9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň Ilkinji Hormatly Raýaty

Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy – Aşgabadyň Ilkinji Hormatly Raýaty

“Oguzhan” köşkler toplumynda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko “Aşgabat şäheriniň hormatly raýatynyň” şahadatnamasyny gowşuryş dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, Walentina Matwiýenkonyň bu hormatly ada Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, syýasy, ykdysady we medeni-ynasanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, iki ýurduň halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandy üçin mynasyp bolandygyny belledi.

Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy özüne bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirip, ajaýyp türkmen paýtagtynyň – özboluşly we gaýtalanmajak binalary, gözelligi hem-de sazlaşygy, ekologiýa taýdan arassalygy, ýaşyl begresiniň we çüwdürimler toplumlarynyň ajaýyplygy bilen haýran galdyrýan ak mermerli şäheriň hormatly raýaty bolmaga şatdygyny hem-de muňa buýsanýandygyny aýtdy.

Bu waka mynasybetli geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň wekiliýetiniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Degişli makalalar

Pan Gi Mun Aşgabatda Geçiriljek Ulag Ulgamy Boýunça Halkara Maslahatyna Gatnaşar

turkmenhabargullugy

«Magtmyň Aramgähi» Suratynyň Taryhy

On Ikinji Tapgyryň Jemleýji Oýunlary Geçirildi