4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Kerwensaraýlar Yslam Dini Ýaýramazdan Has Öň Peýda Bolupdyr

Türkmenistanda Kerwensaraýlar Yslam Dini Ýaýramazdan Has Öň Peýda Bolupdyr

Orta asyrlarda Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda söwda kerwenleriniň dem-dynç almagy we olary goramak üçin her 30-4- kilometrden tutuşlugyna ýapyk diwarly hem-de gorag berkitmeli ýörüte gonalgalar gurlupdyr. Olar kerwen irden bir gonalgadan ugrap agşama beýlekisine barar ýaly hasap bilen gurlupdyr. Olara köplenç kerwensaraý diýlipdir. Şäherlerdäki kerwensaraýlara gorag gerek bolmandyr, çünki olar bazarlaryň gapdalynda- şäher merkezinde gurlupdyr.

Türkmenistanda kerwensaraýlar bize Yslam dini ýaýramazdan has öň peýda bolupdyr. Sasanylar, belki-de parfiýa döwrüne degişli söwda galalarynyň galyndylary saklanyp galypdyr: olar esasan goranmak üçin gurlan bolmaly, ýöne şonda-da täjirleriň kerwenlerine hyzmat etmäge uýgunlaşdyrlan eken (1-nji surat). . Ýöne olar diňe musulmanlar eýýamynda—VII asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýada Yslam dininiň ýaýran ilkinji ýyllaryndan köpçülikleýin bina edilip başlanylypdyr. Araplar basyp alan ýerlerinde harby galalalry gurupdyrlar, olara „rabat“ ýa-da „ribat“ diýipdirler. Olarda esgerler bölümleri ýerleşipdir, olara „gazylar“—„din ugrunda göreşýänler“ –diýipdirler. Soňy bilen ol ýerlere täjirleridir beýleki ýolagçylar gelip ugrapdyralr, rabatlar indi gonalga hökmünde-de ulanylypdyr. Bu bolsa adalgalaryň özgermegine getiripdir, IX asyrdan başlap, kerwensaraýlara köplenç „rabat” diýip ugrapdyrlar. Şol döwre „rabat“ sözüniň ilki manysy eýýäm ýatdan çykyp gidipdir.

Türkmenistanda we onuň goňşy döwletlerinde XI asyra çenli ygtybarly goragly adaty köşk-galalar kerwensaraýlar hökmünde ulanylypdyr. XI asyryň ahyryna bu sebite mahsus gonalgalaryň keşbi kemala gelipdir. Hemişe simmetrik bolmasa-da, gönüburçly ýa-da inedördül binalarda myhmanlar üçin içki howly, ammarlar, ýük daşaýan mallar we ot-iým saklamak üçin telärler bolupdyr (2-nji surat). Düýpli kerwensaraýlardan başga-da, XI-XII asyrlarda ilatly galalar we Merkezi Aziýanyň uly söwda ýollarynda gurlan serhet galalary bolupdyr.

Dehistanda, Horasanda we Horezmde Beýik Seljuklar nebereleriniň we olaryň ornuna gelen horezmşalary-Anuşteginler eýýýamy, ýagny XI asyr XIII asyryň başy kerwesaraýlary gurmagyň has ösen döwri bolupdyr. Syýahatçylaryň we geografiýaçylaryň ýazmagyna görä, şol döwürde olaryň müňlerçesi bar eken. Olaryň ählisi-de, belki, deň derejede düýpli bina bolanam däldir, ýöne döwlet tarapyndan gurlanlary oňa abraý getirip, döwürdeşlerini ajaýyp binalary, kaşaňlygy we amatlyklary bilen haýran edipdir. Baryp VIII asyrda Horasanyň Omeýýatlar dikmeleriniň soňkylarynyň biri Asad ibn Abdallah barada döwürdeşleriniň ýazgylarynda şeýle diýlipdir: „Ol ýere gündogardan bezirgen geler, günbatardanam, ýöne o taýyň ýetmezlini tapan bolmaz“.

Wajyp söwda ýollarynyň ugrunda iri kerwensaraýlary gurmak döwlete degişli bolupdyr, ol hökümdaryň borjy bolup, ýurduň abadanlygy baradaky aladasyny görkezipdir. Soltanyň, hanyň ýa-da emiriň şan-şöhraty onuň buýrugy bilen gurlan kaşaň kerwensaraýlarynyň sanyna görä bolupdyr: ýoldan aryp gelen ýolagçy owadan howpsuz we amatlykly kerwensaraýa düşende özüni hut hökümdaryň öz myhmany ýaly duýmaly eken. Şonuň üçinem kerwensaraýlar hakykatdanam biçüwi we bezegleri babatda şa köşgünden üýtgeşik tapawutlanmandyr. Olara mysal edip, Beýik Seljuklar eýýamynda gurlan Amuldan Ürgenje gidýän ýoldaky Daýahatyn (3-nji surat) we Saragsdan Nişapura gidýän ýoluň ugrundaky Rabati-Şaraf kerwensaraýlaryny görkezmek bolar.

Şäherara kerwensaraýlar galyň diwarly we berk derwezeli galalar bolupdyr. Olarda ýolagçylar dem-dynç alar ýaly otaglardan başga-da, dükanlar we düýeler, atlar hem-de gara mallar üçin ýataklar, ussahanalar, hammamlar bolupdyr. Olarda kerwensaraýlary we olarda bolýanlary talaňçylardan goraýan harby bölümler bar eken. Iri kerwensaraýlarda harydyňy satmaga ýa-da çalyşmaga mümkinçilik bolupdyr. Olaryň köpüsinde ozan-sazandalar gelenlere aýdym-saz edipdirler. Bu ýerlerde Andaluziýanyň, Heresiň we Şampanyň baýyrlarynda ýetişdirlen üzümden taýýarlanan şerap satylypdyr, burgundiýa, hios, kipr we falern çakyrlarynyň dürli görnüşleri bolupdyr—Yslam ahlagy berk bolsa-da, alys ýurtlardan gelýän bezirgenler olary içipdirler. Dinine berk musulmanalr üçin derweze tarapdan namaz otaglary gurlupdyr. Käbir kerwensaraýlaryň içki howlusynda kiçeňräk metjitler bar eken. Kerwen ýollaryň hyzmaty üçin hak alynmandyr. Diňe şäherlerde ýolagçylar gonalga hak töläpdirler.

Garagumda köp gatnaw edilen gadymy ýollaryň yzy galypdyr. Gum içindäki guýylaryň atlarynyň käbiri Türkmenistanyň häzirki kartasynda saklanyp galypdyr. Olar aýratynam Nusaýdan we Merwden demirgazyga we demirgazyk-gündogara-Ürgenje hemde Hywa gidýän ýollarda kän eken.Bu ýolda Tumşukly guýsyynyň golaýynda sazak ösüp giden belent gum depeleriniň arasynda has gowy saklanany Merwiň seljuklar bölegindäki Soltan galadan 150 kilometrlikdäki düýpli kerwesaraýdyr (4-nji surat).

Ol şol döwre degişli tutuşlugyna toýun kerpiçlerden gurlan, jebis dik ýarym sütünli, girelgeli bina bolupdyr. Baslygylan toýun diwarlar Merwiň we Horezmiň ussalarynyň özboluşly usullary bolupdyr—Aziýa ýurtlarynyň beýlekilerinde şeýle zat gabat gelmeýär. Diňe Buhara bilen Samarkandyň arasyndaky çöldäki XI-XII asyrlaryň özboluşly ýadygärligi şeýle tilsimde gurlandyr.

Tumşuklynyň golaýyndaky kerwensaraýyň burçlaryndakynda togalak gala bolup, olaryň biri beýlekilerden has uly gurlan. Onuň ýokarky gaty bolmasa-da, ol häzirem 10 metr belentlikde bolup, alyslardan göze ilýär. Ol kerwenler üçin çelgi bolan diň bolmaly. Onuň depesinde ýanan ot ýolagçylara ýol görkezipdir. Çöldäki gonalgalaryň ählisinde şeýle diňler bolupdyr, ýöne soňky döwürlerde olar minaralardyr öýdülipdir. Şeýle kerwensaraýlara Minara diýlipdir.

Amul bilen Merwiň arasyndaky 210 kilometr ýol Amyderýanyň çep kenaryn bilen Murgap derýasynyň ugrundaky oazisleri birleşdiripdir, emma olam Gargum çölüniň we takyrlaryň üstünden geçipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda başga ýol we ilatly ýerler bolmandyr, ýöne kerwensaraýlar we dynç alar ýaly kiçeňräk gonalgalar köp eken. Olaryň bary indi dargapdyr, bir bölegi gum astynda galypdyr, ýöne ýoluň sudury saklanyp galypdyr, ol häzirem bildirip dur.

Bu ýoluň ugruny baryp 1952-1953-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygndaky Günorta-Türkmenistan toplumlaýyn ekspedisiýasy barlapdyr we onda arheologik-topografik barlaglary geçiripdir. Bu işiň netijeleri „Merwden Horezme we Mawerannahra çenli Orta asyr söwda ýollary“ atly düýpli monografiýada beýan edilipdir. Şondan bäri hünärmenler ýüze çykarylan bu ýadygärliklere baryp görmändirler we ol ençeme ýyllap üns merkezinden düşürilipdir. Olar 60 ýyldan soň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça millli müdirligiň Londonyň kollej uniwersitetiniň Arheologiýa institutynyň (UCL) bilelikdäki tagllalary bilen „täzeden“ açyldy. Gum astynda galan ýadygärlikleriň anyk ýerleşýän ýerleri kesgitlenildi, olar surata alyndy, zerur ölçegler geçirildi.

Rabatlar ulgamy orta asyr arap ýol görkezijileriniňkä doly gabat gelýär. Olardan arap ýol görkezijilerinden belli bolan köşk-gala meňzeş kerwensaraýlaryň galyndylary bolan ah-Tahmalaj has tapawutlanýar. Ol ýaýylyp ýatan giden bir takyrda ýerleşýär. Ol belent binýatly ýokarky gaty dokuz gümmezli otagly bezegli girelgeli dörtgyraň toýun jaýdyr (5-nji surat). Ondan 5 kilometr aňyrrakda Akjagala atly XI asyrda Orta Aziýada iň uly kerwensaraý seleňläp görünýär (6-njy surat).

Onuň ýeke-täk esasy girelgesi bolup, ýüz tarapy gybsylanan toýun ýarym aýlaw bilen bezelipdir. Bu ýokary amatlykly „myhmanhananyň“ iki howlusy bar. Olary has giňişi mal saklamak we haryt goýmak üçin iki hatar otaglardan ybarat. Derwezäniň sag we çep taraplarynda hemmelere deň gümmezli otaglar bar. Kiçeňräk howluda eýwanlar, açyk otaglar we olaryň aňyrsynda ýaşamaga niýetlenen hüjre-otaglar bolupdyr. Bu ýerde mihrably namaz jaýlary-da bar. Otaglaryň we zallaryň köpüsi işikli. Öz wagtynda kaşaň kerwensaraý bolan bu bina Orta Aziýa üçin saýry ýadygärlikdir. Akjagalanyň galyndylaryny öwrenen akademik Galina Pugaçenkowa ony XI asyra degişli edýär.

Indi ylmy kitaplarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelrinde köp beýan edilen Daýahatyn kerwensaraýy has-da tapawutlanýar (7-nji surat). Ol Amuldan Ürgenje gidýän ýoluň ugrunda Amyderýanyň çep kenarynda ilatly ýerlerden uzakda çöl içinde ýerleşýär. Onuň binasy gurluş we tilsim babatda seljuklar eýýamynyň mimarlaynyň ussatlygynyň ajaýyp nusgasydyr. Beýlekilerden has gowy saklanan Daýahatynda türkmen hünärmenleri dikeldiş işlerini geçirýärler.

Degişli makalalar

Nebitgaz Känleriniň Gözleginiň Çäkleri Giňeldilýär

turkmenhabargullugy

Olimpiýa Şäherjiginde V Aziýa Oýunlarynyň Jemleýji Ýaryşlary Geçirildi

turkmenhabargullugy

Hususylaşdyrmak Hakynda