15.9 C
Aşkabat
25.11.2024
BAŞ SAHYPA FOTO GALEREÝA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Türkmenstandartlary» Gullugy Halkara Akkreditasiýasyny Tassyklady

“Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň hünärmenleri bir ýyl mundan ozal berlen № -194 akkreditasyýanyň halkara attestatyny tassyklady.

Türkmen laboratoriýasynyň ISO/IEC 17025 halkara ölçegine laýyklygy noýabryň ahyrynda Slowakiýanyň SNAS milli gullugynyň bilermenleriniň geçiren ilkinji inspeksiýasynyň barşynda barlandy. Temperatura parametrleriniň ölçegleriniň ählisiniň takyklygy degişli halkara derejesinde diýlip ykrar edildi. Gözegçiler platina garşylyk termometrler kalibrlenende metrologlaryň işine, şeýle hem Döwlet etalon merkeziniň hil menejmenti ulgamyna ýokary baha berdiler.

Laboratoriýada ulanylýan ISO/IEC 17025:2017 Halkara ölçegi ýurdumyzyň metrologlaryna hil ulgamyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär, olaryň tehniki başarjaňlygyny we ölçegleriň takyklygyny kepillendirýär. Barlaglaryň teswirnamalary we kalibrlemeleriň ygtyýarnamalary beýleki ýutlarda barlanmazdan ykrar edilýär.

Halkara akkreditasiýasyny amala aşyrmak üçin etalon merkeziniň hünärmenleri ägirt uly işleri durmuşa geçirdiler. Birnäçe ýylyň dowamynda Britaniýanyň Standartlar Institutynyň, Wilnýusyň metrologiýa institutynyň we Gruziýanyň Standartlar we Metrologiýa Milli Agentliginiň bilermenleriniň amala aşyrýan “Türkmenistanda tehniki düzgünleşdirmegi kämilleşdirmegi we hil düzümlerini goldamak” taslamasynyň bilermenleri bilen bilelikde ýolbaşçylar düzümi we hünärmenler okadyldy, degişli ygtyýarnamalar alyndy. Wilnýusly kärdeşleriniň ýardam bermeginde türkmen metrologlary howany ölçemek boýunça laboratoriýanyň etalon enjamlarynyň kalibrowkasyny we Selsiýa boýunça 40 gradus sowukdan 30 gradus yssa çenli aralykda üçtaraplaýyn laboratoriýaara deňeşdirme geçirdiler.

Häzirki wagtda Döwlet etalon merkeziniň işgärleri Germaniýanyň fizika-tehniki Federal institutynyň (RTW) wekilleri bilen bilelikde etalon toplumlarynyň, nusgalyk enjamyň we has ýokary ölçeg serişdeleriniň kömegi bilen ölçegleriň 17 görnüşi boýunça bu babatda edilýän hyzmatlaryň çägini giňeltmek bilen meşgullanýarlar. “Merkezi Aziýa ýurtlarynda hil düzümlerini berkitmek” taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde halkara akkreditasiýasyny geçmek üçin agram, güýç, möçber we basyş ýaly görkezijileri ölçemek boýunça laboratoriýalar taýýarlanylar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.

Degişli makalalar

Awtoýaryş Boýunça Dünýäniň Kubogy Ugrundaky Ýaryşda Gazanylan Bürünç Medal

Türkiýede Bilim Almak Üçin-“Atavatan Danışmanlık LTD”

Golf-Kluby we Dynç Alyş Zolagy Aşgabadyň Dynç Alyş Düzüminiň Hataryna Goşular

turkmenhabargullugy