Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Omar Senon Medina Kinteronydan ynanç hatyny kabul etdi.
Döwlet Baştutanynyň adyndan milli parlamentiň ýolbaşçysy belent mertebeli myhmany Türkmenistanda diplomatik işe girişmegi bilen gutlap, iki halkyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi. Öz gezeginde ilçi ýakymly arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna, tutuş türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylygynyň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.
Geçirilden söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlandyrylmagy maksadynda amala aşyrylýan uly möçberli taslamalar barada jikme-jik gürrüň berildi. Duşuşykda ýurdumyzda oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işi bilen bagly mesele barada hem aýdyldy.
Jenap Omar Senon Medina Kinteron häzirki döwürde Türkmenistanyň batly ösüş depginlerini gazanýandygyna haýran galýandygyny aýdyp, Kubanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşigindäki at-abraýynyň has-da artmagyna ýardam berýän giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasatyna ýokary baha berýändigini belledi.
Söwda-ykdysady ugur, oba- senagat toplumy, medeni-gumanitar ulgam, saglygy goraýyş, sport, daşky gurşawy goramak we beýlekiler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine uly umyt baglanýan ugurlary hökmünde görkezildi. Syýahatçylyk boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň – Hazaryň kenar ýakasyndaky halkara derejeli şypahananyň kuwwatynyň artýandygyny göz öňünde tutup aýdanyňda, Türkmenistanda bu ulgamyň ösüşine güýçli itergi berildi, şunda kubaly hyzmatdaşlaryň toplan tejribesiniň iş ýüzünde ulanylyp bilinjekdigi bellenildi.
Şeýle hem duşuşygyň barşynda ysnyşykly parlamentara gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi nygtaldy.
* * *
Şu gün Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde-de kabul edildi, şonda özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyna degişli esasy meseleler boýunça netijeli pikir alşyldy.
Ýakyn günlerde jenap Omar Senon Medina Kinteron ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginde, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde geçirjek duşuşyklarynyň barşynda saglygy goraýyş, derman senagaty, tebigaty goramak, ýokary netijeli sporty we syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri esasy meseleler hökmünde ara alnyp maslahatlaşylar.
Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi medeni çärelerden ybarat maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň muzeýlerindäki sergiler we paýtagtymyzyň beýleki gözel künjekler bilen tanşar.