Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň, telekeçi zenanlaryň türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, senagat önümleriniň sergi-ýarmarkasy öz myhmanlaryny dürli reňkli öwüşginleri we owadan nagyşlary bilen garşy aldy. Sergini Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi guradylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Söwda merkezinde däbe öwrülen milli nusgalar baýramçylyk ýagdaýynda ajaýyp täze ýyl nyşanlary bilen utgaşdy. Ýüpek halylarynyň we belli türkmen el işleriniň gölleridir nagyşlary, milli lybaslaryň özboluşly keşdeleri gözelligi bilen ünsüňi özüne çekdi. Bulardan başga-da, sergide şekillendiriş sungatynyň eserleri, zergärçilik önümleri, baýramçylyk sowgatlyklary görkezildi. Serginiň aýratyn bölümi zenanlaryň ýolbaşçylyk edýän, dokma önümleriniň, süýt we süýji-köke önümleriniň we beýlekileriň öndürilişini senagat taýdan özleşdiren kiçi kärhanalara bagyşlandy.
Mälim bolşy ýaly, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamasynda telekeçilige aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň bazar özgertmeleriniň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmaga türkmen zenanlary hem uly goşant goşup, telekeçilik ulgamynda uly üstünlikleri gazanýarlar. Maksada okgunly gelin-gyzlarymyz eýýäm öz hususy önümçiliklerini açyp, beýleki zenanlar üçin hem täze iş orunlaryny döredýärler, bu bolsa türkmen işewür zenanlarynyň jemgyýetçilik derejesini kanunalaýyk ýokarlandyrýar.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde TDH-nyň habarçysyna habar berişleri ýaly, Täze ýyl sergisine Aşgabat şäheriniň we ähli welaýatlaryň wekilleri gatnaşdylar. Ol ýerlerde ozal eýýäm deslapky sebitleýin sergi-ýarmarkalary geçirildi. Gelin-gyzlara sergä gelýänlere öz taýýarlan halkyň sarp edýän harytlaryny we hususy kiçi kärhanalarynyň önümlerini görkezmäge mümkinçilik beren şu günki sergi şu ýyl ilkinji gezek geçirilýär. Onuň gazanan üstünligini we oňa gatnaşmaga isleg bildirenleriň sanyny nazara almak bilen, sergi-ýarmarkasyny däbe görä, yzygiderli geçirmek göz öňünde tutulýar.