Şura Mejlisindäki kasam ediş dabarasyna gatnaşan Saud Arabystanynyň Şasy Abdulla, bu özgerlişige hoşallygyny bildirip, aýallara berilýän hukuklaryň giňeldilmegi bilen baglanşykly işleriň dowam etjekdigini nygtady.
Saud Arabystanynda 150 agzaly Şura Mejlisinde aýallara 20 göterimlik kontingent berildi.
Mejlisde aýallaryň we erkekleriň oturýan ýerleri we girip-çykýan gapylary aýry bolar.
Şura Mejlisine agza bolan aýallaryň arasynda şa maşgalasyna degişli iki zenan bar. Ozal şalyk wezipesini ýerine ýetiren Faýsal bilen Fahdyn gyzlary Sarahyň we Modiniň hem mejlise agzadygy habar berildi.