6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

“Hany bakaly, gyzlar” adly bäsleşik geçirildi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň olimpiýa rezerwleri mekdebiniň maslahatlar zalynda bu sport edarasynyň taryhynda ilkinji gezek “Hany bakaly, gyzlar” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik şanly Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanyp geçirildi. Şu mynasibetli eminler agzalygyna diňe erkek adamlary-tälimçileri saýlamak kararyna gelindi. 

Bäsleşige gatnaşyjylar iki topara – “Laçyn” hem-de “Ýyldyrym” toparlaryna bölünip, dürli çykyşlaryň 11-si boýunça bäsleşdiler. Ýurduň geljekki olimpiýaçylary gutlag sözlerinde toparlaryň adyny, çagyryşlary we nyşanlary görkezdiler. 

Soňra däp boýunça gyzlar tans we aýdym bilen çykyş etdiler. Ondan soňra bolsa geljekki öý hojalykçylary üçin hakyky synag başlandy. Ýaş türgen gyzlar çalt, ýokary hilli we owadan edip saç örmelidi, tagamly saçak bezemelidi, tikin tikmekde we çeperçilik bezeginde tapawutlanmalydy (özi hem ikinji ýagdaýda – daňylgy göz bilen ýerine ýetirmelidi), şeýle hem “çagany”-gurjagy nähili edip gundoga dolamak boýunça öz başarnyklaryny görkezmelidiler. 

Olimpiýa rezerwleri mekdebinde okaýan ýaşlaryň – türgenleriň “modalar görkezmek” boýunça görkezen sany tomaşaçylar tarapyndan uly şowhün bilen gyzgyn garşy alyndy. Gyzlar bäsleşigiň bu sanynda milli, sport we agşamky geýilýän lybaslary görkezdiler. Hemme gutlaglaryň ählisi Watanyň gerçek ogullarynyň – kim häzirki wagtda Watan goragynda bolsa, kim eýýäm bu mukaddes borjy ýerine ýetirip gelen bolsa, kim indi bu mukkades borjy indi ýerine ýetirmeli bolsa – olaryň ählisiniň adyna aýdylan gutlag sözleri bilen tamamlandy. 

Şu ýerde emin agzalarynyň baha bermekde kynçylyk çekendiklerini aýtmak gerek. Sebäbi sahnada bolup geçen çykyşlaryň ählisi “gerçekleriň” hünär baýramçylygyna ýörite taýýarlanyldy, diýmek olar üçin – ýaş hem-de zehinli Watan goragçylarynyň birnäçe neslini terbiýeläp ýetişdirenler üçin taýýarlanyldy. Şonuň üçin hem, olar bäsleşigiň jemini jemlemek bilen, iki topardan birini saýlamaly bolýandyklaryna gynanýandyklaryny çyn ýürekden boýun aldylar. Sebäbi, gyzlaryň ählisi hem ýeňiş gazanmaga çalyşdylar. Spotuň esay borjy hem şundadyr – güýçlini kesgitlemeli: netijede bolsa, uly bolmadyk tapawut bilen “Laçyn” toparynyň wekilleri ýeňmegi başardylar. 

Sport baradaky döwlet komitetiniň Olimpiýa rezerwleri mekdebiniň okuwçylary milli we halkara sport meýdançalarynda öz ussatlyklaryny ynamly görkezmegi başarýarlar.”Hany bakaly, gyzlar” bäsleşigine gatnaşyjylaryň arasynda hem olar bardyr. Meselem, “Bürgüt” toparyndan Sakina Gulamalyýawa we Dünýä Nazarowa BAE figuralaýyn typmak boýunça geçiri

Degişli makalalar

Aşgabat-Derweze-Aşgabat Ugry Boýunça Bäsleşik

syrach

Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar

Aşgabatlylar we Lebaplylar Ýeňişi Paýlaşdylar

syrach