropa Bileleşigi, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolup durýan ýurtlaryň ählisi bilen gatnaşyklaryň sazlaşykly, netijeli, taraplaryň özara hormat goýmagyň we syýasy gepleşigi ösdürmäge hoşmeýillilik bildirmegiň ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar hökmünde häsietlendirilýändigi bellenildi. 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-gümanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri we geljekki mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alşyldy. Ýangyç-energetika pudagynyňdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada aýratyn gürrüň edildi. Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili häzirki wagtda energetika howpsuzlygy üpjün etmek we Ýewropa tarap täze energetiki geçelgeleri ösdürmek bilen bagly meseleleriň ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny belläp, uglewodorod çig malyny eksport etmegiň köp ugurly ulgamyny yzygiderli ýagdaýda we üstünlikli döredýän Türkmenistanyň aýratyn orny eýeleýändigini belledi. 

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň aýtmagyna görä, wekilçilikli foruma Ýewropanyň köp sanly abraýly kompaniýalarynyň gatnaşmagynyň Ýewropanyň işewür toparlarynyň geljegine uly umyt baglanýan türkmen bazaryna gatnaşygyny giňeltmek, şeýle hem milli we transmilli möçberde maýa goýumly we bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmak babatda bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygyny aýdyň görkezýän subutnamadygyny aýtdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach