17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Gyzykly Täze Ýyl Sirk Çykyşlary Tomaşaçylary Özüne Çekdi

Täze, 2019-njy ýylyň öňüsyrasynda Türkmen döwlet sirkiniň artistleri tomaşaçylar üçin baýramçylyk tomaşasyny taýýarladylar. Arça ösüp oturan tokaý meýdanyna öwrülen sirk arenasynda geçen we şu ýylyň nyşany bolan It bilen Doňuz duşuşýar. Itiň öz ornuny Doňza beresi gelmeýär, netijede olaryň arasynda jedel döreýär. It haraý isläp, tomaşaçylara-da ýüzlenip görýär, ýöne ony goldan bolmady, sebäbi hemmäniň çaltrak Täze ýyly garşylasy gelýärdi. Soňra tansçylaryň, akrobatlaryň, ekwilibristleriň we masgarabazlaryň gatnaşmagynda şadyýan çykyşlar başlandy. 

Arena halkada oturan ak kepderili Medine Baýramdurdyýea çykýar. Onuň owadan çykyşy “Garjagaz” diýlip atlandyrylypdyr. Çykyşyň dowamynda arena ýene kepderiler uçup gelýärler. Olar haýwanlara tilsim öwredijiler Medine bilen Jeren Çäşemowa taýajygyny galgadandan pasyrdap uçýardylar-da, şarlara gonýardylar, olaryň bu bolşy guş tansyny ýada salýardy. 

Soňra howa gimnastikaçydy Liliana Ýusupowa çykyş etdi. Ol sirk gümmeziniň astyndaky halka çalasyn çykýar-da, misli tans oýnaýan ýaly dürli tilsimleri ýerine ýetirip, tomaşaçylary haýran edýär. Liliananyň aýagynyň barmaklary bilen halka ýapyşyp, pyrlanyp durşuna bu ýere gelenlere gol galgadyp, olary mübäreklemegi çykyşyň iň dartgynly pursady boldy. 

Baýramdurdy Baýramdurdyýew “Gamçylar” çykyşyny kowboýlar usulynda ýerine ýetirdi, tansçylaram oňa kömek etdiler. Ol diňe bir tomaşaçylara däl, eýsem masgarabazlar Röwşen Meläýew bilen Pena Mämmetgulyýewe-de şeýle bir ýarady welin, olar ony gaýtalajak boldular. Olaryň tagaşyksyz hereketlerine bu ýere gelenler gülüp hezil etdiler. 

Arena Akdag atly at çykýär. Onuň giň sagrysynda jigitleriň üçüsi at çapyp barýarka bulawaly tilsimler görkezýärdiler, hat-da towsulýan ýüpdenem bökýärdiler.

Medeniýet inmstitutynyň talyby, sirk artisti Bossan Akmyradowa halkalarda dürli tilsimleri görkezýärdi: ol gollary we bedeni halkaly tans edýärdi, olardan dürli şekiller ýasaýardy, çylşyrymly oýunlary görkezýärdi. 

Elmira Goşaýewanyň tilsim öwredilen pudel güjükleri bezemen eşiklije dürli oýunlary bilen bu ýere gelenleriň göwnüni awladylar.

“Galkynyş” toparynyň akrobatlary hemişekisi ýaly haýran ediji çeýeligi bilen tomaşaçylary özüne bendi etdiler. Olar towsulýan ýüpde her hili oýunalry görkezdiler. Olar goşa we üç ýüpde hem böküşip, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasyny gazandylar. 

Belli çapyksuwar Serdar Baýramdurdyýew “Taýlar” çykyşynda haýwanlara tilsim öwrediji bolup çykyş etdi. Sekiz at – gara atlaryň dördüsi we şonça-da dor at arena Täze ýyl lybasynda: boýny gyzyl girlýandaly we kellesi gyzyl şyrdakly çykýarlar. Çykyşyň ortasynda Serdar hatara duran atlaryň aýagynyň arasyndan ylgap geçip tomaşaçylary haýran etdi. 

Ozalkysy ýaly, jigitler çapyp barýan atlara böküp münüp, her dürli tilsimleri görkezdiler, olara dogumly iki gyzam goşuldy. Bu owadan, dartgynly, özüne çekiji çykyşa tomaşaçylar mynasyp baha berdiler.

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerinden bölekleri ýerine ýetirip, çykyşlara özboluşly röwüş çaýdy.

Aýazbabadyr we Garpamyksyzam Täze ýyl tomaşasy bormy diýsene… Arena ýene ýaşajyk Medine Baýramdurdyýewa çykýar. Ol Aýazbabadyr Garpamygy çagyryp, şadyýan aýdym aýdýar. Oňa münberlerde oturan oglanjyklardyr gyzjagazlaram goşulýarlar. Heý-de Aýazbaba çagalar çagyrsa durup bilermi?! Ol aýrylmaz hemrasy Garpamyk bilen sirk arenasyna gelýär we tomaşaçylary ýetip gelen Täze ýyl bilen gutlaýar. Soňam: “Bir, iki, üç, arça çyralary ýansyn!” diýenden bezemen arça şadyýan yşyk saçyp ugrady welin, muňa tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar.

çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Balkanabatda we Ahal Welaýatynda Durmuş Goraglylygyna Mätäçler Üçin Ýaşaýyş Jaýlarynyň Gurluşugyna Başlandy

Final: “Lebap”-“Mary”

Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

syrach