8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Guga çigildemi.

Biziň ýurdumyzyň çäklerinde çigildemleriň 16 görnüşi: gyzyl gülli – Wilson, beýik, guşgy, Mihel, Guga, Boçanes we sary – Leman ýaly görnüşleri ösýär. Aşgabatly landşaft bezegçileri medeni görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde uly tejribe topladylar. Ýöne medeni görnüşleri seçip almak üçin uly ähmiýeti bolan tebigy şertlerde ösüp ýetişýän çigildemler uly söýgüden peýdalanýar. Olaryň birnäçesi örän seýrak duş gelýärler hem-de olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. 

Guga çigildemi örän owadan bolup, ol Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagyň boýy 45 sm. ýetýän endemiki ösümliigidir. Bu çigildem ilatly obalaryň golaýynda örän seýrek duş gelýär, ýöne barmasy kyn bolan ýerlerde onuň sany häzirlikçe durnuklylygyny saklaýar. Çigildemler tohumyndan we sogana meňzeş düýplerinden köpelýärler. Birinji ýagdaýda ol 4-6 ýaşynda gülleýär, egerde düýbünden köpelse – 2-3 ýyldan soň gülleýär. 

Gyzyl kitaba girizilen, şol sanda Guga çigildemlerine gözegçilik geçirilýär, olaryň tebigy taýdan köpelişi, biologiki we ekologiki görnüşi öwrenilýär, olaryň ösýän ýerleriniň täze çäkleri gözlenilýär. Gyzyl kitaba girizilen Guga çigildeminiň esasy ýaýran ýeri Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda jemlenendir. Çigildemiň bu görnüşi örän ýokary ýerlerde gögermeýär, ol dagyň orta zolaklarynda ösmegi hem-de gyrymsy ösümlikleri we selçeň arça tokaýlygyny gowy görýär. 

Türkmen tebigatynda ýazky ösümlikleriň wegetasiýa döwri üçin oňaýly wagty gysga wagtlaýyn bolýar. Şonuň üçin hem dag we aýratyn hem çöl görnüşleri üçin gülleýiş örän gysga wagtlaýyn bolýar. Guga çigildemi bary-ýogy 10-12 gününň dowamynda gülleýär.

Degişli makalalar

“DERT BILEN” MAGTYMGULY PYRAGY

syrach

Türkmenistanda Ylymlar Güni Bellenildi

Annabibi Yslamowanyň Döredijiliginde Gadymy Halyçylyk Sungatynyň Täze Ugurlary