6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Pudaklaýyn Forumlar-2018: Medeniýet we Syýahatçylyk Türkmenistanyň Ajaýyp Keşbini Açyp Görkezýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Türkmenistanda geçirilýän ynsanperwer ugurly, şol sanda medeniýet we syýahatçylyk ugry boýunça guralýan iri forumlara halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, tejribe alyşmak, ýurdumyzyň gazananlaryny giňden ýaýmak üçin esasy gurallar hökmünde garalýar. Şu ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli bu iş aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Beýik Ýüpek ýoly dünýä taryhynyň hadysasy hökmünde ilkibaşdan jebisleşdiriji başlangyjy özünde jemläp, halklaryň işewür we döredijilik gatnaşyklaryna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edipdir. Ýurdumyzda, şeýle hem onuň çäklerinden alyslarda 2018-nji ýylda geçirilen maslahatlar, sergiler, seminarlar, festiwallar milli taryhy-medeni mirasymyzy düýpli öwrenmäge hem-de türkmen döwletiniň häzirki gazananlaryny dünýä ýaýmaga gönükdirilendir. Şolar türkmen halkynyň taryhy ýoluna baha bermäge, dünýäniň medeni ösüşine goşan uly goşandyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, fewral aýynyň birinji ongünlüginde Pekinde ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de “Şuangsýun” we “Beýçen” kompaniýalary bilen bilelikde guralan syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahatyny görkezmek bolar. Duşuşyk döwlet düzümleriniň wekillerini, işewürleri, syýahatçylyk ulgamynda ýöriteleşen bazary öwrenijileri, bilermenleri, Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. Türkmen wekiliýetiniň düzümine esasy syýahatçylyk kärhanalarynyň, myhmanhanalar hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary girdi.

Forumyň baş maksady syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ösdürmäge ýardam etmek, bu ugurda iki ýurduň döwlet dolandyryş edaralarynyň, işewür bileleşikleriniň, syýahatçylyk edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak, Hytaýda Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek we ilerletmek boldy.

Dostlukly ýurduň işewürleri Türkmenistana daşary ýurt maýasyny çekmek, şol sanda syýahatçylyk pudagyna çekmek üçin amatly ýagdaýy döredýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Bilelikdäki çäreleri guramagyň hem-de maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmagyň, syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de özara syýahatçylyk akymyny artdyrmagyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň taryhy we binagärlik gözellikleri, halklarymyzyň däp-dessurlary hem-de mirasy bilen tanyşdyrmak maksady bilen medeni-öwreniş syýahatlaryny guramak barada anyk teklipler öňe sürüldi.

HHR-niň ýaşaýjylarynyň arzuw-isleglerini nazara almak bilen, olar üçin ýörite syýahatçylyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, türkmen syýahatçylyk önümlerini Hytaýyň bazaryna çykarmak üçin mahabat-habarlary taýýarlamak ýaly meseleler boýunça hem pikir alşyldy. Forumyň jemleri boýunça şertnamalara hem-de ylalaşyklara gol çekildi, şolar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda syýahatçylyk işewürligini has-da giňeltmäge ýardam eder.

18 — 19-njy aprelde Aşgabatda geçirilen “Aýdym-saz sungatynyň gadymy çeşmeleri” atly halkara ylmy maslahat we festiwal döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşine uly goşant boldy. Bu çäre dünýäniň 13 ýurdundan alymlary we sungat ussatlaryny ýygnady. Russiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleri ýurdumyza geldiler.

Umumy hem-de ugurlar boýunça geçirilen mejlisleriň barşynda hasabatlaryň elliden gowragy diňlenildi. Medeniýetleriň özara baýlaşmagy, saz sungatynyň çeşmeleriniň deňeşdirme seljermesi, özboluşly audio we wideoýazgylary aýawly saklamakda, olary ýaýratmakda, dünýäniň halklarynyň ruhy mirasyny ýaýmakda döwrebap tehnologiýalary peýdalanmagyň möhüm meselelerine seredildi. Türkmenleriň saz sungatynyň gadymy taryhy barada gyzykly arheologiýa maglumatlary beýan edildi. Özboluşly folklor eserlerini aýawly saklamak boýunça pikir alşyldy.

Alymlaryň garaýyşlary forumyň — festiwalyň maksatnamasynda öz beýanyny tapdy. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Aşgabat duşuşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň özboluşly aýdym-saz dessurlarynyň dürli öwüşginleri bir bitewi çykyşda jemlenildi. Şolarda halk sungatynyň çeşmeleriniň umumylygy, esasan-da, ylalaşdyryjylyk, döredijilik güýji öz beýanyny tapdy.

Özara döredijilik gatnaşyklary “tegelek stol” görnüşinde geçirilen duşuşygyň çäklerinde dowam etdi. Bu ýerde ussatlyk sapaklary geçirilip, olary daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar Türkmen milli konserwatoriýasynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary we mugallymlary üçin guradylar. Foruma gatnaşyjylar aýdym-saz mirasyny aýawly saklamakda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, halklaryň ösüşi, geljegi bilen bagly bolan däp-dessurlarynyň, kökleriniň dowam edýän wagty halk sazynyň hemişelik ýaşajakdygy barada bir pikire geldiler.

Germaniýada geçirilen Gadymy Marguşuň tapyndylary bilen tanyşdyrmak çäresi mirasy aýawly saklamak mowzugyna bagyşlandy. 24-nji aprelde Berliniň Täze muzeýinde Berliniň döwlet muzeýleriniň birleşigine girýän Taryha çenli döwür we irki taryh muzeýi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda guralan “Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly serginiň açylyş dabarasy boldy.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklarynyň 220-ä golaýyny öz içine alýan giň gerimli sergi dört müň ýyla golaý ozalky bürünç eýýamynda ýokary ösen medeniýetiň sallançagy bolan we Gündogaryň taryhynda ajaýyp orun eýelän Gadymy Margiananyň özboluşlylygyny açýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Daşary ýurtlarda ilkinji gezek görkezilen gymmatlyklaryň hatarynda daşdan, metaldan, pil süňkünden we palçykdan ýasalan çeperçiligi ýokary önümler, nepis görnüşli inçe toýun gaplar hem-de Goňuryň we gadymy Margiana obalarynyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna mahsus bolan butparazlyk dininiň hudaýlarynyň şekiljikleri bar. Bu ýerde Gadymy Merwiň arheologik gazuw, agtaryşlarynyň çeper suratlarynyň tapgyryny döreden meşhur nemes fotosuratçysy Gerlinda Kýolblyň işleri, Murgap oazisiniň täsir galdyryjy tebigy keşpleri, Türkmenistanyň muzeý genji-hazynalary hem goýlupdyr.

Berlinde görkezilenden soňra sergi Gamburgda guraldy. 1-nji noýabrdan başlap, dört aýyň dowamynda sergi bilen Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde, soňra bolsa 2019-njy ýylyň iýun aýyna çenli Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorm muzeý toplumynda tanşyp bolar. Ýörite şu waka bagyşlanyp, owadan bezelen neşir çap edildi.

Biziň ýurdumyzda we daşary döwletlerde geçirilýän pudaklaýyn forumlarda Türkmenistanyň syýahatçylyk ulgamynyň mümkinçilikleri giňden görkezilýär. Şu ýerde ýokary derejede geçen türkmen-özbek duşuşygyna gabatlanyp, apreliň soňky ongünlüginde “Uzeksposentr” meýdançasynda geçen milli sergini görkezmek bolar.

Gözden geçirilişiň barşynda ýurdumyzyň ylym hem-de bilim, sport, syýahatçylyk ulgamlarynyň, ahalteke atçylygynyň we halyçylygynyň ösüşine, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçen, şol sanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherleriň içinden uzalan syýahatçylyk ugurlaryna bagyşlanan diwarlyklar uly ähmiýete eýe boldy.

Tamamlanyp barýan 2018-nji ýyl milli medeniýet ulgamynyň artykmaçlyklaryny sözüň doly manysynda tassyklaýan çärelere baý boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleriniň 27-nji iýunda bellenilýän hünär baýramy beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň sarpalanmagy bilen birikdirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda görnükli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň tapgyry geçirildi. 18 — 21-nji iýunda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň sungat işgärleriniň we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda XX asyryň saz medeniýetinde öçmejek yz galdyran kompozitoryň hatyrasyna guralan konsert “Nury Halmämmedowyň sazy — döwürleriň öçmejek mukamy” atly festiwal bilen açyldy. Bu ýerde guralan sergide surat eserleri, milli saz gurallary, foto we arhiw gymmatlyklary görkezildi.

Festiwalyň maksatnamasyna ýaş skripkaçylaryň we wiolonçelistleriň, pianinoçylaryň hem-de aýdymçylaryň, kompozitorlaryň konsert maksatnamalary we bäsleşikleri, bu meşhur türkmen kompozitorynyň köptaraply şahsyýetine baha bermäge, onuň durmuşy we döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän ylmy çekişmeler, kino görkezilişleri goşuldy.

Bu çäräniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet işgärlerinden ybarat wekiliýetiň N.Halmämmedowyň dogduk obasyna — Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän Daýna obasyna baryp görmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde Sumbar jülgesiniň ýaşaýjylary bilen ýatdan çykmajak duşuşyklar we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. “Aşgabat” kinokonsert merkezinde görkezilişi bolan dokumental film hem bu tebigat dürdänesine bagyşlanypdyr. Filmi döredijiler bu ülkäniň şahyrana gözelligine aýratyn üns bermek bilen, görnükli kompozitoryň Daýna obasynda dikeldilen ýadygärligi — Türkmenistanyň halk heýkeltaraşy Saragt Babaýewiň işi hakynda gürrüň berdiler. Festiwalyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi-de ýurdumyzyň medeni durmuşynda aýratyn wakalaryň biri boldy. Bu her ýylky döredijilik çäresi şu ýyl Ahal welaýatynda 22 — 27-nji iýun aralygynda geçirildi. Forumyň aýry-aýry çäreleri bolsa paýtagtymyzda guraldy.

Medeni merkezlerde we açyk meýdançalarda sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak konsertler hem-de beýleki çäreler boldy. Muzeýleriň, kitaphanalaryň, Medeniýet öýleriniň meýdançalarynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, neşir önümleri hem-de Watanymyzyň dürli sebitlerindäki taryhy ýerlerde arheologlaryň alyp barýan işleriniň barşynda ýüze çykarylan täsin tapyndylar görkezildi.

“Ak bugdaý” milli muzeýinde, Ahal welaýatynyň kitaphanasynda, “Gökdepe” milli muzeýinde, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bolan maslahatlar taryhy-medeni mirasy saklamagyň, öwrenmegiň we wagyz etmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy.

Gökdepe etrabynyň meşhur Yzgant obasynda geçirilen döredijilik forumy belli ýerine ýetirijileri, şahyrlary, türkmen halk sazlarynyň we nusgawy şygryýetiniň muşdaklaryny özünde jemledi. Soňra Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde çeper okaýyşlar, bagşylar toparlarynyň çykyşlary boldy. Ahal welaýatynyň bu künjegi Türkmenistanyň saz merkezleriniň biridir. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitleriniň her birinde halkymyzyň saz sungatynyň özboluşly aýratynlyklarynyň, gadymy döwürlerden gelýän we häzirki döwürde täze ösüşine eýe bolan döredijilik mekdebiniň bardygyny belleýär. Munuň şeýledigini medeni çärä gatnaşyjylar öz çykyşlarynda aýdyň görkezdiler.

Döwlet derejesinde geçirilýän degişli işleriň netijesinde ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň maddy däl sanawyna girizilen “Küştdepdi” sungaty hem halkymyzyň ajaýyp milli gymmatlyklarynyň biridir. Änew şäheriniň Medeniýet öýüniň sahnasynda ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň folklor-horeografiýa toparlary gadymy tansyň ajaýyp ýerine ýetirilişini görkezdiler. Bu tans häzir Türkmenistany tanadýan özboluşly nyşana, her milli baýramçylygyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda şygryýetiň, halk döredijiliginiň baýramçylygy geçirildi. Wekiliýet etrabyň dolandyryş merkezindäki Magtymguly Pyragynyň muzeýine baryp gördi, beýik şahyryň Gerkez obasyndaky — türkmen nusgawy edebiýatynyň ägirdiniň mähriban obasyndaky ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Sahna sungatynyň ussatlary forumyň çäklerinde öz işlerini, şol sanda ilkinji gezek hödürleýän işlerini görkezdiler. Hepdeligiň teatr çykyşlaryna Kaka etrabynyň “Sogap ýoly” halk teatr-studiýasynyň goýan sahna oýny girdi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynyň Medeniýet öýüniň sahnasyndan artistler Beýik Ýüpek ýolundan gatnan kerweniň geçen ýolunyň ugrunda ýaşan orta asyrlardaky maşgalanyň ykbaly barada gürrüň berdiler.

Däp boýunça döredijilik işgärleriniň hünär baýramçylygyna gabatlanylyp, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda täze “Huýrlukga — Hemra” operasy görkezildi. Sahnadaky hereketleriň ajaýyplygy bilen tapawutlanan sahna oýnunyň esasynda belli söýgi dessanynyň wakalary goýuldy. Sahna oýnuny döredijiler onuň halkylygyny saklap, opera eseriniň aýdym-saz diline milli öwüşginleri we halk döredijiliginiň alamatlaryny çaýdylar.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara welaýatyň çäklerinde ýerleşen täsin binagärlik we arheologiýa ýadygärlikleri boýunça gezelenç etmek, orta asyrlaryň Seýitjemaletdin metjidine hem-de Paryzdepä baryp görmäge mümkinçilik döredildi. Olar türkmen halkynyň gadymy taryhynyň we özboluşly medeniýetiniň baý mirasyna diňe bir baha bermän, eýsem, bu ýerde geçirilýän gözleg işleriniň netijeleri bilen hem tanyşdylar.

Hepdeligiň jemleýji çäresi sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Şol hem sungat forumynyň açylyş dabarasy ýaly, Ahal welaýatyndaky “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasynda geçirildi. Ajaýyp baýramçylyk maksatnamasy türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine we üstünliklere tarap birleşdirýän hem-de ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüne dabaraly waspnama bolup ýaňlandy.

1 — 7-nji iýul aralygynda geçirilen “Ýüpek ýoly — ýürek ýoly” atly teatr festiwaly ýurdumyzyň medeni durmuşynyň wakalaryna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Ol paýtagtymyzyň teatrlarynyň altysynyň hem-de welaýatlardaky teatrlaryň dördüsiniň täze taýýarlan sahna oýunlaryny öz içine aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabyndaky rowaýatlar hem-de taryhy maglumatlar teatr toparlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Bu tapgyr milli taryhymyzyň gahrymançylykly wakalar, mähriban topragymyzy şöhratlandyran ajaýyp şahsyýetler barada gürrüň berýän, iň oňat ynsan häsiýetlerini wasp edýän sahna oýunlaryny özünde jemledi. Ajaýyp sahna usuly, keşpleriň beýan edilişi hem-de sahna hereketleri bilen tapawutlanýan täze eserler Ýewraziýanyň halklaryny diplomatik, syýasy, medeni we söwda gatnaşyklary bilen baglanyşdyran gadymy kerwen ýolunyň özboluşly aýratynlygyny wagyz etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda geçirilen festiwalyň ýapylyş dabarasynda teatr gözden geçirilişiniň Watanymyzyň sahna sungatyny gyzykly döredijilik gözlegleri bilen baýlaşdyrandygy hem-de halkymyzyň täsin taryhy-medeni mirasyny wagyz etmäge, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen eserinde beýanyny tapan ynsanperwer maksatlaryň dabaralanmagyna saldamly goşant goşandygy nygtaldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahaty ýurdumyzyň neşirýat ulgamynyň üstünliklerine hem-de geljekki ösüşlerine bagyşlandy.

Forum dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan neşirýat ulgamynyň, işewür we edebiýat toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Pudaklaýyn gözden geçirilişe gatnaşyjylar kitap we beýleki çaphana önümleriniň önümçiligine iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tejribesini paýlaşdylar. Gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda hünär ugurly düzümleriň arasynda, şol sanda neşirýat işiniň we çaphana tehnologiýalarynyň, terjimeçilik işiniň, kitaphana işiniň hünärmenlerini taýýarlamak hem-de döredijilik alyşmalary babatda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýazyjylarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy hem geçirildi. Ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine — «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen eseriniň ikinji kitabyna hem-de “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyna bagyşlandy.

9 — 10-njy oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen hünär ugurly halkara gözden geçirilişde syýahatçylygy ösdürmegiň geljegi görkezildi.

Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergi guraldy. Şonuň çäklerinde bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirildi. Pudaklaýyn gözden geçiriliş dünýäniň syýahatçylyk bazarynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny öňe ilerletmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga hem-de bu ulgamda innowasion çemeleşmeleri ornaşdyrmaga gönükdirildi.

Bu waka mynasybetli ýurdumyza 26 döwletiň wekilleri geldi. Serginiň diwarlyklarynda häzirki zaman syýahatçylyk hyzmatlarynyň giň gerimi we bu ulgamda Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleri görkezildi. Bular baý taryhy-medeni mirasa, tebigy gözellikleriň köpdürlüligine hem-de täsin tebigy serişdelere esaslanandyr.

Hünär ugurly maslahatyň mejlisleriniň çäklerinde şu hem-de beýleki ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen tarapynyň wekilleri daşary ýurtly kärdeşlerini döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň syýahatçylyk toplumyny dünýä derejesine çykarmak hem-de Türkmenistany halkara syýahatçylygyň iri merkezine öwürmek baradaky strategiýasy bilen tanyşdyrdylar. Myhmanlar öz tekliplerini, pikirlerini we taslamalaryny hödürläp, syýahatçylyk ýaly geljegi uly ulgamda türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary giňeltmäge we işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda 2018-nji ýylda geçirilen pudaklaýyn forumlaryň köpugurlylygyny bir asylly maksat birleşdirdi. Şol maksat milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň hem-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň esasynda duran ynsanperwer ýörelgeleri has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Degişli makalalar

Grek-Rim Boýunça XI Spartakiadanyň Ýeňijileri Belli Boldy

Türkmenistan Fotosuratlary 34

Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Türkmenistanyň we Bütindünýä Bankynyň Arasyndaky Hyzmatdaşlyk Ara Alnyp Maslahatlaşyldy