Täze ýylyň öň ýanynda söwda ulgamlary süýji sowgatlaryň ençeme görnüşini teklip edýärler. Ýerli önüm öndürijileriň köp dürli süýji-köke önümlerini satuwa çykarýandygy begençli ýagdaýdyr. SGS – ISO 9001 we ISO 22000 halkara hil we howpsuzlyk sertifikatlaryna mynasyp bolan «HASAR» HJ-nyň önümleriniň türkmenistanlylaryň arasynda has islegli harytlarydygyny-da bellemek gerek.
Paýtagtymyzyň „süýji fabrigi“ gije-gündiziň dowamynda işleýär. Onuň döwrebap sehlerinde kärine ussatlaryň bäş ýüzden gowragy önümleriň 60-dan gowrak görnüşini öndürýärler. Bu ýerde dürli kökeler, wafliler, kemputlar, plitla şokoladlar, sowgatlyk önümler teklip edilýär.
Germaniýada konditerlik sungaty mekdebinde hünär öwrenip, ýörüte sertifikat alan önümçilik sehiniň başlygynyň orunbasary Söhbet Muhammedow meni önümçilik bilen tanyşdyrýar.
Söhbet bilen giň sehlere aýlanýarys. Bu ýerdäki uly gaplarda diňe bir dürli kökelerdir waflileriň hamyry ýugrulman, eýsem indi ýasalmaly kemputlaryň hurşy-da garylýar. Tehnologlaryň toparynyň bellän özboluşly taýýarlaýyş usuly boýunça dürli goşundylardan çagalaryň we uly ýaşlylaryň halaýan süýji tagamlary taýýarlanylýar. Soňra olar gaplanylyp, söwda nokatlaryna iberilýär.
Içi wafli owntykly daşy şokoladly „altyn aý“ batonjyklary, içi süýt želeli daşy şokoladly „nowruz“ , daşy şokoladly „gawun kaky“ kemputlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem islegli harytlardyr.
Şokoladyň üç müň ýyllyk taryhy bar. Ony ilkibada şähdiňi açýan içgi hökmünde içipdirler. Kakao miwesinden taýýarlanan görnüşi şepbeşik hem ajy bolupdyr. Oňa dürli jazlar we ysly otlary goşupdyrlar. Kän wagt geçmän ol dünýä ýüzüne çalt ýaýrap ugraýar. Ýörüte gidrawlik basgyçlaryň oýlanyp tapylmagy bilen kakao kösüklerinden ýag çykarmagy öwrenipdirler. Has soňrak şokolad plitkalaryny öndürýän özboluşly enjam oýlanyp tapylýar.
Wagty bilen konditerler dürli huruşlaryň daşyny şokolad bilen örtmegi öwrenýärler. Türkmen şokoladçylary gawun bilen şokolad ýaly tagamlary birleşdirip, «HASAR» HJ-nyň tanyşlyk belgisi bolan „gawun kaky“ atly könditerlik sungatynyň özboluşly üýtgeşik eserini döretidiler.
Bazar gatnaşyklary şertlerinde kärhananyň oýlaşykly düzülen marketing strategiýasy we önümiň taýýarlanylyş usullaryna hem-de bezegine döredijiklil çemeleşmek önümleriň has islegli bolmagyna ýardam edýär. «HASAR»HJ-da süýjileriň daşyny suratlary elektron görnüşde Londonda 3-D şekil döretmek boýunça bilim alan bezegçi-nakgaş Anna Ýazymowa taýýarlaýar. Nusgalary tassyklanylandan soň, olary türkiýeli hyzmatdaşlaryna—gaplaýyş serişdelrini öndürýän ýörüte fabrige iberýärler.
«HASAR»HJ-nyň baýramçylyk mynasybetli aýratyn gaplanylan süýji önümleri häzirki wagtda has-da islegli önümlerdir. Daşary ýurtlardan getirilýän şu kysmy önümlere mynasyp bäsdeş bolýan tagamlar täze ýylyň öň ýanynda has köp satylýan süýji-köke önümleridir. (turkmenistan.gov.tm)