9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary nur saçdy.

Şu gün ýurdumyzyň hemmeler tarapyndan söýülýän şatlykly hem-de hoşniýetli baýramçylyk bolan Täze ýylyň ýakynlap gelýändigini alamatlandyrýan baş arçasy nurana yşyklara beslendi.

“Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ”2013” san ýazylan sekiz öwüşginli ýyldyzly, 37 metrlik ýaşyl arça dürli oýnawaçlara, her hili reňkli yşyklara beslendi. Bu ýerde hakyky baýramçylyk şäherçesi emele geldi. Şeýle hem “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň özboluşly binasynyň öňünde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň minnetdar nesilleriniň şatlykly oýunlary ýaýbaňlandyryldy. Körpeler söýgüli ertekilerindäki, meşhur multfilmlerdäki gahrymanlaryň lybaslaryny geýnip, agzybirlikde el tutuşyp, aýdym-sazyň belent owazyna çykyş etdiler.

Täze ýyl baýramçylyklaryna täze künjekde badalga bermek indi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Hut şu ýylyň özünde gapylaryny giňden açan, çagalaryň we ýetginjekleriň söýgüli ýerine öwrülen ajaýyp köşgüň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzyň baş dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylmagy tötänden däldir. Bu ýerde ýurdumyzyň meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň, teatr toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň we Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň gatnaşmagynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylar.

Şu gün agşamlyk bu ajaýyp arçanyň ýanynda Täze ýyl ertekileriniň we onuň baş gahrymanlarynyň şatlykly oýunlaryna, ýurdumyzyň folklor hem-de tans toparlarynyň, teatr hem-de sirk artistleriniň çykyşlaryna giň gerim berildi.

Şeýlelikde, Aýazbaba özüniň ertekilerde agzalýan arabasyna atlanyp, nurana arçanyň daşynda öwrüm edýär-de, paýtagtymyzyň gözel künjeklerine gezelenje çykýar. Şeýlelikde ol hemmeleri, çagalary hem-de ululary baýramçylyk dabaralaryna çagyrýar.

Ajaýyp ahalteke bedewlerinde ýöriş edýän ezber jigitleriň we olaryň dostlarynyň ugratmagynda Aýazbaba we Garpamyk özüniň paýtunly gezelenjine başlaýar. Onuň ýoly “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezinden başlap, Döwlet gurjak teatrynyň, “Ertekiler dünýäsi” seýilgähiniň deňinden geçip gidýär. Olaryň ýolunyň ugrunda türkmen paýtagtynyň ýaşajyk raýatlary baýramçylygyň şatlygyny alamatlandyrýan ertekilerdäki dostlaryny aýdym-sazlar, joşgunly tanslar, goşgy setirleri we gülküli çykyşlar bilen garşylaýarlar. Şeýle çykyşlar baýramçylyk paýtunynyň geçýän ýeriniň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyryldy. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly baýramçylyk dabaralaryna tomaşa etmäge paýtagtymyzyň köp sanly adamlary we Aşgabadyň myhmanlary geldiler. Olar baýramçylyk ýörişine gatnaşýan gahrymanlary şatlyk-şowhun we dabara bilen garşylaýarlar hem-de ýola ugradýarlar.

Çagalara abadan durmuşda bagtyýarlyk we olaryň durmuş ýollarynyň nurana bolmagyny arzuw edýän özboluşly baýramçylyk kerweni dürli yşyklara beslenen Bitarap Türkmenistan şaýoluna düşýär we bagtyýar eýýamyň abadan ilatyny ýetip gelýän täze ýyl baýramçylygy bilen mübärekläp, “10 ýyl abadançylyk” şaýoluna düşýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bagtyýar eýýamyň nurana binalarynyň birbada birnäçesi gurlup, ulanmaga berildi we bu künjekde özboluşly işewürçilik, ýaşaýyş jaý we medeni desgalaryň giden toplumy emele geldi. Ýolugra uludan-kiçä ähli ilata şatlyk paýlaýan baýramçylyk kerweni “Arçabil” şaýoly bilen “Älem” medeni dynç alyş merkezine tarap gönügýär. Kerweniň geçen ýollarynyň ugrunda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda has-da okgunly ösüşe eýe bolan görnüşini alamatlandyrýan paýtagtymyzyň nurana binalary ak mermere beslenip baýramçylyk öwüşginini saçýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjegiň özboluşly bezegine öwrülen binalar toplumy baýramçylyk lybasyna beslenip, has-da gözel görünýär.

Ýolugra baýramçylygyň baş sebäpkärleri bolan Aýazbabany we onuň agtyjagy Garpamygy köp sandy adamlar, ulular we körpeler mübärekleýärler. Kerweniň geçmeli ugruny kesgitlän guramaçylaryň tagallasy netijesinde oňa gatnaşyjylar paýtagtymyzyň şanly baýramçylygyň öňüsyrasyndaky gözel keşbini synlamaga mümkinçilik aldylar. Olar Aşgabadyň gözel künjeklerinde, meýdançalarda, belent binalaryň öňünde oturdylan nurana bezegli täze ýyl arçalaryny höwes bilen synladylar.

Soňra dabaraly çykyşlar ýurdumyzyň baş arçasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde täsin ertekiler şäherçesini emele getiren künjekde açyk asmanyň astynda paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň, sungat mekdepleriniň ýaş artistleriniň, şeýle hem bu söýgüli baýramçylyga öz döredijilik sowgatlaryny taýýarlan meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň, çagalar tans toparlarynyň gatnaşmagynda şatlyga beslenen çykyşlara orun berildi. Dürli öwüşginli lybaslary geýnen çagalar Aýazbabany, Garpamygy şatlykly, joşgunly gutlag sözleri hem-de goşgulary, şadyýan aýdymlary bilen garşyladylar. Çagalaryň oýunlaryna halk ertekileriniň gahrymanlary Ak pamyk, Japbaklar, Mämmetjan, Hudaýberdi gorkak, Böwenjik we beýlekiler hem goşuldylar. Bu oýunlara diňe bir dabara gatnaşýan çagalar däl, eýsem oňa tomaşa etmäge gelen ulularam, paýtagtymyzyň myhmanlary hem goşuldylar.

Ýaş türkmenistanlylaryň we dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Aýazbaba hem-de Garpamyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň ähli halkyny Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, bagt hem-de saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de rowpaçlygynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine amala aşyrýan ägirt uly özgertmelerinde uly üstünlikler arzuw etdiler. Olar ýurdumyzyň ähli ilaty, hususan-da, körpe nesiller hakynda yzygiderli alada edýändigi, ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda ähli zerur şertleri yzygiderli döredýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Soňra dabara gatnaşýan çagalaryň haýyşy boýunça Aýazbaba özüniň jadyly taýagyny ele alyp, belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Onuň yzysüre ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň baş meýdançalarynda, şeýle hem ähli şäherlerde we obalarda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň hemmesiniň yşyklary nur saçdy. Şol ýerlerde ajaýyp Täze ýyl dabaralary guralýar, goşgular hem-de aýdymlar ýaňlanýar, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şadyýan çagalary arçanyň daşynda joşgünly tanslary ýerine ýetirýärler. Ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyndaky ilkinji dabaralar Täze ýyly mynasyp garşylamaga bagyşlanan çykyşlary ýerine ýetiren çagalar horunyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň gatnaşmagynda uly konsert maksatnamasy bilen jemlendi. 

Degişli makalalar

Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

turkmenhabargullugy

Ankarada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanyp Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

syrach

Bäsleşik Hakynda