16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Gadymy Pullar Alymlara Taryhyň Näbelli Sahypalaryny Täzeden Dikeltmäge Mümkinçilik Berýär

Häzirki zaman siwilizasiýasyny döreden pul diýsek öte geçdigimiz bolmasa gerek. Ol külalyň guraly, tigir, elbetde, ýazuw ýaly adamzat aňynyň oýlap tapan beýik zatlaryna degişlidir. Miladydan öňki ikinji müňýyllygyň ortasynda pul baradaky iň gadymy maglumatlar gabat gelýär: häzirki Yragyň günortasyndaky Tigr bilen Ýefrat derýalarynyň arasyndaky Dwureçýada tapylan toýuna ýazylan ýazgy şertli kümüş ölçegli töleg geçirilendigine şaýatlyk edýär. Soňrak Gadymy Gündogarda belli bir agramly ýa-da ölçegli guýma metal ýa-da terezi daşlary pul ýerine ulanylypdyr. Harytlary takyk çekmek üçin zerur dürli agramlyklaryň bolandygy arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işlerinde tapylan miladydan öňki IV we III müňýyllyklaryň ahyrynda- eneollit we irki bürünç eýýamlaryna degişli bolan zatlaryň ençemesinde ýüze çykaryldy. Arheologlar Änewde, Garadepede, Namazgadepede, Ýylgynlydepede we şol döwrüň beýleki ençeme ýadygärliklerinde şy kysmy dürli agramly teňňelere gabat geldiler (2-nji surat). Olary soňra Köpetdagyň demirgazyk etekleriniň ilaty häzirki wagtda Marguş ýurdy ýa-da Gadymy Margiana diýlip atlandyrylýan Murgap derýasynyň töwereginiň sahawatly topragyny özleşdirenlerinde-de ulanypdyrlar.

Ýöne siwilizasiýanyň has ösen şol ýerlerinde töleg serişdelriniň başga görnüşleri-de duş gelýär. Goňurdepe galasynyň baş derwezesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tokin diýlip atlandyrylýan dürli görnüşli çyzyklar çekilen toýun togalak şarjagazlar tapyldy (3-nji surat). Olary ýüze çykaran arheolog Wiktor Sarianidi olar haýsydry bir azyk ýa-da haryt getirilende şa galasyna girelgesinde goýulýan hasaplaşyk serişdesi diýip çaklaýardy. Togalajyk topjagazlaryň hem pul ýerien ulanylandygyny çak etse bolar.

Dogrusy, Marguş ýurdundan iň gadymy pullar diýlip hasaplanylýan beýleki zatlar hem tapyldy. Gürrüň daşyna dürli halkajyklar ýa-da kese çyzyklar çekilen daş we keramiki ikler barada gidýär (4-nji surat). Ol Gadymy Margiananyň ýadygärliklerinde juda köp gabat gelýär. 2006-njy ýylda Murgabyň gadymy goly bolan Ajyguýy oazisinden tapylan zowwam deşikli we merkezi relýef gaýmaly demir „ikler“ juda seýrek duşýar (5-nji surat). Numizmat Wladimir Týunibekýan bu „ikleriň“ Gadymy Hytaýdaky ýaly köp pul hasaplananada aňsat bolar ýaly ýüpe çatylan bolmagy mümkin diýip çak edýär. Şol ýerde ol kauri balykgulaklaryny topbaklap daňmak ýaly has gadymy ýörelgäniň dowamy bolupdyr, olar pul serişdesi hökmünde Hytaýyň taryhynda pul dolanşygy girizilmezden öňki döwürde, şeýle hem Hindistanda, Tailandda we Afrikada XIX asyra çenli ulanylypdyr. Şondan iki ýyl geçensoň, 2008-nji ýylda Lebap welaýatynda, Köýtendagyň eteginde, ýagny Gadymy Baktriýanyň topragynda şeýle demir teňňeleriň tutuş hazynasy tapyldy. Arheolog-numizmat Tirkeş Hojanyýazow Ajyguýydan we Köýtendagdan tapylan teňňeleriň meňzeşliginiň üýtgeşik ýagdaý däldihi barada delillendirilen pikir aýtdy. Bürünç eýýamynda, ýagny miladydan öňki ikinji müňýyllykda bu sebitleriň ikisinde-de şol bir dilde gürlän, medeniýeti we aň-düşünjesi birmeňzeş bolan halk ýaşapdyr. Şonuň üçinem, häzirki zaman ylmynda bu taryhy ýelreriň ikisi-de Baktriýa-margiana arheologiýa toplumyna (BMAT) birleşdiriliýär. Bu siwilizasiýanyň ýitip, dünýäde biziň öwrenişen töleg serişdämiz bolan teňňeler peýda bolýança ýene birnäçe asyr geçirdir.

Pul diýlip hasaplanylan suratly ilkinji demir teňňeler häzirkizaman Türkiýesiniň topragynda ýerleşen Lidiýa şalygynda miladydan öňki VII asyrda ýasalypdyr. Ondaky elektra bölejiginiň (altyn bilen kümüşiň garyndysy) bellenilen agramdadygynyn tassyklamak üçin oňa sandalda el bilen möhür basmak arkaly surat salypdyrlar. Şol tagma bilen teňňäniň agramynyň dogrulygyna kepil geçipdirler. Şol döwürde hem hersi öz agram ölçegine laýyk gelýän dürli nyrh teňňeleri peýda bolupdyr. Bu usul şeýle şowly bolansoň kän wagt geçmänkä Orta deňiz töwereginiň beýleki döwletlerinde zikge kakyp ugrapdyrlar, soňra bolsa ol kerwen ýollary arkaly halkara gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde Gündogaryň çäklerinden has alyslara ýaýrapdyr. Miladydan öňki IV asyryň ortasyna geometrik şekilli, haýwanlaryň ýa-da taňrylaryň şeikili basylan tagma-suratlar teňňelerdäki şalaryň suratlaryny gysyp çykarypdyrlar. Ilkinji bolup teňňelere Aleksandr Makedonlynyň suraty salnypdyr. Onuň tanyş keşbi şekillendirilen teňňeleriň ençemesi Türkmenistanyň ýerlerinden hem tapylypdyr, olar ýurduň muzeýleriniň numizmatik toplumlarynyň bezegidir, olar dünýäniň iri muzeýleriniň ählisinde bar (6-njy surat). Beýik basybalyjy özüniň ägirt uly imperiýasynda hakyky pul reformasyny geçiripdir. Ol boýun egdiren ýurtlarynda birnäçe asyrlap üýtgewsiz galan attik düzgünini girizip, ozalky teňňeler ulgamyny bütewi bir kada getirilipdir. Türkmenistanyň topragynda Aleksandryň mirasdarlary Selewkidler häkimiýetinde-de, Parfiýa döwletiniň hökümdarlary Ärsaklar döwründe hem attiki pul düzgüni agalyk edipdir. Agramy 17 gramdan çala agyr terradrahma, 4,3 gramlyk drahma we 1,6 gramlyk şaýlyk-obol ýaly kümüş teňňeler onuň esasy bolupdyr.

Arheolog-numizmat Ýewgeniý Zeýmal teňňeleriň müňlerçesini öwrenip, öz işlerinde Orta Aziýada, şol sanda Türkmenistanda pullaryň ulanylan ilkinji asyrlaryndaky häsiýetli sypatlaryny delillendiripdir. Ol pul dolanşygyna we özbaşdak zikge kakmaga bu ýerde tapgyrlaýyn geçilendigi barada netijä gelýär. Irki tapgyrarda sebite baýlyk hökmünde dürli daşary ýurt teňňeleri getirilipdir. Soňra olar ýerli teňňeleri çykarmakda nusga bolup hyzmat edipdir. Bu prosesiň diňe jemleýji tapgyrynda eýýäm parfiýa döwründe özbaşdak pul çykarylyp başlanylýar (7-nji surat).

Beýleki bir tanymal arheolog-numizmat, akademik Edward Rtweladze selewkidler we grek-baktriýa teňňelriniň bu ýerde dolanşyk serişdesiniň däl-de, hemişe hazyna wezipesini ýetirenligine şübhelenýär. Ol arheologik gazuw-agtaryş işlerinde zikge kakan döwletleriň çäginden daşyna seýrek çykýan mis teňňeleriň köp duşýanlygyna ünsi çekdi. E.W. Rtweladze: „Ahemenidleriň darikleriniň we siklleriniň (belki, olaryň tapylan ýagdaýlary belli bolmasa-da), ýa-da miladydan öňki VI-V asyr teňňeleriniň: Kiçi Aziýada Afina teňňelerine meňzedilen teňňelerine meňzedilip ýasalan ahemenidleriň satraplarynyň staterleriniň, Britan muzeýine düşen şöhratly Amyderýa hazynasyndaky Makedoniýa şalarynyň teňňeleriniň Orta Aziýa daşyndan getirilen bolmagy mümkindir“-diýip ýazýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal Günorta Türkmenistanda ýüz tarapynda başy täçli ýaý atyjynyň şekili çekilen ahemenidler kümüş teňňeleriniň we dürli görnüşli teňňeleriň hazynasy tapyldy (8-nji surat). Olar Türkmenistanyň ýerleriniň Ahemenidler imperiýasynyň pul dolanşygy zolagyna girendigi barada mesele goýmagyna esas boldy.

Birnäçe asyryň (III asyrdan başlap VII asyra çenli) Günorta Türkmenistanda Sasanylar döwletiniň teňňeleri dolanşykda bolupdyr. Olar şu günler hem Köpetdag eteginiň jülgesindäki we Murgabyň golundaky köpsanly depelerde gabat gelýär. Sasanylar döwrüniň teňňeleriniň hersinde şol döwürde höküm süren şalaryň suraty basylyp, ady ýazylypdyr, bu bolsa taryhçylara dürli hökümdarlaryň häkimlik süren döwrüniň ýyl ýazgylaryny dikeltmäge mümkinçilik berýär. Sasanylar döwrüniň teňňeleri adatça kümüşden taýýarlanylypdyr. Olarda esasan başy täçli adam göwresi gapdalyndan şekilendirilipdir (9-njy surat).

Türkmenistanyň ýerleri VII asyrda Arap Halifatynyň düzümine goşulandan soň häkimýet başyndaky şanebereleriniň teňňeleri – ilki 696-njy ýyldan başlap, altyn dinar, kümüş dirhem we Omeýýadlaryň mis felsleri, soňra 750-nji ýyldan başlap, kaşaň „kefi“ harplary basylyp owadanlygy bilen tapawutlanan Abbasylaryň „kufi“ teňňeleri ulanylypdyr (10-njy surat). Abbasylaryň syýasy häkimiýeti ýitiren Х asyryna çenli olaryň puly tutuş musulman dünýäsinde ulanylypdyr, dogrusy ýurtlaryň birnäçesinde abbasylaryňkydan känbir tapawutlanmaýan ýerli şaneberelriniň teňňeleri hem zikgelenipdir. Soňra welin kümüş teňňeleriň krizisi başlanýar. Onuň häsiýetli aýratynlyklary Х asyryň ahyrynda ýüze çykyp ugraýar: Samanylar döwründe teňňeleriň hili has ýaramazlaşypdyr. Kem-kemden tutuş sebitde kümüş ýetmezçiligi ýiti duýulýar, ol iki ýüz ýyl töweregi dowam edýär.

Dürli ýurtlaryň taryhçy-numizmatlary köp wagtdan bäri kümüş teňňe krizisiniň sebäpleri barada kelle döwýärler. Muňa birnäçe ýagdaýyň täsir eden bolmagy mümkin. Ol Gündogar kümüş teňňeleriniň köp möçberde Ýewropa äkidilmegi, şeýle hem kümüş känlerindäki magdanlaryň azalmagy ýaly ýagdaýlardyr. Häzirki zaman barlaglary X asyryň ahyrynda XI asyryň başynda Yslam dünýäsinde kümüşiň dogrudanam gymmatlandygyny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Netijede pesmähekli we kümüşe derek mis teňňeleriň ummasyz köpüsi peýda bolupdyr. Ýöne şeýle kyn şertlerde-de halyflar ýokarymähekli dirhem ýasamaga serişde tapypdyrlar.

Umumy ýagdaýlar bilen birlikde orta asyr döwletleriniň hersiniň öz aýratynlygy, zikge kakmagyň we pul dolanşygynyň ýerli däpleri bolupdyr. Hususan-da, Beýik Seljuklar öz döwletinde dürli mähekli altyn dinarlary basyp çykarypdrylar (11-nji surat). Paýtagt şäheri Nişapurdan başga-da, olaryň zikgehanalary Merwde we Nusaýda hem bar eken. Baryp soltan Sanjar döwründe Türkmenistanyň demirgazygynda şaneberelerinden Anuşteginlerden bolan horezmşalar öz pullaryny çykaryp ugrapdyrlar. Şol döwrüň ýazuw çeşmeleri 1142-nji ýylda Anuşteginleriň şaneberelerini esaslandyryjynyň agtygy horezmşa Atsyzyň ilkinji bolup öz adyndan zikge kakyp başlandygyny gönüden göni görkezýärler. Göni çärýek asyrdan bu döwletiň golastyndaky ýerleriň ählisi onuň şol döwürde soltan bolan ogly Il-Arslanyň ady bilen altyn dinarlary we kümüş dirhemleri çykarypdyrlar. Horezmşalaryň soňkusy Jelal ad-Din Meňburny hem , dogrusy, öz ýitiren döwletiniň çäklerinden has alysda öz teňňesini çykarypdyr.

Akademik Ziýa Buniýatow: „horezmşalar teňňe ýasamakda ýerli ýörelgelere eýerselerem, öz pullaryny çykarmagyň syýasy tarapyna ýaratyn üns beripdirler. Horezmşalar döwletiniň çägi giňedigiçe olar altyn dinarlary basmagygüýçlendiripdirler, aýratynam Ala-al-Din Muhammet II –niň adyndan diňe bir paýtagt şäher Ürgençde (Köneürgençde) däl, eýsem beýleki zikgehanalarda hem altyn dinarlar çykarypdyrlar“- diýip belleýär. Mongollaryň çozuşy wagtynda Horezmiň ilatynyň altyn teňňeleriň näçesini gizländigini bilýän ýok. Bosgunlar dogduk ýerini terk edenlerinede gaýdyp gelmäge umyt bildirip, olary ýere gömüpdirler. Z. M. Buniýatow: „Mongollar şäherleri ýakyp-ýandyryp, weýran edipdirler, müňlerçe adamy öldüripdirler we ýesir alypdyrlar; şol sebäplem gizlenip goýlan altyn pullaryň ep-esli bölegi ýer astynda galypdyr. Oňa derek soňra biziň günlerimize çenli ýer işleri geçirilende XII asyryň, XIII asyryň başky döwrüniň ykdysady durmuşyny öwrenmekde bibaha çeşme bolan altyn dinarlar hazynalary tötänleýin tapylyp dur“- diýip ýazýar.

Häzirki wagta çenli Türkmenistanda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri netijesinde ummasyz köp teňňe tolandy, olar hünärmenlere ilkinji gezek gadymýetde we orta asyrlarda pul dolanşygynyň ösüşini takyk we mazmunly döwürlere bölmäge mümkinçilik berýär. Gadymy golýazmalarda duşmasa-da, diňe teňňeleriň özi arheologlara geçmişiň ol ýa-da beýleki ýadygärliginiň ýaşyny takyk kesgitlemäge we Watanymyzyň taryhynyň näbelli sahypalaryny açmaga ýardam edip biler.

Degişli makalalar

Ýurduň Ýokary Tizlikli Magistrallary Üçin Ýokary Hilli Bitum

syrach

Türkmenistanyň ýadygärlikleri halkymyzyň şöhraty, baýlygy we buýsanjydyr

syrach

«Türkmenhimiýa» Döwlet Konserni Bäsleşik Yglan Edýär

turkmenhabargullugy