8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Watan Goragçylarynyň Gününiň Hormatyna Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 27-nji ýanwarda ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimizi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwlet garaşsyzlygyny, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz ygrarly bolup durýan ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň we Bitaraplyk syýasatynyň gazananlaryny goramak we has-da berkitmek boýunça uly işler geçirilýär. 

Şu günki açylan sergi ýurdumyzda parahat we asuda durmuşy goramak, edermen halkymyzyň döredijiliginiň we taryhynyň täsiri bilen Garaşsyz döwletimiziň goranyş kuwwatyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işleri şöhlelendirýär. 

Serginiň açylyş dabarasyna jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaş esgerler — söweşjeň taýýarlygyň eserdeňleri, harby talyplar gatnaşdylar, olar mukaddes watançylyk borjuny buýsanç bilen ýerine ýetirip, ata Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň howpsuzlygynyň goragynda hemişe hüşgär bolup durýarlar. 

Bellenilişi ýaly, Milli goşunymyz ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň bähbidine hyzmat edip, halkymyzyň abadan durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň mizemez daýanjy bolup çykyş edýär. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda öz beýanyny tapdy. 

Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, olaryň işiniň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ýokary hünär bilimli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin degişli şertleriň döredilmegi, şol sanda Watanymyzyň goragçylary hem-de olaryň maşgalalary üçin harby şäherçelerde täze jaýlaryň hem-de täze nusgadaky serhet galalarynyň gurulmagy döwletimiziň olara berýän ünsüniň netijesi bolup durýar. 

Sergide görkezilen suratlar Milli goşunymyzyň durmuşyndaky möhüm wakalary, hususan-da, her ýyl geçirilýän, ussatlygyň ýokary derejesini üýtgewsiz görkezýän türkmen esgerleriniň harby ýörişlerini şöhlelendirýär. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň däplerini mynasyp dowam edip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, ene topragymyzyň asudalygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň goragynda hüşgär durýarlar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. 

Türkmen esgerleri döwletimiziň özleri barada edýän yzygiderli aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, täze harby tehnikalara we ýaraglara ussatlarça erk etmegi, nazaryýet we söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Her ýyl geçirilýän harby-taktiki meýdan tälimleri munuň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Sergide Döwlet muzeýiniň gaýduwsyz esgerlerimiziň durmuşy we edermenlikleri barada gürrüň berýän gymmatlyklary — gadymy ýaraglar, harby lybaslar, durmuşda ulanylýan enjamlar hem-de şol döwrüň ruhuna aralaşmaga mümkinçilik berýän beýleki zatlar görkezildi.

Harby gullukçylar ýurdumyzyň howpsuzlygynyň goragynda sak durup, mukaddes watançylyk borçlaryny buýsanç bilen ýerine ýetirmek bilen, gahryman ata-babalarymyzyň belent ýörelgelerine, ata Watanymyzyň şöhratly ogullarynyň çäksiz edermenliginiň we gaýduwsyzlygynyň mysalyna üýtgewsiz eýerýärler.

Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Paýhasly mugallym we edermen esger, watançy adam 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda gaýduwsyz söweşdi. Onuň durmuş we zähmet ýoly türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin hakyky watançylygyň, maksada okgunlylygyň, jogapkärçiligiň, borjuňa wepalylygyň belent nusgasy bolup durýar.

tdh

Degişli makalalar

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

syrach

Türkmenistanyň Baýdak Baýramynyň Dabaralary Fotosuratlary

turkmenhabargullugy