Baharyň ýa-da güýzüň gelmegi bilen gykywlaşyp durnalar uçup gidýär. Türkmenistanda ýazda we güýzde esasy ornitologik ýerlerde guşlaryň göçüşine, şol sanda halkara ähmiýetli „Durnaly“ diýen ýerde, şeýle hem Köpetdag döwlet goraghanasynyň Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň golaýynda gözegçilik edilýär.
Şol ýerlerden şol bir göçüp gidýän we gonalga saýlaýan çal durnalar köpçülikleýin geçip gidýärler. Olaryň ilkinji toparlary bize fewralyň ahyrynda gelip başlaýarlar, apreliň ahyrynda bolsa höwürtgeleýän mekanlaryna uçup gidýärler. Şu ýylky uzaga çeken gyş zerarly olar bu ýerde dynç aldylar, iýmitlendiler, gyşyň gutararyna garaşdylar, süri boldular, gysga aralyga göçdiler, gutarnykly göçmäge howlukmaýardylar. Ahyrsoňy uly toparlara bölünşip, hoş owaz gykuwlaşyp, oranaşan ýerleriniň depesinden pyrlandylar-da, demirgazyk ülkerler saty ýola düşdiler.
Indi olaryň güýzki göçümi başlandy we Türkmenistana bu owadan jandarlar gelip ugrady. Her ýyl olar ýurdumyzda iýmitlenmäge gelse, belli bir bölegi gyşlamaga galýar. 2015-nji ýylda ekologlar Durnalyda we çäkli goraghanada durnalaryň gyşlamaga ellisiniň, 2016-2017-nji ýyllarda ýüzüsiiň galandygyny hasaba aldylar. Gündizlerine olar atyzlardan ýa-da ýylgynlykdan iýmit gözleýärdiler. Gijelelrine bolsa, bu ýerdäki şor köle, suw gyrasynda ösýän we töweregini şora gallap duran ýalpak ýere ýygnanýardylar.
Çäkli goraghananyň gözegçileridir işgärleri gyşlaýan we ötegçi guşlara meýilnama boýunça gözegçilik ederler. Olaryň göçýän döwri alymlar Gyzyl kitaba girizirlen owadan durnany we seýrek duşýan ak durnany görmeklige umyt bildirýärler. Ýerli ornitologlar ýurdumyzyň ganatly myhmanlarynyň goragyny we olara oňaýly şertleri üpjün etmek üçin guşlaryň gyşlaýan ýerlerine birnäçe gezek gidýärler. Ýurdumyzyň peýdalanylýan ýerlerinde durnalar ösümlikler we dürli jandarlar bilen iýmitlenýärler, ösümlikleriň baldaklaryny, köküni, mör-möjekleri, mollýusklary, uşak gemrijileri we ýerde-suwda ýaşan jandarlary iýýärler. Olar alty guşdan ybarat kiçeňräk topar ýa-da kyrk guşly süri bolup gezýärler, öte ätiýaçly, çala howp duýdugy uçup gidýärler. Goraghananyň işgärleri uçmaga amatsyz howa şertlerinde olara gözegçilik edýärler we durnalary surata düşürýärler.
Çal durnalaryň göçýän möwsümi fewraldan maý aýyna we awgustdan noýabra çenli dowam edýär. Türkmenistanda olar Amyderýanyň, Tejeiniň jülgelerinde we Köpetdagyň eteklerinde açyk landşaftlarda we suwly-batgaly ýerlerde saklanýarlar we gyşlaýrlar. Bir ýere olaryň 1000 golaýy we ondan köprägi üýşýär.Tutuş ýurdumyzda esasy ornitologik ýerleriň 50-ä golaýy boup, olardan 30-sy durnalaryň gyşlamagy we göç eýlemegi üçin wajyp hasaplanylýar. Çal durna Günbatar Ýewropadan we Kiçi Aziýadan tä Gazagystana we Günbatar Sibire çenli ýaýrandyr, olar Türkmenistandan başga-da, Özbegistanyň günortasynda, şeýle hem Pars aýlagy ýurtlarynda, Owganystanda, Pakistanda, Hindistanda we Demirgazyk Afrikada gyşlaýarlar.