4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Resul Gylyjowyň Ýolbaşçylygyndaky Simfoniki Orkestr we Tanymal Aýdymçy-Sazandalar Türkmen Kompozitorlarynyň Eserlerini Ýerine Ýetirdiler

“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan konsert boldy. Medeniýet ministrliginiň gurnan tematiki çäresinde dogduk diýara we halkymyza söýgi owazlarda beýan edildi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda belli sazandalar we aýdymçylar çykyş etdiler. 

Konserti tanymal skripkaçy, Türkmenistanyň halk artisti Gasan Mämmedow açdy,ol ajaýyp türkmen kompoziory Nury Halmämmedowyň “Artygyň aýdymy” eserini ýerine ýetirdi. 

Daňatar Hydyrowyň Gurbannazar Ezizowyň sözlerine “Şadyýan gün” aýdymyny Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew ýerine ýetirdi. Zehinli aýdymçylar Leýli Ökdirowa Çary Nurymowyň Ata Atajanowyň sözlerine “Neneňsi sözler tapaýyn saňa?” aýdymyny, Selbi Annadurdyýewa kompozitor Rejep Rejebowyň Alty Akmämmedowyň goşgusyna “Armanym” aýdymyny aýtdylar. 

Konsert Nury Halmämmedowyň ajaýyp sazlary bilen tamamlandy. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr kompozitoryň belli eserlerini, şol sanda “Aýgytly ädim” baletinden bölekleri ýerine ýetirdi. Saksofonda Umyt Aýnazarow çykyş etdi.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru

Halkara Pul Gaznasy Türkmenistanyň Ösüş Ugruna Oňyn Baha Berdi

Russiýa-Abhaziýa hyzmatdaşlyk şertnamasy.

syrach