15.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Global habar boýunça milli geňeşme.

Türkmenistanyň DIM milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin „Türkmenistan-BMG: 2015-nji ýyldan soň ösüşiň global habary boýunça milli geňeşmeleriň Meýilnamasyna badalga bermek“ maslahaty geçirildi. Bu maslahata žurnalistlerden başga hem DIM işgärleri hem-de BMG-niň birnäçe edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Bu wakany BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Jasinta Barrins şeýle teswirleýär: – Mälim bolşy ýaly, dünýäniň 189 döwletiniň wekilleri 2000-nji ýylda Müňýyllygyň ösüş maksatnamasyny (MÖM) işläp taýýarlamak üçin ýygnandylar. Türkmenistan Müňýyllygyň ösüş maksatnamasynyň gazananlary barada milli çykyş taýýarlamagy maksat edinýär. Biz bu babatda kömek bermäge taýýardyrys. Müňýyllyk ösüş maksatnamasy 2015-nji ýylda gazanylar diýlip çak edilýär. Şonuň üçin hem, 2015-nji ýyldan soň näme bolar diýen sowal ýüze çykýar, adamzadyň ösüşini ölçemek üçin haýsy gural ulanylar. 

2010-njy ýylda Müňýyllygyň ösüş maksatnamasyna giňişleýin syn berildi. Bu babatda BMG-niň agza ýurtlary BMG-niň Baş sekretarynyň öňünde 2015-nji ýyldan soň döwür üçin global habaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga girişmek we bu ara alyp mashatlaşmalaryň jemi boýunça teklipleri MÖM-iň ýerine ýetiriliş işini çaltlandyrmak boýunça amala aşyrylýan tagallalar barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylky çykyşyna goşmak barada wezipe goýuldy. 

Durnukly ösüş boýunça „Rio+20“ bütindünýä maslahatynda bir wagtda durnukly ösüşiň maksatlar toplumyny işläp taýýarlamak boýunça giňişleýin hökümetara işi başlandy. Häzirki wagtda ýokarda ady agzalyp geçilen iki sany iş ýakyn aragatnaşykda geçirilmelidigi barada ylalaşyk bardyr. 

Bu babatda BMG-niň Baş sekretary 2015-nji ýyldan soň global habary işläp taýýarlamak boýunça ýörite topary döretdi. Bu topara Birleşen Milletler Guramasynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Departamentiniň we Ösüş maksatnamasynyň ýolbaşçylyk etneginde BMG-niň we halkara guramalarynyň 60-dan gowrak edaralary girýär. 

2012-nji ýylyň iýul aýynda Baş sekretar görnükli wekillerden ybarat bolan ýokary derejedäki topary döretdi. Bu toparyň wezipesi 2015-nji ýyldan soň döwür üçin global habary kesgitlemek boýunça işi gönükdirmek we teklipleri işläp taýýarlamak bolup durýar. Indoneziýanyň, Liberiýanyň prezidentleri we Beýik Britanýanyň premýer-ministri toparyň başlyklyk wezipesine bellenildiler. Hususy bölegiň, akademiki toparlaryň, raýat jemgyýetçiliginiň we hökümetiň ýerli guramalarynyň wekilleri bu taporyň düzümine girizildi. 

2015-nji ýyldan soň günüň global habaryny işläp taýýarlamak işi dünýäniň ýurtlarynyň 66-ynda milli geňeşmeler bilen üsti ýetirilýär, olaryň biri bolsa – Türkmenistandyr. Bu Türkmen döwletiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň siziň ýurduňyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan umumy ýolbaşçylyk edilýän bilelikdäki başlangyjydyr. 

Türkmenistanda milli geňeşme meýilnamasy Türkmenistan-BMG-ň bilelikdäki iş topary tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Milli geňeşme işiniň maksady 2015-nji ýyldan soň olar dünýäni nähili göresleri gelýär diýen meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň jemgyýetiniň ähli gatlaklaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Olaryň sesi beýleki köp sanly sesler bilen şu ýylyň iýun aýynda umumylaşdyrylar hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynda BMG-niň Baş sekretarynyň çykyşynda beriler. 

Milli geňeşmeler alty sany ýörite toparyň çäklerinde geçiriler. Bu jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, şol sanda gowşak toparlarynyň hem, ýagny meselem, mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar ýaly, bähbitlerini araýan jemgyýetçilik guramalary; fermerler; şäher we oba telekeçileri; döwlet gullukçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary we hökümetiň ýerli guramalarynyň wekilleri; ýaşlar we ýaşy 15-e çanli bolan mekdep okuwçylary, ýaşy 7-ä çenli bolan çagalaryň ene-atalarydyr 

Garaşylşy ýaly, Türkmenistanda milli geňeşmeler 2013-nji ýylyň maý aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Soňra ýörite toparlaryň işleriniň netijeleri boýunça çykyşlar taýýarlanylar hem-de ol BMG-niň Baş sekretaryna ugradylar.Türkmenistanda çekişme usulynda geçirilen işleriň ählisiniň jemleri milli geňeşmeleri geçirmek boýunça öz üstlerine borçanmalary alan beýleki 65 döwletiň netijeleri bilen goşulyp,bir umumy çykyşda jemlener.

Degişli makalalar

Eziz watandaşlar! Edermen Babadaýhanlar!

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi Geljekki Diplomatlary Taýýarlamakda Ýardam Berýär