15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

“Oguzhan” we “Galkan” toparlary ýaryşy ýeňiş bilen başladylar.

paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynyň buzly meýdançasynda 17 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça birinji Halkara derejesinde başlangyç oýunlary boldy. Biziň ýaş hokkeýçilerimiz üçin häzirki ýaryş halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin resmi synanyşykdyr, şonuň üçin hem olaryň öz ilkinji çykyşyny ynamly ýeňişlere beslemegi has göwün göteriijidir.

Ýaryşa iki topara bölünen 8 komanda gatnaşýar, bu ýaryşy Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti we sportuň gyşky görnüşleriniň Milli merkezi gurady. “A” toparda “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň “Serebrýanyýe lwy” toparlary, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşlar ýygyndy topary we Belarusdan “Raubiçi-96” topary ýarym finala çykmak üçin göreş alyp barýar. Ikinji topara Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” topary , Türkiýäniň ýaşlar ýygyndy topary, Russiýanyň Moskwa oblastynyň “Himik” kluby we Almetýewskiý şäheriniň “Neftýanik” topary girdi.

Buzly meýdança ilkinji bolup “Oguzhan” we “Serebrýanyýe lwy” toparlary çykdylar. Biziň watandaşlarymyz eminiň jürlewiginden soň baba-bat oýnuň depginini üzül-kesil güýçlendirdiler we eýäm ikinji minutda şowly hüjüm netijesinde hasaby açdylar. Bu hokkeý topy diňe bir başlangyç oýunda däl, eýsem häzirki halkara hokkeý ýaryşynyň taryhynda hem ilkinji boldy. “Oguzhan” toparynyň hüjümçisi A.Gilmanow ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşda tora hokkeý topuny salan ilkinji oýunçy boldy, ol soňra ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda ilkinji utugy öz hasabyna ýazyp, ýene-de bir gezek tapawutlanmagy başardy.

Türkmenistanlylaryň bäsdeşleri, rus hokkeýçileri tora hokkeý topy salnanda soň birnäçe wagt geçende oýny deňlemegi we oýnuň depginini güýçlendirmegi başardylar. Şonuň netijesinde oýun üýtgäp durýan üstünlik bilen dowam etdirildi. Birinji tapgyryň jemleýji wagtynyň takmynan 15 minuty deňeçer göreş bilen dowam etdirildi. Tabloda 3:3 diýlip görkezilen deň hasap hem muňa şaýatlyk edýär. Ýöne soňky minutlarda türkmen hokkeýçileri “Serebrýanyýe lwy” toparynyň derwezesiniň öňündäki çäkleri “basyp alyp”, Russiýanyň derwezeçisini hemişe dartgynly ýagdaýda bolmaga mejbur etdiler. Jemi alnanda türkmenistanlylara ýene-de üç hokkeý topuny tora salmak başartdy we olar 6:3 hasaby bilen uly artykmaçlyk gazanyp arakesmä çykdylar.

Rus hokkeýçileri arakesmede ýokary hasapdan soň dörän dartgynly ýagdaýda özlerini dürsäp, ikinji döwri has işjeň başladylar we jemi alnanda öňdeligi gazandylar. Indi “Oguzhan” toparynyň derwezesine köp hüjüm edildi, ýöne biziň derwezeçimiz ynamly oýnap, “Serebrýanyýe lwy” toparynyň ähli hüjümlerini diýen ýaly yzyna serpikdirdi. Oýnuň ikinji döwründe iki hokkeý topuny öz torlaryna goýberen, ýöne yhlasly oýunlary bilen hasaby 8:5 ýetiren biziň türgenlerimiziň ýeňşi bilen tamamlandy.

Oýnuň üçünji döwründe “Oguzhan” toparynyň hokkeýçileri hakyky “buzda söweşijiler” hökmünde gazanylan hasaby saklamak bilen bir hatarda, oýny hüjümler bilen dowam etdiler. Rus hokkeýçileri bolsa näçe dyrjaşsalar-da biziň okgunly watandaşlarymyzyň badyny saklap bilmediler. Netijede ýene-de üç gezek hokkeý topy “Serebrýanyýe lwy” toparynyň derwezesine girdi, biziň derwezeçimize bolsa bary-ýogy iki hüjümi yzyna serpikdirmek başartmady. 11:7 hasaby bilen türkmen hokkeýçileri ynamly ýeňiş gazandylar.

Biziň ýene-de bir toparymyz bolan “Galkan” topary şu gün Türkiýäniň ýaşlar ýygyndy topary bilen duşuşdy, bu oýunda türkmen türgenleri ynamly ýeňiş gazandylar: eýýäm birinji tapgyrda biziň hokkeýçilerimiz garşydaşlaryň derwezesine 7 hokkeý topuny saldylar.

Ikinji döwürde “Galkan” topary oýnuň depginini birneme peseltdi, ýöne hakykatda her bir hüjümde türk ýygyndy toparynyň derwezeçisini oýna çekip, dolulugyna hokkeý topuna erk etmegi başardy. Türkmen türgenleri ikinji arakesmä 12 hokkeý topuna barabar artykmaçlyk bilen çykyp, ýene-de bäş gezek tapawutlandylar.

Ýaryşda ýeňiji eýýäm belli bolan ýaly bolsa-da üçünji tapgyrda biziň hokkeýçilerimiz öz jemi artykmaçlygyny 21 sany tora girizilen hokkeý topy bilen belläp, bäşdeşleriň derwezisine hüjümi diňe güçlendirdiler. Ynamly ýeňiş gazanyldy we ýarym finala tarap ajaýyp ädim ädildi.

“Raubiçi-96” we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýaşlar toparlarynyň arasyndaky oýunda hem şonuň ýaly hasap bellige alyndy. Şunda Belarus hokkeýçilerine bäsdeşleriň derwezesine 20-den gowrak hokkeý topyny salmak başartdy.

Russiýanyň “Newitýanik” we “Himik” klublarynyň gatnaşmagy bilen geçirilen bäsleşik ýiti hem-de özüne çekiji göreşe beslendi. Bu babatda eýýäm üçünji minutda hasaby açyp, ilkinji bolup Podmoskowýäniň hokkeýçileri tapawutlandylar. Bu az derejedäki artykmaçlyk ikinji döwre çenli saklandy. Şonda Almetýwskiden bolan ýaş hokkeýçleriň eýýäm birinji hüjümi hasapda deňligi dikeltdi. Ýöne “Himik” toparyna soňra oýny ele almak we ikinji arakesmä çenli bäsdeşleriniň toruna ýene-de üç sany hokkeý toryny salmak başartdy.

Arakesmeden soň “Neftýanik” toparynyň hokkeýçileri diňe bir gezek garşydaşlarynyň derwezeçisini ynjalykdan gaçyryp, ýeňiş gazanmaga synanyşdylar. Oýun 4:2 hasaby bilen Podmoskowýäniň “Himik” toparynyň peýdasyna tamamlandy.

12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý boýunça halkara ýaryşy ikinji tapgyryň oýunlary bilen dowam eder. Sagat 9:00-da “Oguzhan” topary Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy topary bilen, 11:30-da “Raubiçi-96” topary “Serebrýanyýe lwy” topary bilen, 14:00-da Türkiýäniň ýygyndy topary we “Neftýanik” topary, 17:00-da “Galkan” we “Himik” toparlary duşuşarlar.

Sagat 16:00-da sportuň gyşky görnüşleriniň Sport toplumynyň merkezi meýdançasynda ýaryşyň açylyş dabarasynyň boljakdygyny hem belläp geçmeli, şonda özüne çekiji çykyşlar bolar.

Hemmeleri hokkeý oýnuna çagyrýarys.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Topary Ýene Bir Bürünç Medaly Gazandy

Palestina ýylyň Milli ýygyndy futbol komandasy hökmünde saýlandy.

syrach

2020-nji Ýylyň 29-njy Aprelinde Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler