6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Täze ýylyň bosagasyndaky bäsleşikler.

Tamamlanyp barýan ýylyň iň soňky hepdesi hem öňkülerdäki ýaly sport wakalaryna baý bolar. Mälim bolşy ýaly, 2012-nji ýyl sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly diýilip yglan edildi. Şonuň üçin hem bu döwürde geçirilen bäsleşikleriň maksady diňe bir iň güýçli türgenleri ýüze çykarmak we zehinli ýaşlary sporta çekmek bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähli artykmaçlyklaryny aýdyň görkezmekden ybaratdyr. Şeýle döwrebap wagyz işleriniň netijesinde geljegi uly bolan oglan-gyzlaryň müňlerçesi türkmen türgenleriniň hataryna goşuldy. Olaryň köpüsi şu hepde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bina edilen häzirki zaman sport toplumlarynda ilkinji gezek öz güýçlerini synap görer.

25-30-njy dekabr aralygynda Hindistanyň Puna şäherinde kikboksing boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň ýygyndy topary hem gatnaşar. Biziň türgenlerimiz kikboksingiň iki görnüşi – ful-kontakt we lou-kik boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Aleksandr Snagowskiniň we Ýusup Haýydowyň ýolbaşçylygynda tälim alan türgenleriň halkara derejesinde geçirilen öňki ýaryşlarda uly üstünlikler gazanandygyny nazara alsaň, bu gezekki Aziýanyň çempionatynyň hem olar üçin şowly boljakdygyna ynam döredýär.

Şeýle hem şu hepdede ýurdumyzyň ähli künjeklerinden stoluň üstünde oýnalýan tennis bilen meşgullanýanlar paýtagtymyza ýagnanarlar. Olar 24-27-nji dekabr aralygynda “Top-12” milli ýaryşyň çäklerinde özara bäsleşerler. Bu stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň çempionatynda 1-12-nji orunlary eýelän erkekleriň we zenanlaryň arasynda däp boýunça geçirilýän jemleýji ýaryşdyr.

Iň güýçli tennisçileriň arasynda geçiriljek bu ýaryş Suw- sport toplumynda guralar. Onuň guramaçylary bolan Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we paýtagtymyzyň tennis sport mekdebiniň wekilleriniň aýtmagyna görä, bu bäsleşikler örän çekeleşikli häsiýete eýe bolar. Sebäbi bu ýaryşda ýeňiş gazanmak stoluň üstünde oýnalýan tennis ussatlary üçin örän abraýly dereje hasap edilýär.

Gyşky görnüşler boýunça sport toplumynda hem gyzykly ýaryşlar guralar. 28-nji dekabrda bu ýerde Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdepleriniň we olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdebiniň iň güýçli türgenleriniň figuralaýyn typmak boýunça görkezme çykyşlary bolar. Onuň öň ýanynda bolsa bu sport toplumynda bu sport mekdepleriniň hokkeýçileri öz ussatlyklaryny görkezerler. Hokkeý ýaryşlarynyň arakesmesinde bolsa tomaşaçylar üçin gyzykly aýdym-sazly çykyşlar guralar.

Şol günler Aşgabadyň mekdep okuwçylary hem sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşarlar. Olar sportuň birnäçe görnüşi boýunça bäsleşerler. “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Merkezi geňeşi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaş ýetginjekler üçin 24-25-nji dekabrda küşt, 28-nji dekabrda şaşka, 26-27-nji dekabrda düzzüm milli oýny, 26-28-nji dekabr aralygynda bolsa sambo boýunça ýaryşlary geçirer.

Biziň ýurdumyzda sportuň milli görnüşleri uly meşhurlyga eýedir. Munuň şeýledigini Ahal welaýatynyň Babadaýhan, Balkan welaýatynyň Bereket we Lebap welaýatynyň birnäçe etraplarynda milli göreş, Mary welaýatynyň merkezinde bolsa çagalaryň arasynda welaýatyň kubogyny almak ugrunda gylyçlaşmak milli oýny boýunça badalga alan bäsleşikler hem aýdyň görkezýär.

Mundan başga-da, golaýlaşyp gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň şäherleriniň we etraplarynyň köpüsinde pauerlifting (agyrlygy ýatyp götermek), kiçi futbol, woleýbol, küşt hem-de sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçiriler.

Degişli makalalar

Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Halkyna

syrach

Wenada Türkmenistanyň we Awstriýanyň Arasynda Diplomatik Gatnaşyklaryň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Maslahat Geçirildi

Ýurduň Bugdaý Ekilen Meýdanlarynda Ideg Etmek Işleri Alnyp Barylýar

syrach