4.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DÜNÝÄ

NATO Owganystan bilen baglanşykly meýilnamasyny täzeden gözden geçirer.

NATO Owganystan bilen baglanşykly iş meýilnamasyny täzeden gözden geçirmäge taýarlanýar. NATO degişli güýçleriň Owganystandan yza çekilmeginden soň howpsuzlygyň nähili ýagdaýda ýola goýuljakdygy bilen baglanşykly aladalar ýokarlaýar.
NATO ýurtda howpsuzlygy ýola goýjak owgan güýçleriniň sanynyň ýokarlandyrylmagyny maksat edinýär. NATO-nyň 2018-nji ýyla çenli Owganystandaky howpsuzlyk güýçleriniň sanyny 352 müňe çykaryp biljekdigi nygtalýar. Şeýle karar kabul edilen halatynda NATO ýylda goşmaça 2 milliard dollar gerek. NATO geçen ýyl owgan güýçleriniň sanyny 230 müň hökmünde beýan edipdi we 4 milliard 100 million dollaryň sarp ediljekdigini mälim edipdi. Eger şol san 352 müňe çykarlan halatynda çykdajysy hem 6,5 milliard dollara çykar. Bu ýagdaýyň hem ykdysady kynçylygy başdan geçirýän NATO agza ýurtlaryň işini kynlaşdyrmagyna garaşylýar. Emma NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen 352 müň owgan esgerini ykdysady taýdan üpjün etmegiň ýurda daşardan esger ugratmakdan has az çykdajyly boljakdygyny aýtdy.

Degişli makalalar

Kolima Wulkany Hereket Etmäge Başlady

syrach

PetroChina Turba Geçirijilerini Satyp Başlamagy Mümkin

turkmenhabargullugy

Eýranyň Birtaraplaýyn Beýannamalary Delilsiz we Esassyz

turkmenhabargullugy