7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni.

Paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkezinde biziň ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän we Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orny eýelejek, iki dostlukly döwletiň oňyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin nobatldaky gezek kuwwatly itergi boljak “Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň güni” boldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasyndan uly wekiliýet duşuşyga gatnaşmak üçin Türkmenistana ýörite geldi. Onuň düzümine işewürligi ösdürmek boýunça GFR-iň döwlet guramalarynyň ýolbaşçylary, meşhur banklaryň wekilleri hem-de “CLAAS Global Sales GmbH”, “Wirtgen International”, “Hospitalia International”, “Biopharm AG”, “Siemens AG”, “BASF”, “Wintershall Holding GmbH—Caspian Region”, “PWE Dea AG” , “Bentec” ýaly iri firmalara wekilçilik edýän işewürler girdiler. Maslahatyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 33-siniň, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, German ykdysadyýetiniň Merkezi Aziýadaky wekilhanasy German ykdysadyýeti gününiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Umumy mejlis başlanmazyndan öňürti Germaniýadan gelen myhmanlara biziň ýurdumyz hakyndaky wideofilm hödürlenildi. Bu özboluşly syýahat kompaniýalaryň wekillerini Türkmenistan bilen, onuň soňky ýyllarda emele gelen häzirki zaman keşbi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryndaky oňyn özgertmeler bilen tanyşdyrdy, olaryň 10-dan gowragy biziň ýurdumyza ilkinji gezek geldiler.

Mejlisiň barşynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň barha pugtalanýandygy we ösýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal kansleri Angela Merkel bilen ýokary derejede ýygjamlanan duşuşyklary, soňky ýyllarda gol çekilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalar, halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Helmut-Wolfgang Brett myhmanlary mübärekläp, Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklaryň çuňlaşmagynyň mümkinçiliklerine ýokary baha bermek bilen, geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge isleg bildirýän nemes kompaniýalarynyň sanynyň ýylsaýyn artýandygyny nygtady, Türkmenistan bolsa Merkezi Aziýada GFR-iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir.

Mälim bolşjy ýaly, Türkmenistan we Germaniýa öz gatnaşyklarynyň tejribesini we mümkinçiliklerini gyşarnyksyz artdyrýarlar. Şu ýylyň birinji ýarymynyň maglumatlary aýratyn özüne çekýär, şoňa laýyklykda özara söwda depginleriniň ösüşi 22 göterime barabar boldy. Diňe soňky ýyllarda nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär, olaryň 60-dan gowragy Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny açdylar.

Germaniýanyň wekiliýetiniň baştutany, GFR-niň ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministrliginiň departamentiniň ýolbaşçysy jenap Andreas Noýman ösýän türkmen-german gatnaşyklary babatda işewür maslahatyň ähmiýetini aýratyn nygtady, oňa taraplaryň tagallalary netijesinde soňky ýyllarda täze hil we kuwwatly depgin berildi. Bellenip geçilişi ýaly, ýewropa işewürliginiň bildirýän ýokary, barha artýan gyzyklanmasy ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we energetika kuwwaty bilen hem, bu ýerde ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmeler bilen hem şertlenendir.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, dokma senagatynda, saglygy goraýyş, ulaglar we aragatnaşyk, ylym hem-de bilim, energetika we täze tehnologiýalar ulgamlarynda, oba hojalyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda german işewürleriniň artýan işjeňligi özara peýdaly türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň üstünliklidigine we uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär.

German hyzmatdaşlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligi ýyl-ýyldan ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanýandygy we munuň özi maýa goýum işini işjeňleşdirmek hem-de bilelikdäki iri taslamalary işläp taýýarlamak üçin oňat girew bolup durýandygy bilen şertlenendir.

Umumy mejlisden soň maslahatyň işi maksatnama boýunça umumy meselä birleşen bölümleriň mejlisleriniň dördüsinde dowam etdi. Meseleleriň giň toparynyň hatarynda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylýan döwründe Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine, maliýe-bank ulgamynda, energetikada we täze tehnologiýalarda özara gatnaşyklara, Germaniýanyň ýokary öndürijilikli tehnikasyny Türkmenistana ibermäge aýratyn üns berildi. Bölümler boýunça mejlisleriň barşynda geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde öz halkara abraýyny tassyklaýan biziň ýurdumyz bilen oňyn hyzmatdaşlyk etmegiň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Türkmenistanyň nebitgaz serişdeleriniň ägirt uly kuwwatyny we biziň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny nazara almak bilen, energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljeginiara alyp maslahatlaşmak çykyşlaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Aýratyn mejlis hünärmenleriň bilim maksatnamalaryna we akademiki alyş-çalşa bagyşlandy, ol soňky ýyllarda çalt ösdürilýär. Hususan-da, şu gün ir bilen paýtagtymyzyň Oba hojalyk uniwersitetinde “CLAAS Global Sales GmbH” kompaniýasynyň okuw merkezi açyldy.

German kompaniýalarynyň ýolbaşçylary öz çykyşlarynda türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan taslamalara, hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde port terminalynyň we Aşgabatda howamenziliniň gurluşygyna örän işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

Myhmanlar soňky ýyllarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge özleriniň çalyşýandyklary barada söz açyp, öňdebaryjy tehnologiýalar babatda dünýä liderleriniň biri bolmak bilen Germaniýanyň iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary hödürlemäge taýýardygyny bellediler. Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň energetika taýdan netijeli we innowasion derejä geçmegi nazara alnanda bu aýratyn möhümdir.

Telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn bellenip geçildi. Döwlet tarapyndan goldaw berilmegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmek üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi biziň ýurdumyzda telekeçileriň-senagatçylaryň sanyny artdyrdy. Olar önüm öndürmekde içerki bazaryň talaplaryny kanagatlandyrmak bilen bir hatarda eksport etmäge hem ukyplydyrlar. Ýurdumyzda meşhur bolan, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň önümçilik kärhanalarynyň köpüsi, şol sanda “Bereketli” şöhlat kärhanasy we “Hasar” süýji-köke fabrigi Germaniýada ýasalan häzirki zaman ýokary tehnologiki enjamlarda işleýärler.

Duşuşygyň çäklerinde işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda Germaniýadan iri halkara kompaniýalarynyň sergisi guraldy, onuň diwarlyklarynda şolaryň iň täze taslamalary we işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyryldy.

Maslahatyň işiniň barşynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler hem boldy. Myhmanlar Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler, Energetika, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Oba hojalyk, Aragatnaşyk, Bilim ministrliklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda hem-de Azyk senagaty assosiasiýasynda kabul edildi.

Şu gün öz işini tamamlan “Türkmenistanda German ykdysadyýetiniň gününe” gatnaşyjylar bu maslahatyň iki döwletiň arasyndaky uzakmöhletleýin söwda-ykdysady aragatnaşyklary çuňlaşdyrmakda, GFR-iň haryt öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, dostlukly ýurduň maýa goýumlaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetine çekmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny oňyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň täze derejesine çykarmakda möhüm çäre bolandygyny belläp, häzirki maslahaty ýokary derejede guramaga goldaw berendigi we ýardam edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Uly Ýoluň Tapgyrlary Polat Ýollar Boýunça Fotosyýahatçylykda

syrach

Aşgabatda demirýol ulaglary pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

syrach