8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Skaýranning Boýunça Türkmenistanyň Kubogyny Almak Ugrundaky Ýaryşda Ýeňijiler Belli Boldy

Paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda şu ýyl skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda ylgaw ýaryşlary tamamlandy. Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň howandarlygynda «Agama» alpinist topary ýaryşyň guramaçysy boldy.

Bu ylgaw ýaryşynyň ýoly Çandybil şaýolundan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli uzaldy. Türgenleriň öňünde Köpetdagyň ajaýyp dag etekleriniň we gerişleriniň arasy bilen uzaýan 18 kilometrlik aralygy geçmek wezipesi durýardy. Ylgaw ýolunyň jemi belentligi 1320 metre golaý boldy. 

Adatça, sowuklygy bilen tapawutlanýan dekabr aýynyň howasy bu gezek skaýrannerler üçin amatly boldy. Az-kem bulutly, güneşli günde howa maýyldy.

Ylgawa gatnaşyjylar ir säher bilen badalga alyp, paýtagtymyzyň asma ýolundaky başlangyç bekediň ýanynda ýerleşýän gözegçilik bölümine tarap okduryldylar. Eýýäm bu bölümiň özünde umumy ýaryşyň öňdebaryjysy Alekper Ahmedow öz yzyndan gelýän Agadurdy Hydyrowdan 6 minutlyk öňe saýlanyp, ýeňşe golaýlaşdy. Sergeý Arhipow we Kirill Şoşinow bolsa az-kem aratapawutlylyk bilen degişlilikde üçünji we dördünji bolup geldiler.

Ikinji gözegçilik bölümine çenli uzaýan ýol hem ýaryşa gatnaşyjylary köp sanly belende galyşlar we inişler bilen garşylady. Bu ýolda öňdebaryjynyň aratapawudy iki essä çenli artyp, oňa ýeňiş gazanmaga ynam döretdi. Üçünji orun ugrundaky bäsleşikde S.Arhipow bilen K.Şoşinow ýerlerini çalyşdylar.

Ylgaw ýolunyň 10 kilometrlikden soňky üçünji bölegi belentli-pesliklerden ybaratdy. Bu ýerde ýaryşa gatnaşyjylara soňra bäş ýüz metrlik aşaklygyna gaýdýan uçut garaşýardy.

“Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň ýanyna — pellehana ilkinji bolup ylgaw ýoluny 2 sagat 3 minutda geçmegi başaran A.Ahmedow geldi. Çempiondan 26 minut yza galan A.Hydyrow bolsa ikinji bolup gelmegi başardy. Üçünji orna K.Şoşinow mynasyp boldy. Baýraklary alan bu üçlügiň netijeleriniň Marköw dagynda guralan geçen gezekki ylgaw ýaryşynyň jemlerine meňzeşligi gyzykly ýagdaýdyr.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda pellehana ilkinji bolup Wladilena Omelçenko geldi. Ol bu aralygy 3 sagat 14 minutda geçdi.

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar köp tapgyrly bäsleşiklerdir. Ýaryşyň umumy jemi iň pes netijäniň hasaba alynmazlygy bilen möwsümiň dört tapgyrynda toplanan utuklaryň jemi boýunça jemlenilýär.

Martda ýaryş möwsümi ýurdumyzda üçünji dag belentligi bolan Duşak — Erikdag dagynda (deňiz derejesinden 2482 metr ýokarda ýerleşýär) guralan “Belentlik ýaryşy” bilen açyldy.

Sentýabrda “Wertikal kilometr” derejesindäki ylgaw ýaryşy Gökderäniň etegindäki Harlasan gerşinde (1643 metr) geçirildi.

Mundan bir aýa golaý öňräk noýabrda bolsa “Belentlik ýaryşy” ylgawy Marköw gerşini (1530 metr) hem öz içine alýan ýol boýunça guraldy.

Ýurdumyzyň kubogyna Alekper Ahmedow eýýäm üçünji gezek mynasyp boldy. Bu gezek baş baýragy eýelemekde oňat netijeli pellehana we soňky iki tapgyrda gazanylan ýeňişler aýgytlaýjy sebäplere öwrüldi.

Ikinji orny Kirill Şoşinow, üçünji orny bolsa Alekseý Galimow eýeledi. Umumy hasapda baýraklary alanlaryň üçüsi hem aşgabatlydyr.

Zenanlaryň arasynda umumy hasapda üçünji orna Wladilena Omelçenko (Aşgabat) mynasyp boldy. Ol dört ylgawyň üçüsinde ýeňiş gazanyp, netijelerini düýpli artdyrdy.

Ikinji orny Anastasiýa Loskarewa (Aşgabat), üçünji orny bolsa Gözel Ataýewa (Balkanabat) eýelediler.

Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşlar dördünji gezek geçirilýär. Skaýranning alpinizmiň bir görnüşidir. Päsgelçilikli ýerlerden tiz ylgamak boýunça guralýan bu ýaryşlar ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolup, özüne barha köp janköýerleri toplaýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Wekiliýetiniň Halkara Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Bilen Duşuşygy

Türkmenistan we BMG Uzakmöhletleýin Hyzmatdaşlyga Ygrarlydyrlar

turkmenhabargullugy

Jahan HANOWA: Zehin Filosofiýasy

turkmenhabargullugy