Öz Garaşsyzlygynyň 21-nji ýylynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, uly möçberli halkara we milli maýa goýumly taslamalary amala aşyrmak, ykdysady işiň ähli ugurlarynda hil taýdan ösüş gazanylmagyny hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek arkaly, durmuş-ykdysady taýdan uly ösüşlere eýe bolmagyny ynamly dowam edýär.
Türkmenistanyň soňky bäş ýylda ortaça 11 göterime barabar bolan çalt ykdysady ösüşi ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önüminiň çalt artmagyna getirdi. 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň jemi içerki önümi 3,5 essä golaý artdy, satyn alyjylygyň deňeçerligi boýunça ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümi bolsa 1,9 esse ýokarlandy. Şu ýylda Türkmenistanyň ilatyň jan başyna düşýän jemi içerki önümi ortaça alanyňda ýokary derejedäki girdejili ýurtlar boýunça ählumumy kabul edilen sepgitden geçdi.
Şeýlelikde Türkmenistanyň Hökümetiniň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasatyny amala aşyrmagy netijesinde başa bardy. Şol syýasatyň amala aşyrylmagy diňe bir ösüşiň yzygiderli, sazlaşykly bolmagyny, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy, ykdysady konýunkturanyň özgermeginden we oňa uýgunlaşylmagyny üpjün etmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň esasy strategiki maksada – ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny has ösen döwletleriň derejesine ýetirmek üçin kuwwatly binýadyň döredilmegine getirdi.
Döwletiň durmuş syýasatyny amala aşyrmakda maliýe ulgamyna wajyp orun degişlidir, bu ulgam çalt ösýär we şonuň bilen birlikde onuň institusional düzümi üýtgeýär. Býujet we pul – karz syýasaty boýunça amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän özgertmeler ösüşiň yzygiderli ýagdaýa eýe bolmagyny hem-de düzüme we durmuşa degişli wezipeleriň çözülmegini üpjün eder. Maliýe ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň arasynda pul görnüşindäki serişdeleriň oýlanyşykly, netijeli paýdalanylmagyny üpjün etmek arkaly maýa goýumlaryna degişli ýagdaýlaryň netijeliliginiň artdyrylmagyna we yzygiderli ykdysady ösüşiň gazanylmagyna ýardam berdi.
Soňky bäş ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 8 esseden gowrak artdy, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary 8,6 esseden gowrak köpeldi. Maýa goýumlary esasan täze önümçilikleriň döredilmegine, ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylmagyna we tehnika taýdan täzeden üpjün edilmegine gönükdirildi.
Goýumlary maýa goýumlaryna öwürmegiň mehanizmlerini kämilleşdirmegiň üsti bilen, maliýeleşdirmegiň ýurdumyza degişli çeşmelerini ösdürmek, maliýe ulgamynyň mümkinçiliklerinden dolulygyna peýdalanmak arkaly maýa goýumlarynyň düzümini oňaýlaşdyrmak amala aşyryldy.
Ykdysadyýetiň globallaşmagyna we onuň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylimagyna mahsus şertlerde esasy serişdeleriň täzelenmeginiň üpjün edilmegine, ykdysadyýetiň innowasiýalara uýgunlaşmagynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän adam kapitalynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berildi. Önümçilik we önümçilige dahylsyz pudaklaryň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň uly möçberleri gönükdirildi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek, ozal hereket edýänlerini bolsa abatlamak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça maýa goumly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berildi.
2008-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça döredilen Durnuklaşdyryş gaznasy ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna we maliýe ulgamynyň durnukly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär, bu gaznanyň serişdeleri ileri tutulýan maýa goýumly taslamalaryň maliýeleşdirilmegine gönükdirilýär, munuň özi ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklaryna daşarky oňaýsyz ýagdaýlaryň ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik ebrýär. Şeýle hem Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň belli bir bölegi bellenilen maksatnamalary maliýeleşdirmek arkaly, enjamlaryň we ýokary tehnologik önümleriň, ulag serişdeleriniň satyn alynmagyna gönükdirildi, munuň özi zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyny we hojalygy dolandyrmagyň has netijeli usullaryna geçilmegini üpjün etdi.
2011-nji ýylda Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişldeleri esasynda Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň döredilmegi institusional düzümini ösdürmekde wajyp ähmiýetli ädime öwrüldi. Bu bankyň esasy wezipeleriniň biri ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmekden we döwrebapllaşdyrmakdan, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümçiligini höweslendirmekden ybarat bolup durýar. Ösüş boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylmagy, bäsdeşlige ukyply önümleriň we tehnologiýalaryň döredilmegi bank tarapyndan höweslendirilýär.
Hakykatyna garanyňda, toplumlaýyn häsiýete eýe bolan dünýä maliýe çökgünliginiň ýaramaz täsirinden sowlup geçmek bilen, Türkmenistanda soňky ýyllarda bank ulgamy giňeldi, ykdysadyýetiň aýratyn-da ykdysady ösüş we diwersifikasiýa etmek boýunça ileri tutulýan pudaklarynda, şol sanda gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, senagat önümçiliginde we oba hojalygynda kärhanalaryň gatnaşmagyndaky karz amallarynyň sany ep-esli artdy.
Şeýle hem maliýe ulgamynyň düzümleri ykdysadyýetiň pudaklarynyň maliýe babatdaky hajatlaryny kanagatlandyrmak maksady bilen ösdürilýär. 2011-nji ýylda “Rysgal” paýdarlar — täjirçilik banky döredildi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi esasy paýdar bolup durýar.
Inistutisional innowasiýalary yzygiderli kemala getirmek ilkinji nobatda ýurduň maliýe ulgamynyň kadalaşdyrylymagyna, ykdysady ösüşiň ýokary depginleriniň saklanmagyna gönükdirilendir.
Munuň özi, kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2012-2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy. Onda ýurduň uzakmöhletleýin milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary ýakyn bäş ýyl üçin anyklaşdyryldy.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze strategiýasy milli ykdysadyýetiň döwrebap maddy-tehniki binýadynyň döredilmegini ugur edinýär hem-de esasy gaznalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelenilmegine, ähli pudaklaryň öňde baryjy tehnologiýalara yzygiderli ýagdaýda geçirilmegine gönükdirilendir.
Ykdysadyýetiň düzümi özgerýär, şunda taýyn we goşulan ýokary gymmatly önümiň önümçiligi agramly orny eýeläp ugrady. Ýokary tehnologiýaly, ylmy başlangyçlara we innowasiýalara esaslanýan pudaklary ösdürmegiň binýady döredildi.
Ýaşaýyş jaý – jemagat ulgamyna degişli gurluşyk işleri we ulag ulgamynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň ösüş depgini barha ýokarlanýar.
Esasy makroykdysady görkezijileri emele getirmekde milli walýutanyň alyş-çalyş hümmetiniň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy göz öňünde tutulyp, pudagara alyş-çalyş etmek boýunça syýasat düýpli ykdysady ýagdaýlaryň täsir etmegi, inflýasiýa degişli ýagdaýlaryň öňünni almak we ýurdumyzyň önümçiliginiň nyrh bilen bagly bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak bilen şertlendirilen alyş-çalyş boýunça durnukly hümmetiniň saklanmagyna gönükdirilendir. Walýutanyň hümmetine degişli syýasat eksport we import edijileriň bähbitleriniň deňeçerliginiň gazanylmagyna, milli pula ynamyň pugtalandyrylmagyna we türkmen ykdysadyýetine maýa goýmagyň özüne çekijiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda maliýeleşdirmek hil taýdan täze, ählumumy ykdysady häsiýete eýe boldy – pul, walýuta we haryt boýunça bazarlar bir-birine ýakynlaşyp ugrady, bu bazarlar biri-birine öz täsirini ýetirýär, kapital olaryň üsti bilen geçýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanda maliýe serişdeleriniň akymlaryny kadalaşdyrmak hem-de döwlete degişli we hususy maliýe serişdelerini dolandyrmak boýunça döredilýän takyk kada daşardan täsir edip biljek ýagdaýlara we töwekgelçiliklere garşy durmaga ýardam edýär.
Türkmenistanyň maliýe-ykdysady syýasatyda soňky ýyllarda şeýle maksatlaýyn gurluşyklaryň anyk ulgamy kemala geldi:
— ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we strategiki taýdan bäsdeşlige ukyplylygyny saklamak;
– ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek, innowasiýalara gönükdirilen täze önümçilikleri guramak;
— maliýe ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek;
— adam kapitalynyň ösüşine maýa goýumlaryny artdyrmak;
— maliýe düzümini döwrebaplaşdyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek;
— döwletiň we hususy taraplaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek;
— ykdysadyýetiň daşky täsirlere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak.
Türkmenistanyň netijeli daşary ykdysady syýasaty daşary söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, goşulyşmak arkaly aragatnaşyklary diwersifikasiiýa etmek, eksportuň geografiki ugruny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir hem-de ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. 2007-2011-nji ýyllar aralygynda bu görkezijiniň 2,1 esse artmagy, şunlukda eksportyň 1,9 esse, importyň – 2,6 esse ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu döwürde daşary söwda dolanyşygyň görkezijisi durnukly we oňyn derejede saklandy.
Ykdysadyýeti býujet arkaly düzgünleşdirmek döwlet tarapyndan düzgünlleşdirmegiň esasy ykdysady usullarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Döwlet býujeti ep-esli derejedäki profisit bilen berjaý edilýär. 2011-nji ýylyň netijeleri oýunça ol jemi içerki önümiň 3,6 göterimine barabar boldy. Şu ýylda-da Döwlet býujetiniň profisiti ep-esli derejä ýeter. 2010-njy ýyldaky dereje bilen deňeşdireniňde 2011-nji ýylda býujetiň girdejileri 1,5 essä golaý artdy.
Düzgünleşdirmäge esaslanýan kada subýektleriň ykdysady işjeňliginiň sazlaşykly ösmegine we durmuşdaky kadaly ýagdaýyň saklanmagyna ýardam edýär. Şunda salgydyň milli ykdysadyýete salýan agramy jemi içerki önümiň 22 göterimine golaý bolup durýar. Salgyt salmakda ykdysadyýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary üçin ep-esli derejedäki ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Uglewodorod serişdelerini gözlemek we çykarimak boýunça işleri amala aşyrýan potratçylar we kömekçi potratçylar goşulan gymmata, emläge degişli salgytlary we beýleki salgytlary tölemeýärler. Nebit bilen bagly işler geçirilen mahalynda potratçy diňe girdeji üçin salgydy, uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça ygtyýarnama (lisension) tölegi töleýär. Oba hojalygynda işleýän edara görnüşindäki we hususy taraplar ähli salgytlary tölemekden boşadylýar. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleýän edara görnüşindäki we hususy taraplar goşulan gymmata, girdejä we emläge degişli salgytlary tölemekden boşadylýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda býujete degişli harajatlaryň durmuş ulgamyna gönükdirilendigini belläsimiz gelýär – býujet serişdeleriniň 75 göteriminden gowragy durmuş ulgamynyň gündelik we düýpli harajatlarynyň maliýeleşdirilmegine, sebitlerde ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilýär. Her ýylda zähmet hakyny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek boýunça harajatlar artýar (ortaça 10 göterim). Ilata elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan, suwdan, duzdan mugt peýdalanmak, şeýle hem her aýda 1 awtoulag üçin 120 litr muzdsuz benzin bermek boýunça ýeňillikler dolulygyna saklanyp galdy.
Bulardan başga-da, 2012-nji ýylda ylmy-döredijilik işini höweslendirmek, ýurdumyzyň ylmy-pedagogik kuwwatyny pugtalandyrmak üçin ylmy derejeler we atlar üçin goşmaça tölegler, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hakyky agzalary we habarçy-agzalary diýen atlar üçin haklar bellenildi.
Döwlete degişli maliýe serişdeleriniň ulgamyny kämilleşdirmek, ýagny şunda býujetiň ortaça möhletleýin meýilleşdirilmegine hem-de maliýe hasabatlylygy we audit boýunça halkara standartlary esasynda maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna geçmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Jenaýatçylykly ýollar arkaly gazanylan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçlygyň maliýeleşdirilmegine garşy durmak boýunça işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçlygyň maliýeleşdirilmegine garşy durmak boýunça milli ulgam döredildi, ykdysady we maliýe ulgamyna degişli kadalaşdyryjy hukuk binýady kämilleşdirilýär.
Ykdysady ýagdaýlaryň dolandyrylmagyny kadalaşdyrmak maksady bilen 2011-nji ýylda 2030-njy ýyla çenli döwürde bank ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy, 2011-2015-nji ýyllardaky döwürde Türkmenistanda ätiýaçlandyrmak işini ösdürmegiň maksatnamasy, 2012-2016-njy ýyllardaky döwürde gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Muňa mysal edip şulary görkezmek bolar:
Oýlanyşykly maliýe syýasatynyň ýöredilmegi we maliýe taýdan durnuksyzlyga degişli ýagdaýlaryň daşyndan täsir edilmeginiň netijeleriniň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň gijikdirilmän amala aşyrylmagy ýurduň içinde, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen maliýe amallarynyň dolulygyna ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistany ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ösüş boýunça daşarky ýagdaýlaryň güýçlenmegi: halkara derejesinde zähmetiň bölünişigine mundan beýläk-de goşulyşmak we özara peýdaly söwda-ykdysady we maýa goýumlary boýunça hyzmatldaşlygy işjeňleşdirmek, özara arkalaşykly hereket etmegiň täze we oňaýly usullaryny gözlemek üçin göwnejaý şertleri döretmek bilen gös-göni baglydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylmagy soňky ýyllarda oňaýly ýagdaýlaryň geriminiň giňelmegine ýardam berdi hem-de türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň ynamly, sazlaşykly ösmegini üpjün etdi, şeýle hem şol ösüş ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we ony diwersifikasiýa etmek, şol sanda puluň alyş-çalyş hümmetini özgertmek we şonuň yzysüre pul boýunça özgertmäni amala aşyrmak, býujetden daşgary ep-esli möçberdäki serişdeleri býujetiň çäklerinde jemlemek, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara berilýän kömegi artdyrmak boýunça degişli çäreleriň yzygiderli ýagdaýda amala aşyrylmagynyň oňaýly täsirini ýetirmegi bilen şertlendirilendir.
Daşyndan isleg bildirilmeginiň höweslendirilmegi we ýurtda maliýe goýumlary babatdaky işjeňligiň saklanmagy hem durmuş-ykdysady ösüşiň netijelerine oňaýly täsirini ýetirdi. Bularyň ählisi ykdysady taýdan ýokary ösüş depginleriniň, maliýe we durmuş taýdan durnukly ýagdaýyň saklanmagyny, uly möçberli ähli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ynamly dowam etdirilmegini üpjün etdi.
Uly möçberli we düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň kanunalaýyk netijesi hökmünde ýurdumyzyň ykdysady taýdan ýokary ösüş depginleri durnukly häsiýete eýe bolýar, Türkmenistanyň raýatlarynyň maddy-hal ýagdaýy ýylsaýyn gowulanýar, ýurdumyzyň halkara giňişligindäki at-abraýy has-da pugtalanýar.
Ýokarda görkezilen makro ykdysady görkezijileriň şu aşakdaky anyk statistik maglumatlar bilen üsti ýetirilende, has-da giň göwrümli görnüşde boljakdygyny bellemeli. Ýöne olary beýan etmezden öňürti, şu deňeşdirmäni getirmek ýerlikli bolar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almazyndan ozalky ölçegler boýunça şol döwrüň adata öwrülen bäşýyllyk meýilnamalary üçin, bäş ýylyň dowamynda ortaça bir awtomobil köprüsiniň gurluşygy göz öňünde tutulýardy. 2010-njy ýyldan 2012-nji ýylyň noýarb aýyna çenli Türkmenistanda awtomobil köprüleriniň we bölüji zoalklary bolan estakada köprüleriniň 100-si guruldy. Şol döwürde biziň ýurdumyzda durmuş ulgamyna degişli desgalaryň näçesiniň gurlandygyna ser salalyň:
– 12 müň 960 orunlyk mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň 84-si
– 32 müň 712 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdepleriň 67-si
– 17 müň 765 orunlyk sport mekdepleriniň 49-sy
– ýokary okuw mekdepleriniň 10-sy
– sport desgalarynyň toplumlarynyň 23-si we 88 müň 150 orunlyk stadionlar
– uly aýlawlaryň 5-si
– medeniýet köşkleriniň we öýleriniň 11-si, millionlarça kitap gaznalary bolan kitaphanalaryň 2-si
– muzeýleriň 4-si
– saglyk öýleriniň we merkezleriniň 35-si
– hassahanalaryň 26-sy
– umumy meýdany 3 million 857 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary
– aragatnaşyk ulgamlarynyň 6 müň 58 kilometri we beýlekiler
Şu sanlaryň aňyrsynda döwrebap Türkmenistanyň kuwwaty görünýär. Şol kuwwat diňe bir soňky 3 ýylyň dowamynda hakykatdan-da örän giň gerimli gurluşyk işlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berdi, ozalky ýyllarda şol işleri durmuşa geçirmek üçin ýüzlerçe ýyllar gerek bolardy. Bu sanlar döwrebap türkmen döwletiniň maliýe-ykdysady “gudratynyň” netijeleridir. Garaşsyz ýurdumyzyň halky bolsa şu döwri buýsanç bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýip atlandyrmagy kanunalaýykdyr.