13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Aşgabatda Önümçiligiň Tehnologiýalarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Aşgabatda Önümçiligiň Tehnologiýalarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Paýtagtymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi açyldy, ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady. Ýöriteleşdirilen sergi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýär hem-de daşary ýartlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda ýurdumyzyň okgunly ösýän bazarynyň gazanan üstünliklerini we mümkinçiliklerini, şeýle hem türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän senagat enjamlaryny öndürýän daşary ýurtly öndürijileriň öňdebaryjy tejribesine we innowasiýa işläp taýýarlamalaryny görkezmäge ýardam berer.

Milli ykdysadyýetimiziň gazananlarynyň halkara gözden geçirilişleri ýurdumyz bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak mümkinçilikleri dünýäniň işewürlik toparlarynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekýär, häzirki wagtda ýurdumyz görlüp-eşidilmedik senagat taýdan ösüşi hem-de köp ugurlarda, şol sanda gaýtadan işleýän senagatda gülläp ösüşi başdan geçirýär. Içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilen hem-de bezegi, sarp edijilik aýratynlyklary babatynda daşary ýurt harytlaryndan kem bolmadyk dürli ýokary hilli harytlara bolan islegler döwrüň talabyna öwrüldi. Innowasiýa häsiýetli önümçilik düzümleriniň kemala getirilmegi, ýokary bäsdeşlik ukybyna eýe bolan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary bu wezipeleriň çözulmegine gönükdirilendir. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýerlerde daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk serişdeleriniň ornuny tutýan önümleriň giň görnüşini, dokma, mineral önümleri, durmuş himiýasy, mebel, azyk önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmk boýunça kärhanalar açylýar.

Türkmenstanda geçirilýän köpsanly köpugurly we ýöriteleşdirilen ykdysady sergiler, daşary ýurtlarda guralýan milli sergilerimiz ýurdumyzda öndürilen, hil we ekologiýa howpsuzlygy babatynda halkara güwänamalaryna mynasyp bolan harytlaryň dürli görnüşini görkezýär. “Türkmenistanda öndürildi” diýen belgili harytlar dünýäniň ähli künjeklerinde tanalýan hem-de özüniň nyrh aýratynlyklary bilen ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly sarp edijileriň isleginden peýdalanýan milli nyşana öwrülýär.

Import harytlarynyň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda hyzmatdaşlygyň köpugurly meselelerine ilkinji gezek bagyşlanan şu gezekki gözden geçirilişiň tapawutly aýratynlygy dürli taýýar harytlar bilen bir hatarda türkmen öndürijileriniň iň täze enjamlaryny we olary öndürmek üçin abzallar, dünýäniň belli kompaniýalarynyň synag – ölçeýiş enjamlary we barlaghana gurallarynyň görkezilmegidir. Sergä gatnaşyjylaryň ýetmişden gowragy – döwlet we telekeçilik düzümleri öz mümkinçiliklerini görkezdiler, olar Türkmenistanda, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynyň , beýleki döwletleriň kompaniýalaryna wekilçilik edýärler. Dostlukly ýurduň “Safuar” halkara sergi guraýjy kompaniýasy Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň 30-dan gowragynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň uly wekiliýetine wekilçilik etdi.

Bu iri möçberli sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýaýbaňlandyryldy, bu ýere hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewürliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Serginiň bölümleri özüniň mazmuny we ugry, şeýle hem ýokary derejedäki bezegi hem-de dürli görnüşliligi bilen özüne çekýär. Ýurdumyzyň dokma pudagynyň, obasenagat toplumynyň, balyk hojalygynyň, himiýa senagatynyň, gurluşyk ulgamynyň, saglygy goraýşyň, şeýle hem telekeçileriň taýýar önümleriniň dürli görnüşleri serginiň täsirliligini artdyrýar.

Dokma senagaty ministrliginiň pagtadan taýýarlanylan matalarynyň hem-de ýüpek halylarynyň diwarlygy sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi. “Çigildem” kärhanasynyň dürli görnüşli ýumşak mebelleri we ýatylýan otaglar üçin toplumlary bu önümleriň dürli görnüşlerini özünde jemleýär, kärhana innowasiýa tehnologiýalary boýunça önümçiligi ýola goýdy. “Abadanhaly” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň diwarlygyköp öwüşginli reňkleri we nagyşlary bilen tapawutlanýan täze haly önümlerini görkezýär. Ýurdumyzda öndürilýän polipropileniň esasynda plastikden öndürilýän hojalyk harytlary we çaga oýunjaklary giň görnüşde görkezilýär (“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti).

“DerýaPlastik” we “Penaly ýol” kompaniýanyň kärhanalary – plastik turba önümlerini, şeýle hem wanna otaglary üçin keramiki mebelini öndürýän hususy kärhanalar tebigy gazy peýdalanmak bilen iň täze tehnologiýalaryň özleşdirilmeginiň mysallaryny görkezýärler.

“Ýelken” hojalyk jemgyýeti jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary üçin durmuş tehnikasy we senagat sowadyjy enjamlaryň önümçiliginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň nusgasyny görkezýär.

Milli ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň örän iri kärhanalary içerki bazara iberilýän taýýar azyk önümleriniň iň uly bölümini görkezýär. Olar ter balyk we gaplanylan balyk önümleri, miweler, ir-iýmişler we gök önümler, şireler we maýonezler, ketçuplar, çörek we süýji-köke önümleri, süýt we et önümleri we beýlekilerdir,olar öňat bezegli gaplarda ýerleşdirilendir.

Ýurdumyzyň derman senagatynyň gazananlaryny hem bellemek gerek. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň diwarlygynda ministrligiň kärhanalarynyň çykarýan derman serişdeleri, keselleriň öňüni alýan serişdeler, bejeriş-mineral suwlary, beýleki sargy serişdeleri görkezilýär.

Mundan başga-da, sergide daşary ýurtlaryň maşyngurluşygy, enjamlaryň önümçiligi, dürli ulgamlara niýetlenen täzeçil kuwwatlyklary möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem sergide azyk senagatyna, metallurgiýa, gurluşyga, gurluşyk serişdeleri senagatyna, ulag ulgamyna we mebel önümçiligine degişli bölümler bar. Hut şu ugurlar milli ykdysadyýetimizde işjeň ösdürilýän pudaklar bolup durýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Telekeçiligi goldamagyň gaznasynyň uly diwarlygy, birnäçe kärhanalaryň gazananlaryny (“Integral goşmak”, “Eskort”) görkezýär, bu diwarlyk ürgün we suwuk önümleriň köp görnüşleri üçin gaplaýyş enjamlaryny ibermek, şeýle hem ulag ulgamynda ýangyja gözegçilik manitoringi boýunça hyzmatlar babatynda gatnaşyklary ýola goýmak baradaky teklipleri hödürledi.

“Wolžanin” kärhanasynyň diwarlygy kebşirleýiş ulgamynda tehnologiýa çözgütlerini görkezdi.

Öz işleýän ulgamynda iri düzüm bolan “Klihgspor Sp. Z.O.O.” nemes kompaniýasy ýokarky tekizlikleri ýylmamak üçin ýylmaýyş senagat enjamlarynyň, täze önümleriň we gurallaryň dürli görnüşleriniň toplumyny hödürleýär.

ABŞ-dan belli “Induсtotherm” kompaniýasynyň sergä gatnaşýandygyny bellemek gerek, oňa şu gezekki sergide metallurgiýa senagaty üçin ýokary netijeli induksion erediji enjamalryň önümçiligi we işläp taýýarlanylmagy ulgamynda ýöriteleşdirilen ugurdaş türk kärhanalarynyň birnäçesi wekilçilik edýär.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişde daşary ýurt öndürijileriniň okgunly ösýän türkmen bazarynyň zerurlyklaryny hasaba almak bilen, taýýar önümleri gaplamak ulgamynda tekilperiň we çözgütleriň toplumyny taýýarlandyklaryny bellemek gerek, bu toplumda şeýle hem gaplaýyş serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi boýunça enjamlary we abzallary özüne alýan teklipler bar, bu gaplar suwuk önümler üçin köp gatly gaplary özünde jemleýär.

Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň tehnologiýalarynyň Halkara sergisi ýurdumyzyň öndürijileriniň ägirt uly mümkinçiliklerini görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň önümçilik tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny özüne çekmek, geljekki mümkinçilikleri, bu ugurda olar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmekdetürkmen bazarynyň münkinçileiklerini görkezmek üçin amatly meýdança öwrüldi.

Serginiň meýdançalarynda tanyşdyryş çäreleri we duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda geljekde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, telekeçiler bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň wezipelerine, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki önümçilikleri ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy we ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iri möçberili serginiň işi bilen üç günüň dowamynda, 4-nji dekabra çenli tanşyp bolar.

Degişli makalalar

2016-njy Ýylda Türkmenistanyň Mejlisi 85 Kanun we 86 Karar Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Paryzdepede Toplumlaýyn Barlaglary Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

DUYURU! TÜRKMENİSTAN UYRUKLU ÖĞRENCİLERİN DİKKATİNE

turkmenhabargullugy