16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Mejlisde Ýapon-Türkmen Dostlugy Parlament Assosiasiýasynyň Ýolbaşçysy Endo Toşiaki Bilen Duşuşyk Geçirildi

Mejlisde Ýapon-Türkmen Dostlugy Parlament Assosiasiýasynyň Ýolbaşçysy Endo Toşiaki Bilen Duşuşyk Geçirildi

Şu gün Mejlisde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Tokiodaky Olimpiýa, Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ygtyýarly wekili, ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň wekilçilikli topary bilen duşuşyk geçirildi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, “Aşgabat-2017” oýunlarynyň üstünlikli açylmagy mynasybetli Ýaponiýanyň Imperatory Akihitonyň hem-de Premýer-ministr Sindzo Abeniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Olar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny gazanmagyň ýolunda täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýapon tarapy Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berilmegi bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy maslahatynda türkmen tarapynyň başyny başlan Türkmenistanyň we Braziliýanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Belent ynsanperwer resminamany goldan ýurtlaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýa jarnama boýunça awtordaşlar hökmünde çykyş etdiler, bu bolsa adam hukuklary babatda türkmen diplomatiýasynyň ajaýyp üstünliklerini tassyklaýar.

Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygy bellenildi.

Ýaponiýanyň ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de geljekde Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge hemmetaraplaýyn taýýardygyny beýan edildi. Işjeň ösdürilýän “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasy bolup, onuň nobatdaky mejlisi şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirildi.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi hökmünde parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, kanun çykaryjylyk babatda özara peýdaly tejribe alyşmagy höweslendirmek barada pikir alyşdylar. Ýapon-türkmen dostlugy parlament assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hem şoňa ýardam etmelidir. Bellenilişi ýaly, bu düzümiň döredilmegi döwletara gatnaşyklarynyň gazanylan ýokary derejesiniň netijesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Ýaponiýanyň parlamentarileriniň uzakmöhletleýin geljek üçin türkmen döwleti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mynasyp goşandyny goşant goşmagaçalyşmagynyň beýany bolup durýar.

Degişli makalalar

Awstriýa Respublikasynyň Wekiliýetiniň Sapary

syrach

Türkmenistanyň Resmi Wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasyna Sapary

Türkmenistan-Dünýä Energetikasynyň Durnukly Ösüşiniň Strategik Merkezi