Üç dilde: türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
Maliýe-ykdysadyýet düzümleriniň hünärmenleri, salgyt we ätiýaçlandyryş edaralarynyň, banklaryň hem-de hususy kompaniýalaryň işgärleri, syýasatşynaslar we bilermenler, degişli okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de döwletimiziň we daşary ýurtlaryň köp sanly okyjylary üçin niýetlenen žurnal milli ykdysadyýetimiziň wezipeleri we üstünlikleri barada habar berýär.
Žurnalyň şu sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bolan 73-nji maslahatynda eden çykyşy bilen açylýar. Milli Liderimiz ählumumy, berk hem-de uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmek, ýaragsyzlanmak, terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek we Owganystany ykdysady taýdan goldamak boýunça hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly möhüm meseleleri öňe sürdi.
“Döwrebap özgertmelere badalga” atly makalada Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň wezipeleri barada gürrüň edilýär. Şol özgertmeleriň esasy maksady halkymyzyň abadançylygyny we eziz Watanymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
“Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere badalga” hem-de “Durnukly ösüş maksatlarynyň ylmy taglymaty” atly makalalarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi aýdyň beýanyny tapýar.
Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlary milli meýilnamalara hem-de durmuş ykdysady ösüşiň maksatnamalaryna uýgunlaşdyryldy we olar durmuş ugruna gönükdirilendir: azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ilatyň iýmitini gowulandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, ýokary hilli bilim üçin şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine uly üns berilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler döwrüň talabyna milli ykdysadyýetimiziň laýyk gelýän nusgasyny kemala getirmek şertlerinde ähli pudaklaryň durnuklylygyny hem-de sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge ýardam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, okyjylar meşhur türkmen alymlarynyň hem-de ýaş hünärmenleriň — ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, Beýik Ýüpek ýolunyň düzüminde maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň taryhy ähmiýeti, syýahatçylygyň ösüşi, üstaşyr ýük gatnawlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýaly möhüm syn beriş, seljeriş makalalary bilen tanşyp bilerler.