8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hytaýdan Eýrana Täze Ugur Boýunça Nobatdaky Ýük Otlusy Goýberildi

Hytaýdan Eýrana Täze Ugur Boýunça Nobatdaky Ýük Otlusy Goýberildi

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy.

Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň, hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň, Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär.

Çanşa – Tähran ugrunyň uzynlygy 10297 kilometrden gowrak bolup, ýoluň üstaşyr geçirijilik wagty – 14 gün, ol deňiz ýolundakydan ep-esli az (25 günden 30 güne çenli).

Ýük otlusynyň düzümine 50 sany 40 kilogramdan gowrak dürli sarp edilýän harytlaryň ýükleri girýär.

Bu ýük düzümi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň netijeli köptaraplaýyn ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek we giňeltmek boýunça yzygiderli amala aşyrýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek maksady we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýasynyň düzgünlerini amaly taýdan ýerine ýetirmekde öňe süren başlangyçlary boýunça türkmen tarapyndan önümçilige goýberildi.

Möhüm bellemeli zat, häzirki wagtda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol ugry boýunça demir ýolda ýük daşamak taslamalarynyň durmuşa geçirilişi yzygiderli we durnukly ýagdaýda ýola goýuldy. 29-njy dekabrda Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça indiki ikinji ýük düzümi Hytaýyň Inçuan şäherinden badalga alar. Inçuan-Tähran ugry boýunça ilkinji ýük otlusy şu ýylyň sentýabr aýynda goýberildi.

30-njy dekabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi welaýatynyň Sian şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üstünden Eýrana indiki üçünji ýük otlusy ugradylar.

Bu halkara ulag ugry boýunça ýük daşalyşynyň ösmegi Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçiliklerini we onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ünsi çekmäge ýardam berýär. (TDIM)

Degişli makalalar

Merdana Nesiller

syrach

Türkmen Koreýa Işewürler Maslahaty

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi