8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Maýa Goýum-Türkmenistanyň Innowasiýa Ykdysadyýetini Ösdürmegiň Esasy Şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar.

Milli Liderimiz döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek bilen, Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryndan ugur alýar. Ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, peýdaly gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary goşmaça binýady bolan taýýar önümlerini öndürmek ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň wajyp ugurlarynyň birine öwrüldi.

Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen uzak möhletleýin esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.

Köpugurly milli ykdysadyýeti kemala getirmek, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen döwlet maýa goýum maksatnamasyny durmuşa geçirmek serişdeleriň halkara bazarlarynda ýurdumyzyň Hökümetiniň agentligi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň amala aşyrýan çäreleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýadarlaryny çekmek maksady bilen bank birnäçe daşary ýurt maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly tejribe toplady. Geçen, 2018-nji ýyl bu babatda has-da netijeli boldy.

Şeýlelikde, geçen ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Germaniýanyň iri “Commerzbank” bank konserni bilen ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi üçin Ýewropa (GFR, Fransiýa, Italiýa, Niderlandlar) önümçiligi bolan oba hojalyk tehnikalarynyň getirilmegini maliýeleşdirmek boýunça jemi bahasy 121 million 82 müň 500 ýewro bolan karz ylalaşygyna gol çekdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek işleri bilen birlikde, Türkmenistanyň çäginde taslamalary durmuşa geçirmäge halkara kompaniýalaryň gatnaşmagy üçin zerur şertler döredildi. Şeýlelikde, iýul aýynda halkara hyzmatdaşlyk üçin Ýapon banky we beýleki maliýe edaralary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 152 million 618 müň 478,35 dollary we 13 milliard 101 million 782 müň 598 ýapon ýeni bolan iki karz ylalaşygy baglaşyldy. Olar Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik bekediniň taslamasyny gurup, ulanmaga berilmegini maliýeleşdirmek üçin amala aşyryldy.

Bu iri maýa goýum taslamasynyň durmuşa geçirilmegine 2018-nji ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Ony amala aşyrmaga Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitachi Power Systems”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary çekildi. “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan bu desga diňe bir Lebap welaýatyny elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň goňşy Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny 33 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär. Pudagyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna goşulmagyny şertlendirer diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde bu ulgama aýratyn ähmiýet berýär.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany maliýeleşdirmek üçin Aziýanyň ösüş banky bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 500 million dollary bolan ylalaşyga gol çekilmegi ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän eksport ugurlarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna goşulmagy Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň ugradylýan möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde wajyp orun eýeleýär.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine mynasyp goşant goşýan Döwlet daşary ykdysady iş banky 2018-nji ýylyň döwründe BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdi. Onuň çäklerinde, 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda bu abraýly halkara gurama bilen Taslamalaýyn resminama gol çekildi. Bankyň BMGÖM bilen gatnaşyklary daşarky karz serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýän ösüş babatdaky milli taslamalary utgaşdyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek; bankyň täzeçil ösüşiniň orta möhlet üçin strategiýasyny işläp taýýarlamak; Döwlet daşary ykdysady iş bankynda sanly ulgamy ornaşdyrmaga taýýarlyk görmek ýaly üç esasy ugur boýunça alnyp baryldy.

Netijede, BMGÖM-niň goldaw bermeginde we “PricewaterhouseCoopers Audit S.R.L.” dünýä belli konsalting kompaniýasy bilen sanly bank ulgamyny öz içine alýan bankyň orta möhletleýin ösüş strategiýasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu strategiýa bankyň ähli ugurlar boýunça, aýratyn-da, täzeçil maglumat tehnologiýalaryny ulanmak babatda işiniň kämilleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynyň wezipelerine laýyk gelýär. Täze strategiýanyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylmagy hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we müşderilere edilýän hyzmatyň hilini we tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Şeýle hem 2018-nji ýylda BMGÖM we halkara bilermenler bilen hyzmatdaşlykda halkara we daşary ýurt maliýe edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän karz taslamalarynyň tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi bankyň ministrlikler, guramalar we ýurdumyzyň edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertipleşdirilmegine, şeýle hem milli ykdysadyýetimize maliýe serişdelerini çekmek boýunça daşary ýurt maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň we geriminiň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Ykdysady durnuklylyk we ýurduň amatly syýasy ýagdaýy, kanunçylyk kepillikler hem-de döwlet goldawy daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň artmagyny üpjün edýän esasy şertleriň biridir. Ýakyn döwür üçin maýa goýumy höweslendirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmagy we senagatlaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagy, tehnologik ýagdaýlaryň ösdürilmegi, durmuş ulgamyny nazarlaýan bazar ykdysadyýetiniň emele gelmegi we halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy arkaly dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulmagyna ýardam bermek ýaly möhüm ugurlar kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak bilen birlikde, olary özleşdirmegiň netijeliliginiň artmagynyň üpjün edilmegi, şol sanda önümçiligi guramagyň kämilleşdirilmegi, täzeçil taslamalara eýe bolan hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyny şertlendirýän bankyň döredilmegi wajypdyr.

Degişli makalalar

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Ýeňijileri Sylaglandy

Prezidentimiz Saud Arabystanynyň söwda we Senagat Ministrini Kabul Etdi

syrach

Türkmenistanyň Mejlisiniň Maslahaty

syrach