7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen täze, 2019-njy ýyldaky ilkinji hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisde mähriban halkymyzyň mundan beýläk hem abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy bilen bagly hem-de döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik alnyp barylýar, şeýle hem maliýe-ykdysady toplumynyň düzümleriniň işini kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Meýilnamalaýyn tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bar bolan serişdeler we mümkinçilikler herekete girizilmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz sanly ykdysadyýet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Nebit ýataklarynyň guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, guýulary burawlamagyň döwrebap tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hem-de olary düýpli abatlamagyň hasabyna çykarylýan nebitiň we gazyň mukdaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen kadalary, häzirki zaman halkara ölçeglerini ornaşdyrmagyň esasynda nebitgaz pudagyny dolandyrmak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynda, şol sanda ýangyç çig malyny çykarmak ulgamynda işleýän kärhanalarda işleriň ýagdaýyny ýene-de bir gezek içgin seljermegi, önümçilik-ykdysady görkezijileri yzygiderli ýokarlandyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň işiniň, hususan-da, nebit çykarmak boýunça meýilleşdirilen çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda degişli gulluklaryň sazlaşykly işi üpjün edilmelidir. Munuň özi nebit önümlerine bolan islegleri kanagatlandyrmakda hem-de pudagyň eksport kuwwatyny yzygiderli artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki döwürde güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwy tutulýar, ak ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şunuň bilen birlikde, sürüm işleri hem-de ýerleri tekizlemek, gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine tehnikalary taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maýsalara ideg etmekde agrotehniki çäreleriň öz möhletinde hem-de ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmek, sürümli ýerleriň suwaryş ýagdaýyny gowulandyrmak we oba hojalyk önümçiligini artdyrmakda möhüm şert bolan ýerleriň suw üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de daýhanlaryň durmuşynda wajyp möwsüm bolan ýaz ekişine ýokary derejede hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryny mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Deňizde milli daşaýjy hakynda Düzgünnamany taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, deňiz flotunyň işini hem-de ulag hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli resminama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ýurdumyzda deňizde milli daşaýjy hökmünde “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini kesgitlemek teklip edilýär.

Türkmenistanyň Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda, Düzgünnamada ýük gatnatmak ulgamyny dolandyrmagyň hukuk hem-de ykdysady, guramaçylyk esaslary, deňiz gurşawyny goramak we saklamak, halkara gatnaşyklaryň beýleki kadalaryny berjaý etmek meseleleri kesgitlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň sebitiniň ähli ýurtlary üçin ähmiýetlidigini belledi. Portuň doly kuwwatynda işledilmegi döwletimiziň hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine çykmagyna mümkinçilik döreder we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyny, Türkmenistanyň yklymyň multimodal gatnaşyklary ulgamyndaky ornunyň ýokarlandyrylmagyny şertlendirer.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň öňdebaryjy düzümi diňe bir bar bolan islegleri däl, eýsem, uly geljegi bolan kämil teklipleri, ýokary derejeli hyzmatlary kanagatlandyrmaga ukyplydyr. Onuň doly kuwwatyna çykmagy bilen yklymüsti ýük gatnawlarynyň möhüm ulgamyna, portuň ýük terminallarynyň bolsa iň gysga hem-de amatly ugurlar boýunça ýük ugratmaga ukyply wajyp bölege öwrülmegine giň ýol açar diýip, milli Liderimiz belledi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji hem-de 2017-nji ýyllarda giň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen we ähli ýurtlaryň, halklaryň bähbidine kybap gelýän ulag ulgamy babatda wajyp Kararnamalary kabul edendigini bellemeli. Şeýlelikde, Türkmenistan öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda ähli zerur işleri amala aşyrýar.

Milli Liderimiz eksport maksatly ugurlaryň yzygiderli artdyrylmalydygyna ünsi çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda önümçiligiň möçberiniň köpelmeginiň daşary ýurtlara deňiz arkaly ugradylýan ýükleriň mukdarynyň ýokarlandyrylmagyny we täze söwda ugurlarynyň açylmagyny üpjün etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan ugradylýan ýükleriň möçberiniň artmagynyň, milli söwda flotunyň işiniň giňelmeginiň Türkmenistanyň dünýäniň söwda ulgamynda tutýan ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirjekdigini nygtady. Bu bolsa daşary söwda dolanyşygy düzüminiň işiniň köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri ösdürmäge ünsi çekip, M.Çakyýewe elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer 2019-njy ýylda pile öndürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýüpek gurçugyndan alynýan piläniň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle hem, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, bu ugurda degişli işleriň geçirilýändigi barada aýdyldy. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ýüpekçilik edaralaryny zerur bolan çig mal bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler, taýýar önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemegiň ugurlary kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylda piläniň jemi 2 müň 30 tonnasyny öndürmek boýunça teklip aýdyldy. Şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 485 tonna, Lebap welaýatynda 960 tonna we Mary welaýatynda 405 tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär.

Häzirki döwürde “Türkmen ýüpek” paýdarlar jemgyýetinde ýüpek gurçugynyň tohumyny ýetişdirmek we möçberini köpeltmek boýunça zerur işleriň dowam edýändigi habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda köp asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýüpekçiligi üstünlikli ösdürmek boýunça ähli zerur şertleriň üpjün edilýändigini belledi. Häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli ýüpek dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň hatarynda durýar. Pudagyň kärhanalarynyň iň täze häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilmegi bu işleriň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna kömek edýär.

Ýokary hilli ýüpegiň görnüşleri, önümçilik möçberleri durnukly artýar. Şunlukda, daşary ýurtlarda öndürilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Milli Liderimiz ýüpekçiligiň serişde binýadynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belläp, bu ugurda bar bolan meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde agyz suw arassalaýjy kärhanalaryň we suw arassalaýjy desgalaryň birnäçesi hereket edýär.

Paýtagtymyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen mundan beýläk-de bökdençsiz üpjün etmek üçin Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň hem-de Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäklerinde suw arassalaýjy desgalary gurmak baradaky teklip beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz ilaty arassa agyz suwy bilen durnukly üpjün etmek hem-de ýurdumyzda suw gorlaryny netijeli peýdalanmak baradaky meselä degip geçmek bilen, ýurdumyzda “Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” kabul edilendigini belledi. Döwrebap agyz suw arassalaýjy kärhanalaryň we desgalaryň yzygiderli ulanylmaga berilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň toplumlaýyn häsiýetlidiginiň subutnamasydyr.

Şunuň bilen birlikde, hereket edýän suw howdanlaryny giňeltmek we täzelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzyň suw serişdeler bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga we onuň ýeterlik gorlaryny ýygnamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz täze suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy barada aýdyp, anyk çäreleriň toplumyny öz içine alýan Baş maksatnamanyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere ony durmuşa geçirmekde çuňňur oýlanyşykly we ylmy çemeleşmeleri taýýarlamak barada anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli Aşgabady dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek boýunça giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň ähmiýetini belläp, gurulýan düzümleýin desgalaryň ygtybarlylygyny we berkligini, adamlar üçin amatlylygyny üpjün etmek ýaly gurluşygyň esasy talaplarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Türkmenistanda azyk harytlarynyň üpjünçiligini has-da artdyrmak hem-de eksportuny düzgünleşdirmek boýunça pudagara toparynyň işi hem-de gözegçilik edýän döwlet we hususy düzümleriniň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Azyk önümleriniň importunyň 27,5 göterim azalyp, şol sanda et we şöhlat önümleriniň 39,7 göterim, balyk önümleriniň 33,9 göterim, süýt önümleriniň 59,5 göterim, süýji-köke önümleriniň 48,5 göterim, unaş önümleriniň 41,9 göterim, miwe suwlarynyň we alkogolsyz içgileriň 94,1 göterim az getirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň birnäçesine alyjylaryň islegleri öwrenildi hem-de olary yzygiderli satyn almak boýunça işler geçirildi.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan maldarçylyk toplumlary, günebakar ýagyny, şeker, guş etini, ýumurtga, iým we beýlekileri öndürýän kärhanalar gurulýar. Olaryň öndürýän azyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän mukdary artýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply senagaty ösdürmek ulgamynda telekeçiligiň ornunyň artýandygyny belläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryny goldamagyň hem-de içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşary söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ýurdumyzda öndürilen azyk önümleriniň artyk möçberini daşary ýurtlara ibermegiň täze ugurlaryny gözlemek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa şu aýyň dowamynda milli baýramçylyklarymyz hem-de önümçilik maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli geçiriljek medeni çärelere we dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

2019-njy ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda Söwda-senagat edarasynda, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” myhmanhanasynda hem-de welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar geçirilýär. Gökderedäki we ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alýan körpeler üçin aýdym-sazly çykyşlar, sport-sagaldyş çäreleri hem-de birnäçe gyzykly bäsleşikler meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň teatrlarynda, kinoteatrlarynda, kinokonsert merkezlerinde, Döwlet sirkinde baýramçylyk çykyşlary guralýar.

5-nji ýanwarda ýaş zehinlere Gulbaba adyndaky baýragy gowşurmak dabarasy bolar. 9-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen we polipropilen önümleri öndürilýän kärhananyň hem-de ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini öndürmäge niýetlenen ýyladyşhananyň açylyşy bolar.

Şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek çärelere badalga berler.

14-nji ýanwarda Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler. 27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin we döredijilik çäreleriniň milli köpöwüşginli sungatymyzy we halkymyzyň baý mirasyny giňden açyp görkezmelidigini hem-de wagyz edilmegini şertlendirmelidigini belledi.

Milli Liderimiz “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreler barada aýdyp, dabaralarda halkymyzyň eziz Diýarymyzyň ýeten derejesine buýsanjynyň beýan edilmelidigini we gazanýan üstünliklerimizi hem-de ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezip, mähriban Watanymyzy wasp etmelidigini, halkymyzy täze, belent ýeňişlere ruhlandyrmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli medeni-köpçülikleýin, syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bilim we ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport hem-de ýaşlar syýasaty babatda özgertmeleri amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ylmy işläp taýýarlamalaryň önümçilikde işjeň ulanylmagyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi pudaklaryň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere aň-bilimli, beden taýdan sagdyn we ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek üçin ähli şertleri döretmek, ylmyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen durnukly ösmegine anyk goşandyny üpjün etmek boýunça tabşyryklary berip, akademiki toparlaryň, önümçiligiň hem-de bilimiň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek wezipelerine ünsi çekip, ýurdumyzyň jemi içerki önümini ýokarlandyrmakda bu ulgamyň artýan ähmiýetini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hiline edýän täsirini belläp, bu babatdaky işleri kämilleşdirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda bar bolan ylmy institutlaryň ylmy mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny belledi. Munuň özi sanly ykdysadyýeti berkitmekde, aýratyn-da, ylmyň gazananlaryny we täzeçil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna we halkara ölçeglere kybap derejede kämilleşdirmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hökümetiň 2018-nji ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Merkezi hem-de Günorta Aziýa, Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de sebitara gatnaşyklaryň täze düzümini döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Häzirki wagtda türkmen tarapy şu sebitleriň döwletleriniň daşary syýasat edaralary bilen bilelikde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleri öwrenmek boýunça zerur işleri amala aşyrýar. Döwletara gatnaşyklary ösdürmekde “Merkezi Aziýa+Hindistan” atly gepleşigiň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Onuň esasy wezipesi häzirki zaman syýasy we ykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen hem-de köp asyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, ysnyşykly ykdysady hyzmatdaşlygyň, däp-dessurlaryň, taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň esasynda bu düzüme girýän ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr.

Gepleşigiň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-tehnologiýa hem-de bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine yzygiderli garalar. Bellenen ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasyny bu düzümiň işine gatnaşmaga çagyrmak boýunça teklipleri beýan etmek göz öňünde tutulýar.

Özara gatnaşyklaryň döredilýän guralynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny hem-de iri halkara we sebit taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, 12 — 13-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa+Hindistan” atly gepleşige gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň birinji maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada habar berildi. Maslahatyň gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we Owganystanyň gatnaşmagynda sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasy ugrunyň Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitlerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn täsir edýändigini belledi. Däp bolşy ýaly, Günorta Aziýa hem ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli sebit bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň Hindistan bilen gatnaşyklaryny özara hormat goýmak ýörelgelerinde guramak bilen, ony syýasy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda özüniň möhüm hyzmatdaşy hasaplaýandygyny aýtdy we bu düzümiň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindi ummanyna çykmagy babatda aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz gepleşigiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň netijeli hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda dürli ulgamlarda berk gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine öňümizdäki maslahata gatnaşmagy babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ornunyň artandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda türkmen tarapynyň eýýäm belli bir iş tejribesini toplandygyny aýdyp, häzirki wagtda ähli ýurtlaryň gatnaşmagynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we jogapkärçilik ýörelgeleri esasynda bu ugurlarda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň täsirli usullaryny işläp taýýarlamak meselesine ünsi çekdi.

Türkmenistan şu nukdaýnazara yzygiderli eýermek bilen, hemişe bu meseleleri halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak arkaly we abraýly guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň gatnaşmagynda çözmek ugrunda çykyş edýär. Dünýä giňişliginde öňe sürýän netijeli başlangyçlarymyz, Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG tarapyndan kabul edilen birnäçe Kararnamalaryň ähmiýetini belläp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistanyň öňe süren hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa mynasyp bolan başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge bagyşlanan halkara duşuşyklary we forumlary geçirmegiň uzakmöhletli maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu çäreleriň, ilkinji nobatda, döwrebap ulag geçelgelerini döretmek, suw diplomatiýasy hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, Bitaraplygymyzyň şanly senesi bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanmalydygyny aýdyp, degişli guramaçylyk toparlaryny döretmegi hem-de forumlaryň geçiriljek ýerini kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer G.Myradowa ýüzlenip, meýilleşdirilýän çäreleri guramak boýunça degişli işleri geçirmek barada görkezmeleri berdi. Wise-premýerler E.Orazgeldiýewe, D.Amangeldiýewe we R.Meredowa öňümizdäki forumlary talaba laýyk geçirmek maksady bilen, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi barada maglumat berdi.

Täze kanunçylyk taslamalaryny işläp taýýarlamak döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýýan möhüm wezipeleri nazara alnyp, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasynda alnyp barylýar. Kabul edilýän kanunlaryň halkara kadalara we ölçeglere kybap getirilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak işleri dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ýurdumyzyň häzirki döwürde okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Ähli kabul edilýän kanunlar mähriban Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, jemgyýetimizde agzybirligiň we bitewüligiň berkidilmegine we onuň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz deputatlaryň kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça ýerlerde alyp barýan işleriniň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi. Olaryň öz saýlaw okruglarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça ýerli edaralar bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegi zerurdyr.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik, tutuş türkmen halkyna bolsa “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda abadançylyk arzuw etdi.

TDH

Degişli makalalar

Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Bilen Duşuşyk

Bilelikdäki Türkmen-Owgan Söwda Öýi Döredildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Oba Hojalyk Pudagynyň Maddy-Enjamlaýyn Binýadyny Berkidýär