Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäherinde toplumynda bir ýarym müň tomaşaçy orunlyk stadyionly 365 orunlyk sport mekdebi gurulýar.
Ol Türkmendöwlettaslama Döwlet ylmy-önümçilik birleşiginiň Marytaslama Döwlet taslama institutynyň hünärmenleriniň taslamasy boýunça Ojar AZIÝA Hususy potrat gurluşyk kärhanasynyň inženerleri we gurlyşykçylary tarapyndan gurulýar.
Ýolötendäki täze mekdep iň häzirki zaman ölçeglerine doly laýyk gelýär. Bu ýerde sportyň sagaldyş we çeper gimnastika, agyr atletika, woleýbol, basketbol, tennis, boks, gündogar başa-baş söweşi, dzýudo we görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler döredilendir.
Münberiň aşagynda ýerleşýän giňişliginde ýörite niýetlenen jaýlar üstüňden suw akydylýan, geýim-gejim çalşyrylýan ýer, türgenler üçin dynç alynýan ýer ýerleşer. Stadionyň meýdançasy köp gatly çäge, daş, emeli usuldan örtülen bolar. Stadionyň güýli yşyklar bilen yşyklandyrylmagy bu ýerde agşam wagtlary hem sport bilen meşgullanmaga hem-de iri sport we baýramçylyk dabaralaryny geçirmäge mümkinçilik döreder.
Bu sport toplumyny şu ýylyň aýagynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.